Döwrüň saglyk sahawaty

0
3907

Milli Liderimiziň saglygy goraýyş strategiýasy barada oýlanmalar

Bütin ömrüne dertlä em, hassa melhem eýläp, alany alkyş, gazanany abraý bolan eli ýeňil lukmanlaryň birine şeýle sowal berdiler:

— Lukman bolmadyk bolsaňyz, başga haýsy hünäri saýlardyňyz? Başga haýsy ugurda şeýle derejä ýetip bilerdiňiz?

Lukman jogaby nagt etdi:

— Jan ogul, adamy jan-dilden söýeniňden soň, özüňi onuň gullugyna gaýym bagyşlanyňdan soň, hünäriň näme parhy bardyr?!.

Bu gysgaça söhbede şaýat bolanym bäri, kän ýyllar geçdi. Ýöne şol sözler weli, ýatdan çykyp gidibermändir...

Şindi şol sözler aňymda şahyr Gurbannazar Ezizowyň:

Adamlary söýmek ýeňil iş däldir,

Adamlary söýmek uly hünärdir — diýen setirleri bilen utgaşyp, bilelikde ýaňlanýar.

Hawa, kär-kesbiň parhy ýok, kämillik adamy söýmekden başlanýar.

Adama söýgi diýlende bolsa, öňi bilen, lukmançylyk kesbiniň hakyda gelýäni çyn...

10-njy oktýabrda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi. Özi-de dost-doganlyk ýurtlardan myhmanlaryň gatnaşmagynda deňli-derejeli, tutumly bellenildi. Bu baýram, göräýmäge, bir ulgamyň işgärleriniň hünär baýramy ýalydyr. Emma ol diňe göräýmäge şeýle.

Saglyk — islendik ýurduň ilatynyň durmuş abadançylygynyň görkezijisi.

Döwletiň ähli kuwwaty, rowaçlyk binýady — il-halkynyň saglygynda.

Saglyk — raýatyňky. Goragy — jemgyýetiňki.

Ine, şu jähetden alanyňda, bu senäniň tutuş halk, döwlet ähmiýetli baýramdygy, has anygy, adamy söýmegiň, adamy mertebelemegiň baýramydygy aýan-aýdyň boluberer.

Baýramçylyk gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda birbada iki iri merkezi — Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini we Estetiki merkezi dabaraly açyp bermek bilen, bu senä aýratyn dereje, giň gerim berdi.

Toý donuny geýen ýurdumyzy döwrüň belent joşgunyna beslän bu wakalar barha ýakynlaşyp gelýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň tutumly-toplumly toý dabaralarynyň başyny başlady.

***

Ine, ak şäherimize aklyk goşan, Aşgabada täze halynyň göli deýin ýaraşan tutumly merkezleri synlaýarys.

Muhammet Gaýmaz Türkmeniň: “Saglyk sag adamyň başyndaky altyn täçdir. Emma ony diňe näsaglar görýär” diýen sözlerini, meger, eşidensiňiz. Bu gün halkymyzyň başyndaky sap altyndan saglyk täjini hemme görýär. Dünýä görýär. Sebäbi ol täç, ine, şeýle kaşaňdan-kaşaň saglyk köşkleri bolup öwşün atýar...

Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi, Estetiki merkez barada eýýäm metbugatda, teleradioýaýlymlarda kän zatlar aýdyldy, maglumatlar halk köpçüligine jikme-jik ýetirildi.

Esasy aýtmaly zat, bu merkezleriň her biri milli saglygy goraýyşda täze tejribe, täze tapgyr! Biz şeýle diýenimizde, haýsydyr bir ugur boýunça ýörite merkez derejesinde iş tutulmagynyň has netijeli, has giň gerimli bolýandygyny nazara alýarys.

Bäş gatly, 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi — bu ugurda dünýäniň ösen tejribeleri öwrenilip-özleşdirilip gurlan merkez. Ol “Tiz kömek” gullugy bolan kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş, barlaghana, “Berzeňňi” bejeriş suwy bilen bejerýän balneologiýa, dikeldiş-reabilitasiýa, endoskopiýa, zyýansyzlandyryş (sterilizasiýa), barokamera hem-de ýatymlaýyn bölümleri bilen döwrebap sagaldyş merkeziniň aýratynlyklaryna eýedir.

Germaniýadan gelen tanymal alym we lukman Ulrih Şaller ýanyk şikesli näsaglar üçin ýöriteleşdirilen merkeziň döredilmeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, Gündogar lukmançylygynyň bu ulgamynda orta asyrlardan bäri lukman we filosof Ibn Sinanyň meşhurdygyny ýatlatdy. Diýmek, bu merkez ýurdumyz üçin hem-ä täze desga, hemem bu toprakdaky gadymy däpleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň mysalydyr.

Estetiki merkez bolsa saglygyň hem gözelligiň utgaşykly usullaryny özünde jemleýär. Täze desga ýurdumyzda bu pudagyň innowasion, öňdebaryjy tejribeleriniň ornaşdyrylmagydyr, ilata kosmetologik we bejeriş-öňüni alyş kömegini bermekde ýokary derejeli, toplumlaýyn hyzmatlaryň ýola goýulmagydyr. Merkeziň möhüm aýratynlygy bolsa dürli ugurlaryň hünärmenleriniň bilelikdäki işi, hünärara baglanyşygydyr. Lukmançylyk kosmetologiýasy, estetiki kosmetologiýa, bedeni düzediş, sagaldyş, podologiýa we ortoniksiýa, gözellik bölümlerini özünde birleşdirýändigi onuň döwrebap kosmetologiýanyň ähli ugurlaryny içine alandygyny görkezýär.

Estetiki merkez ýurdumyzda hem-ä täze ugurly desga, şonuň bilen bir hatarda hem döwrebap innowasion tehnologiýaly lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlary bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk merkezdir. Onuň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlandygy bolsa türkmen hususyýetçileriniň işiniň barha giň gerim alýandygynyň güwäsidir.

“Zeri zergär tanar” diýleni. Täze açylan desgalaryň ýokary hil aýratynlyklaryny tassyklap, dünýäniň abraýly ugurdaş halkara merkezleriniň birnäçesi degişli güwänamalarydyr sylaglary gowşurdylar.

***

Asyl kesbi-hünäri boýunça lukman bolan milli Liderimiziň uzak geljegi nazarlap durmuşa geçirýän saglygy goraýyş strategiýasy örän köpugurlydyr, giň gerimlidir. Ol häzirki zaman saglygy goraýşynyň ähli jähetlerini özünde birleşdirýär.

Uly derýalaryň tagamynyň damjalardan, gyzyl-çog baharyň keşbiniň güllerden belli bolşy ýaly, uly hakykat pursatlarda açylýar. Uzaga gitmezden, geliň, soňky günleriň käbir mysallaryna ýüzleneliň.

Hormatly Prezidentimiz:

— Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy arkaly çykyş edip, häzirki zamanyň ählumumy wehimine öwrülen howply ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almakda Türkmenistanyň täze başlangyçlaryny beýan etdi;

— Halk Maslahatynyň mejlisinde saglygy goraýyş işgärlerine durmuş ýeňilliklerini bermek hakynda Karara gol çekdi. Kararda dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda goşmaça hak tölemek bellenilýär. Degişli saglygy goraýyş işgärlerine döwlet maksatnamalarynyň çäginde gurulýan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýerleriniň kanunçylyga laýyklykda ilkinji nobatda berilmegi hem üpjün ediler;

— «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň täze redaksiýasyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi;

— ýurdumyzyň çägini arassaçylyk taýdan goramak we howply ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ilatyň saglygyna köpçülikleýin zyýan ýetirip biljek islendik hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda, gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşlerini geçirmegiň Tertibini tassyklady;

— 2021-nji ýylda öndüriljek bugdaý ununyň düzümini peýdaly serişdeler bilen baýlaşdyrmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen “Premiks” azyk goşundysyny satyn almak barada goşmaça ylalaşygy baglaşmak hakynda Çözgüde gol çekdi;

— 2021 — 2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasy bilen bagly Karara gol çekdi;

— Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi...

Bu çözgütlerdir başlangyçlar biri-biriniň üstüni ýetirýär, häzirki has jogapkärli döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, halkyň abadan durmuşyna möhüm tagallalaryň gönükdirilýändigini görkezýär.

***

Biziň döwrümiziň esasy aýratynlyklary hakda pikir öwreniňde, öňi bilen, “toplumlaýynlyk we yzygiderlilik” diýen sözler zybana gelýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan örän oýlanyşykly, köpugurly durmuş syýasaty döwrebap şertleriň gerimini merkezden ýurduň tutuş çäklerine çenli giňeltdi. Meselem, haýsydyr bir iri desga paýtagtda guruldymy, ara uzak wagt düşmezden, sebitlerde hem şeýle desgalaryň gurluşygyna girişilýär.

Ine, sanlyja gün ozal paýtagtymyzda bolan iri saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabaralaryny ýakyn günlerde ýurdumyzyň dürli sebitlerinde iri merkezleriň açylyşy dowam eder.

Anyk aýtsak, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde — tebigatyň täsinden tereň künjeginde döwrebap şypahananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Onuň il-halka gapylaryny giňden açjak güni uzakda däl.

Gökdepe etrabynda gurluşygy paýawlan Ýokanç keseller hassahanasyny-da şu güýzde ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk Köpugurly saglyk merkeziniň we Ýokanç keseller hassahanasynyň gurluşygy gyzgalaňly alnyp barylýar.

Daşoguz welaýatynda 450 orunlyk Köpugurly saglyk merkeziniň we Onkologiýa hassahanasynyň gurluşygy dowam edýär...

Geliň, şu ýerde biraz yza çekilip, käbir seneleri ýatlalyň.

2018-nji ýylda Lebap welaýatynda diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Merkezi Aziýada iri köpugurly lukmançylyk merkezi açyldy. Giden bir şäherçäni ýatladyp duran, öňdebaryjy ýöriteleşdirilen lukmançylyk enjamlaryndan “ýüküni tutan” bu toplum köpugurly merkezi we ýokanç keseller hassahanasyny, şeýle hem lukmanlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar. Bu merkezde, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, goňşy Owganystanyň halkynyň saglygynyň bejerilmegi üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Şeýle hem şol ýyl Mary şäherinde täze dört gatly çagalar hassahanasy işläp başlady, bu ýerde tutuş Mary welaýatyndan körpelere hyzmat edilýär. Esasy wezipesi innowasion usullar arkaly keselleriň öňüni almakdan we bejermekden ybarat bolan bu hassahana halkara ölçeglere doly laýyk gelýär.

Häzirki zamanyň ählumumy çylşyrymly ykdysady şertlerinde hem öz halkynyň abadan durmuşy ugrunda şeýle iri gurluşyklary bökdençsiz amala aşyryp bilýän döwlet kuwwatlydyr. Ýurdumyzda şeýle iri taslamalar her bir ugurda amala aşyrylýar.

Biziň döwrümiziň saglygy goraýyş desgasy diýmek kaşaň bina, innowasion tehnologiýalar, iň täze tejribeler diýmekdir. Ýöne bu aýdylanlar heniz diňe daşky şertlerdir. Saglygy goraýyş desgasynyň netijeliligini lukmanlaryň ýokary taýýarlygy, döredilen mümkinçilikleriň ýerlikli ulanylmagy kesgitleýär. Döwrümiziň täze saglyk desgalarynyň ählisinde hünäri kämilleşdirmegiň, ylmy gözýetimleri giňeltmegiň mümkinçilikleriniň, oňyn şertleriniň göz öňünde tutulmagy şu möhüm talapdan ugur alýar.

Ine, şunuň ýaly köpugurly işleriň sazlaşykly guralyşy hem lukman Arkadagymyzyň ynsanperwerlige, halk hakyndaky çynlakaý aladalara ýugrulan syýasatynyň aýratynlyklaryny “toplumlaýynlyk we yzygiderlilik” diýen sözler bilen aňlatmaga esas berýär.

***

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň täsirinde söhbet edýärkäk, hormatly Prezidentimiziň şol günlerde il-halkymyza gowşan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 12-nji jildi barada kelam-agyz aýtmak parzdyr.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, saglyk diýmek diňe synalaryň abatlygy däl, eýsem, ruhuň we bedeniň sagdynlyk sazlaşygyny, umuman, dogry ýaşamagyň ähli kadalaryny öz içine alýar.

Doly bahaly saglyk bolsa tebigat bilen, tebigata ýakynlyk bilen mümkindir.

Tebigata söýgi — Watana söýgi. Diňe Watanyny tüýs ýürekden söýen ynsan onuň ot-çöpleriniň hem diline düşünip biler.

Alym hem lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly 12 jiltlik kitabyny, aslynda, on iki synanyň abatlygynyň özboluşly elipbiýine, sagdynlygyň tebigy mekdebine meňzedesiň gelýär.

Kitabyň täze jildinde ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerini etnobotaniki we etnolukmançylyk ylmy jähetinden öwrenmegi derwaýys hasaplap, ony şu günüň möhüm wezipesi hökmünde öňe çykarylýar.

Hormatly Prezidentimiz barly-bereketli topragymyzda ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümligiň halk lukmançylygynda ulanylýandygyny, olaryň 500-den köpräk görnüşiniň Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýandygyny bellemek bilen, şeýle diýýär: “Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, men olary

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä milli mirasynyň Sanawyna girmäge hut mynasyp diýip hasap edýärin”.

Munuň özi döwletli başlangyçdyr.

***

Biz “Ýer togalagynda näçe ynsan bar bolsa, şonça-da bagt hakynda pikir, kesgitleme bar” diýýäris. Ýöne bagt hakyndaky şol millionlarça, milliardlarça kesgitlemedir oý-pikirler bir jümlede bir-birine gol berýär, umumylaşýar: “Bagt saglykdadyr!”. Hawa, saglyk bagta barýan sanýetmez ýollaryň badalgasydyr we ahyrky jemidir. Türkmençilikde hal-ahwal soraşylanda: “Saglykmy?” diýilmeginiň, hoşlaşylanda: “Saglykda görşeliň!” diýilmeginiň, her nähili ýagdaýda-da: “Baryny görmäge başym dik bolsun!”, “Sag başym — soltan başym” diýilmeginiň hikmeti özündedir.

Görnüşi ýaly, zamananyň “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” diýen buýsançly adynyň düýp mazmuny, öňi bilen, saglygy goraýyşda amala aşyrylýan tutumly işlerde açylýar.

Esasy Kanunymyzdaky: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýen binýatlaýyn kada bu döwletli işlerde açylýar.

Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen pähim-parasatly ýörelgesi şu işlerde aýdyň açylýar.

Kakamyrat REJEBOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar