Soňky habarlar

Arhiw

“Galam.tm” onlaýn dükany - önümleriň giň toplumyny hödürleýär

0
29167

Galam.tm -  Türkmenistanda hereket edýän birnäçe onlaýn söwda platformalarynyň arasynda ofis harytlarynyň, kitaplaryň, mekdep we sungat üçin harytlaryň, ýadygärlik sowgatlarynyň we sowgatlaryň iň uly onlaýn dükanlaryndan biridir. 

Dükan ýurdumyzyň haryt öndürijileri bilen bir hatarda Ýewropanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň öndürijileriniň dürli önümlerini hödürleýär. 

Ofis harytlary  bölümi kagyz önümleriniň giň görnüşlerini, ofis esbaplaryny we enjamlary öz içine alýar. Mekdep okuwçylary üçin kanselýariýa harytlary şekilleriň, reňkleriň we görnüşleriň dürliligi bilen özüne çekýär. Bu ýerde dürli galamdan ýantorbalara çenli, dürli reňkli heklerden mekdep okuwçylary üçin partlara çenli çagalaryň göwnüni awlajak ähli zatlary tapmak bolýar. 

Täze okuw ýylyna bagyşlanyp saýtda okuw esbaplarynyň giň görnüşini hödürleýän onlaýn mekdep bazary hereket edýär, bu ýerde elýeterli bahaly harytlary öý eltip bermek hyzmaty hem bar. Häzirki wagtda mekdep sumkalarynda 10% arzanladyş bar.

Kitap bölüminde çeper edebiýatlaryň, ensiklopedik, metodiki, ylmy-populýar edebiýatlaryň täze görnüşleri bar. Bu ýerde dilleri öwrenmek üçin okuw kitaplaryny we sözlükleri, dürli senetleri, başarnyklary we ukyplary ösdürmek boýunça gollanmalary, aşpezlik reseptlerini, nusgawy edebiýatyň eserlerini tapyp bilersiňiz. Kitap, ylaýta-da gowy kitap elmydama gowy sowgatdyr.

Galam.tm-da öý üçin harytlary (öý himiki serişdeleri, bezeg, arassalaýyş we ş.m.), enjamlaryny, kompýuterleri we esbaplary saýlap bilersiňiz. Bu ýerdäki dokma şaý-sepleri moda eýerýänleri, oýnawaçlar bolsa çagalary özüne maýyl edýär.

Sargydy birnäçe usul bilen tölemek mümkinçiligi bar:

  • Nagt hasaplaşyk;
  • Haryt eltilen wagty bank karty bilen;
  • Bank karty bilen;
  • Nagt däl hasaplaşyk arkaly töleg.

"Galam" onlaýn dükanynda ähli maglumatlar iki dilde ýerleşdirilen bu  bolsa haryt saýlamakda we satyn almakda amatlylyk döredýär. 

Lomaý alyjylar üçin köp mukdarda haryt sargyt etmek mümkinçiligi bar.

“Google Play” -de “Galam” ykjam programmasynyň ornaşdyrylmagy bilen söwda has-da aňsat boldy.

Harytlary eltip bermek Aşgabatda-da, Balkanabatda, Türkmenbaşy, Türkmenabatda, Daşoguzda we Maryda-da amala aşyrylýar. Sargydy nagt ýa-da bank geçirmesi bilen tölemek mümkinçiligi bar.

Gyzyklanýan ähli maglumatlary dükanyň internet sahypasynda, şeýle hem şu telefonlar boýunça jaň edip bilersiňiz: (+993 12) 46 81 56; (+993 12) 46 96 02; (+993 65) 80 55 53.

Faks: (+993 12) 46 96 01.

E-poçta: galam-zakaz@mail.ru.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar