Täze ýyl baýramçylygyna näme sowgat etmeli? “Bäş duýgy” sowgat pikiri

0
17835

Täze ýyl baýramçylygy ýetip gelýär, we ýakyn adamymyza (ýa-da sadaja dostumyza) üýtgeşik we döredijilikli sowgady aýlygymyzyň ep-esli bölegini sarp etmän bermek meselesi her birimiziň öňümizde durýar. Käbirlerimize fantaziýa baýlygymyz we döredijilikli pikirlerimiz kömek edýär, ýene käbirleri bolsa, sowgat hökmünde näme isleýändiklerini göni soraýarlar. Täze ýyl ýarmarkalarynda dürli ýadygärlik sowgatlaryň baryny satyn alyp, täze ýyl sowgat meselesine aýratyn ähmiýet bermeýänlerem bar. Üýtgeşik, manyly sowgat bermegi isleýänler, ýöne fantaziýasy ýokary derejede bolmadyk adamlar näme etmeli diýen sorag ýüze çykýar.

Soňky ýyllarda Ýewropada we ABŞ-da “Bäş duýgy” diýip atlandyrylýan sowgatlara bolan isleg gün saýyn artýar. Şeýle görnüşli sowgatlara adatça bäş uly bolmadyk (ýa-da tersine uly) ýadygärlik sowgady girýär, olaryň her biri adamyň esasy bäş duýgularynyň birine – görüş, eşidiş, ys alyş, syzyş we tagam biliş degişli bolýar. Bu sowgatlaryň düzümindäki zatlar dükanlardan satyn alynyp ýa-da elde ýasalyp hem bilner. Köplenç olary aýratyn haltajyklara ýerleşdirip, ulurak gutujyga hemmesini ýerleşdirýärler.

Bäş duýgy boýunça sowgatlary nädip saýlamaly? Syzyş duýgusyndan başlaly. Bu ýerde ellemäge ýakymly bolan zatlary – ýumşak ýapynjalar, ýüpek şarfjagazlary ýa-da rahatlaýjy täsirli guradylan otlar bilen doldurylan ýassygy, kiçiräk ýumşak oýnawaç, tapmaça oýnawaçlary ýa-da dynç alyş üçin niýetlenen oýnawaçlary, kiçiräk owkalaýjy mehaniki ýada batareýada işleýän enjamy goýmak ýerlikli bolar. Hakyky owkalama seansyna sertifikat hem gowy pikirleriň biri.

Görüş. Bu ýerde suratly we wideoly pikir öňe saýlanyp çykýar. Üýtgeşik harçlanmasyz hökmünde owadan ýa-da üýtgeşik ramka ýerleşdirilen bilelikde düşülen surat (surat we wideo elde ýasalyp hem bilner), gülki ýa-da romantiki häsiýetli kollaž surat, öz taýýarlan wideoklip edilip bilner. Harçlanmasy ýokary bolmadyk ýene bir pikir – dürbi ýa-da teleskop (astronomiýa bilen gyzyklanýan adamlar üçin örän ýerlikli), äýnekler üçin owadan çarçuwa. Şeýle-de gowy konserte ýa-da sport bäşleşiklerine tomaşa etmek üçin petekleri sowgat etmek hem mümkin. Filmleri ýa-da bölümli kinolary görmegi halanýanlar üçin bolsa ýörite hyzmat ediş bölümlere aýlyk ýa-da ýyllyk ýazylyşyklary sowgat etmek ýerlikli bolar.

Eşidiş duýgusyna lezzet berýän sowgatlar. Bu ýerde ýene-de konserte tomaşa etmäge petekler, gulaklyklar, gyzykly şoh jaňly sagatlar sowgat edilse bolar. Sazandalara saz gurallary üçin daşlyklary, daşlyklar ýa-da gitara üçin kemerjikleri, notalar toplumyny sowgat hökmünde berip bolar. Eger siziň wokal bilimiňiz ýokary derejede bolsa, begendirmek isleýän adamyňyza bagyşlap studiýada özüňiziň aýdan aýdymyňyzy ýazdyryp bilersiňiz. Sazyň aşyklaryny begendirjek ýene bir sowgat – saz hyzmatlaryna ýazylşyklar. 

Tagam. Islendik iýip bolýan, dükandan alnan ýa-da özüňiziň taýýarlan süýji zatlaryňyz. Gowy çakyr, köpden bäri dadyp görmegi isleýän adama deňziň aňyrsyndaky tagamly nygmat (bu ýerde, elbetde, aşhana ekzotikasynyň sowgady kabul edýän adamda allergiki täsirini berip bilmek howpy hem bolup biler), owadan gutujyklara ýerleşdirilen dürli jazlar, restoranda naharlanmak. 

Ys alyş duýgusyna pikirler agdyklyk edip baranok: ýakymly ysly atyrlara isleg hemişe ýokary. Hammam üçin niýetlenen köpürjikleýän “bombajyklar”, ýakymly ysly şemler hem gowy we ýönekeý bolmadyk pikir hasaplanýar. Ýöne ys halanmazlyk tarapy-da bar, munuň üçin sowgat bermek isleýän adamyňyzyň ys isleglerini gowy bilmeklik gerek. Käbir çeper elli adamlar sabyny ýa-da owadan ýakymly ysly şemleri özleri ýasap bilýärler, olary ýasamak kyn däldiginden hem habar berýäris. 

Halka arasynda “esasy zat sowgat däl, alada” diýen atalar sözi bar. Dogrudanam, ýakyn adamyň aladasy hemişe ýakymly hasaplanylýar, ýöne akylly edilen sowgat aladanyň edilmegidir, söýgidir we sylagdyr.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar