Soňky habarlar

Arhiw

Şahsy biznesiň ilkinji basgançaklary

0
8378

Düşnükli! Özü ukyplaryňyzy işewürlik dünýäsinde synap görmekçi. Synap görmekçi hem däl-de, mümkin bolsa, uly işewürleriň hataryna goşulmakçy. Ýöne nämeden başlamaly? Elbetde, kiçi telekeçilikden. Ýöne haýsy işe baş goşanyňda ýalňyşmarsyňyz we has dogry ädim ädersiňiz. Başga-da bir zerurlyk bar: siziň saýlap alan işiňiz  az çykdajy bilen gowy girdeji getirmeli.

Nämeden başlamaly? Dünýä metbugatyna ýüzlenip, bir käbir iş ugurlaryny salgy bereli. Özüňize we başarnyklaryňyza iň ýakynyny özüňiz saýlaň! Kim bilýär, belki, nepi deger.

1. Ýoga merkezi

Hereketiň az, ähli işleriň tehnologiýalaşýan döwründe adamlar öz saglygy hakynda ozalkylardan has köp endişe edýärler. Ýörite hünärmenler bilen şertnama baglaşyp we internetiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, şahsy merkeziňizi açsaňyz, isleg bildiren kän bolar.

2. Kiçi garbanyşhana

Belki, birnäçe orunlyk ýa-da sargytlar boýunça eltip berýän garbanyşhana bolup biler. Wagtyň geçmegi bilen belli bir müşderileri tapsaňyz, bu has-da gowy. Umuman, adam bir günde birnäçe gezek garbanmaly bolýar. Datly tagamlary taýýarlasaňyz, bu işden girdeji alyp bilersiňiz.

3. Syýahatçylyk agentligi

Syýahatçylyk hiç haçan azalmaýar. Diýmek, syýahatçylyga gönükdirilen işewürlik hem şowsuzlyga uçramasa gerek. Syýahatçy kän, esasy zat, olara iň gowy we elýeterli hyzmatlary hödürlemek. Şulary başarsaňyz, agentlik siziň girdeji çeşmäňize öwrülip biler.

4. Tiz tagam dükany

Biz başlangyç ugurlaryň sanawyna goşan hem bolsak, bu işewürligi ulaldyp, dünýä meşhur kompaniýalar bolup bilenler bar. Elbetde, tagam tiz taýýar bolmaly. Ikinji şerti bolsa, onuň hakykatdan-da tagamly bolmagydyr. Goý, adamlar ýolugra garbanmak üçin siziň dükanyňyzy saýlasynlar.

5. Şokolad kafesi

«Şokoladdan taýýarlanylýan zatlaryň ählisi lezzetli» diýen aýtgyny siz hem eşiden bolsaňyz gerek. Şokolad hemmäni bolmasa-da, köp adamy özüne çekýär, çagalar barada-ha gürrüňem ýok. Eger siziň açan çaklaňja kafeňiz şokoladly önümleri hödürleýän bolsa, oňa müşderi kän ýygnanardymy? Biziň pikirimizçe ýygnanardy. Ýöne bu işde ilki bilen dünýä tejribesini öwrenmek maslahat berilýär.

6. Fitnes zallary

Gymmat bahaly türgenleşik enjamlaryny satyn almak şert däl. Siziň enjamlaryňyz, goý, arzan bolsun, ýöne müşderilere dogry we netijeli türgenleşmegi öwredip bilýän hünärmenleriňiz bolsun! Esasy zat şol. Eger adamlar sizdäki türgenleşikleriň netijesini görseler, olar dostlaryna, tanyşlaryna hem maslahat bererler. Aksiýalar we beýleki höweslendirmeler bolsa size goşmaça girdeji getirip biler.

7. Bir ugurly restoran

Mysal üçin, şäherlerde diňe manty ýa palaw bişirýän restoranlara gabat gelýäris. Gysga wagtyň içinde olaryň meşhurlygy şeýle bir artýar welin, müşderileri köpugurly garbanyşhanalaryňkydan asla az däl. Belki, siz hem bu işe baş goşup görersiňiz.

8. Kompýuter merkezi

Adamlaryň şahsy komýuterlerini hakerlerden, troýan wiruslaryndan we beýleki käbir howplardan goraýan hyzmat merkezi hem girdejili bolup biler. Çünki şeýle merkezler biziň döwrümizde zerur nokatlaryň birine öwrüldi.

9. Maglumat merkezi

Eger programma taýýarlamakdan, umuman, tehnologiýadan gowy başyňyz çykýan bolsa, uly kompaniýalar üçin IT ― maglumat merkezlerini hem dörediji bolup işläp bilersiňiz. Çünki maglumat merkezi olar üçin esasy zerurlyklaryň biri.

10. Wideogözegçilik kameralarynyň söwdasy

Häzir olar ähli ýerde giňden ornaşdyrylýar. Belki, bu işe baş goşup, siz hem öz müşderileriňizi tapyp gidersiňiz.

11. Owkalaýyş merkezi

Bu işde tejribe toplan hünärmenleri tapyp, şahsy merkeziňizi açmak hem özüňiz, hem adamlar üçin peýdaly bolup biler. Adamlaryň özüni ýeňil duýmak (başgaça aýtsak, çaga ýaly duýmak) islegi size girdeji getirer.

12. Öý hyzmatlary

Şeýle bir agentlik döredip, şahsy hojalyklara santehnik, elektrik, tämizleýji, hemra antennasyny sazlaýjy, eneke ýaly, köpugurly hyzmatlary hödürläp bilersiňiz. Şeýle hyzmatlar adamlara günde-günaşa gerek. Agentligiň göwnejaý hyzmatlary iki tarapa-da bähbitli bolar.

14. Şahsy terbiýe we bilim merkezleri

Şeýle merkezleriň sany ýurdumyzda köpelýär. Siz hem şolaryň biri bolmaga mynasyp. Onsoň hem terbiýedir bilim meselesinde ata-eneler bilen mugallymlara kömekçi bolmak ýaly gowy zat barmy?!

15. Mobil gurluşlar ussahanasy

Siz ýene-de bu işi başarýan hünärmen tapyp, işewürligiň ýolbaşçysy bolup bilersiňiz. Mobil gurluşlar ýaşaýyşymyzda köpeldigiçe, olara dürli hyzmatlary berýän merkezleriň hem işi köpelýär. Siziň hem müşderiňiziň ýetik boljakdygyna ynanyp bilersiňiz.

15. Maslahat beriş merkezi

Işewürligiň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri işe alyň we öz agentligiňizi, mümkin boldugyndan, giň gerimde mahabatlandyryň. Goý, siziň hünärmenleriňiz müşderilere işewürligiň dürli ugurlary boýunça tölegli maslahatlary bersinler.

16. Ätiýaçlyk şaýlary dükany

Eger öz dükanyňyzy şeýle dükanlaryň seýrek ýerinde açyp bilseňiz, bu has girdejili bolar. Çünki ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary gündelik harytlaryň hataryna bireýýäm goşluşyp gitdi.

17. Ulag ýuwuş merkezi

Esasan hem şäherde şeýle merkezi açyp bilseňiz, bu siziň geljekki uly biznes meýilnamalaryňyzyň ilkinji ädimi bolup biler.

18. Internet prowaýder

Häzir esasy zerurlyk duýulýan hyzmatlaryň biri. Çünki internetiň ýaýrawy gün-günden giňeýär. Onsoň, adamlar siziň hyzmatyňyza hem zerurlyk duýup bilerler.

19. Mebel söwdasy

Özi-de diňe sargytlar boýunça işlemän, öz dükanyňyz hem bolsa girdeji has uly bolup biler. Çünki mebel ― öý goşlary iň gerekli harytlaryň hatarynda ymykly ornaşdy.

20. Suw

Adamlara arassalanan suw paýlasaňyz, hem olaryň saglygy, hem öz girdejiňiz üçin hereket etdigiňiz bolardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar