Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Raýatlara berilýän kiçi göwrümli karz serişdeleri

0
4767

Eger siz şahsy hojalygyňyzda ekin ekip, ony içerki bazarda ilata hödürleýän bolsaňyz, bu işiň gerimini giňeltmäge ýene bir mümkinçilik döredi. Bu mümkinçilik Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan raýatlarymyza berilýän maddy goldawdyr. Has takygy, bölünip berlen melleginde (ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän we oba hojalyk önümlerini öndürýän raýatlara goldaw bermek maksady bilen, bank kiçi göwrümli karzlary berip başlady.

Bu örän gowy. Çünki işleriň gerimini giňeltmek üçin ilkinji nobatda maddy serişde gerek. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky bu täze karz hyzmatyny ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan watandaşlarymyza hödürleýär.

Karzyň bu görnüşiniň şertleri we tertibi işlenip düzülende Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, Raýat kodeksinden, «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Girew hakynda», «Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanyldy.

Bir zady ýatlatmak gerek: kiçi göwrümli karz serişdeleri diňe nagt däl görnüşdäki tölegleri geçirmek üçin niýetlenendir. Kiçi göwrümli karzyň aňryçäk möçberi 30 müň manatdyr. Ol 10 göterim bilen üç ýyl möhlete çenli berilýär. Esasy berginiň ýeňillik döwri 6 aý.

Bu karz serişdesinden nähili peýdalanmaly?

― işiň ilkinji tapgyrlarynda bank gullugynyň hünärmenleri müşderi bilen söhbetdeşlikleri geçirýärler. Bu söhbetdeşlikler karzyň resmileşdiriş tertibi, maksada laýyk ulanylyşy, müşderiniň we zamunçynyň tölege ukyplylygy we karzyň üpjünçiligini anyklamak ýaly meseleler boýunça bolar.

― soňra karz alyjydan we zamunçydan degişli resminamalar alnyp, bank tarapyndan karz serişdesi resmileşdirilýär we müşderiniň hasabyna nagt däl görnüşinde geçirilýär.

― bank we müşderi gatnaşyklary Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň kiçi göwrümli karz serişdeleri baradaky tertibinde doly düzgünleşdirilendir. Müşderi bu tertip bilen ýakyndan tanyşdyrylýar. Karz alyjy karzy gaýtarmak işini nagt ýa-da nagt däl görnüşinde hem amala aşyryp biler.

Täze hyzmat bilen bagly doly maglumatlary Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň resmi web-saýtyndan alyp bilersiňiz.

Kiçi göwrümli karz serişdeleri, aslynda, raýatlara, kiçi we orta telekeçilige gadam goýmak isleýänler üçin amatly başlangyçdyr. Bu ýeňillikli karz serişdesi oba hojalyk önümlerini öndürijileri maddy taýdan goldap, olaryň işiniň ugrukmagyna ýol açar. Karzyň üç ýyl möhlet bilen berilmegi bolsa bu hyzmatdan peýdalanýanlar üçin ikinji bir uly mümkinçilikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar