Işde üstünlik gazanmagyň 10 ýoly

0
9116

Tu­ruw­baş­dan bir za­dy ýat­laň: hä­zir­ki işi­ňiz ― siziň müm­kin­çi­lik­le­ri­ňi­ziň men­zi­li. Has ba­şar­jaň­lyk gör­ke­zip, müm­kin­çi­lik­le­riň ýo­lu­ny ýe­ne-de do­wam et­di­rip bo­lar. Nä­dip­mi?! Ine, şu ýaz­gy­la­ry­myz bi­len şol so­wa­la jo­gap ber­mä­ge sy­na­nyş­dyk.

Güýç-gaý­ra­ty­ny gaý­gyr­man, yh­las edip iş­le­ýän adam yh­la­sy­nyň mi­we­si­ni al­ma­ga hem my­na­syp. Iş ýe­rin­de üs­tün­lik ga­zan­mak onuň hem pa­ýy. Kä­te iş­de nä­hi­li­dir bir üs­tün­li­ge ýet­mek üçin yh­las­dyr bi­lim­den baş­ga-da, nä­me­dir bir zat­la­ryň ýet­me­ýän­di­gi gö­rünýär. Ine, şol ýet­mez­çi­lik­ler:

1. Eger häzirki işiňizde garaşýan üstünligiňize ýetip bilmejekdigiňize ynansaňyz, işiňizi özgerdiň! Belki, siz öz ukyplaryňyza çapraz gelýän ýerde işleýänsiňiz. Beýle bolsa, onda, hakykatdan hem, üstünlik gazanmak bilen siziň araňyz juda uzakdyr. Şonuň üçin ilkinji ädimi işiňiz hakynda çynlakaý oýlanmakdan başlaň! Bu meselede başgalaryň garaýşy has peýdaly bolup biler. Eger iş­ler şo­wu­na git­me­ýän bol­sa, kär­deş­le­ri­ňiz­den öz kem­çi­lik­le­ri­ňiz ba­ra­da so­raň! Eger bar bol­sa, ola­ry dü­zet­mä­ge sy­na­ny­şyň. Eger iş si­zi şon­da-da ka­na­gatlandyrmaýan bolsa, onda öz ukyplaryňyza laýygyny gözläbermeli bolar.

2. Arakesmeden netijeli peýdalanyň! Arakesmede so­sial tor­la­ryň bi­ri­ne «çü­müp» ýa-da te­le­wi­zo­ra to­ma­şa edip hem oturyp bolar. Ýöne işiň görnüşini üýtgedip hem dynç alyp bolýar. Şonuň üçin hem arakesmede nämedir bir zat okasaňyz ýa-da internetden bir peýdaly maglumat gözleseňiz, geljekki üstünlikler üçin has ähmiýetli bolmazmy?!

3. Ähli işi özüňiz etjek bolmaň! Owun­jak iş­le­ri töweregiňizdäkiler hem edip biler. Siz bolsa has uly işler bilen meşgullanyň!

4. Işiň maksadyna düşüniň we tejribeleri öwreniň! Biler bolsaňyz, häzir internetde işiň ähli görnüşi boýunça kämilleşdiriş wideosapaklary juda elýeterli. Şolara ünsli syn etmek siziň üçin has peýdaly bolup biler. Ol hem tej­ri­be­dir. Hat­da ed­ýän işiň­den lez­zet al­ma­gyň ilkinji şerti hem tejribedir. Tejribäň ýetik bolsa, işiň kyny ýok.

5. Özgerişlere açyk boluň! «Dünýäni özgertmegi özüň­den baş­la­ma­ly» di­ýen söz si­ziň hem gu­la­gy­ňy­za degendir. Kemçiliksiz adam ýok, diýmek, her birimizde dü­ze­dil­me­li he­re­ket­ler bar­dyr. Ine, şo­ny öw­re­nip, düzetmäge çalşyň! Munuň örän uly nepiniň bardygyny wagt görkezer.

6. Çekinjeňlikden daşlaşyň! Belki, edarada siziň ukyplaryňyza laýyk bir iş orny boşandyr. Şol işde üstünlik gazanjakdygyňyza ynanýan bolsaňyz, başlygyň gapysyny kakmak asla aýyp däl.

7. Daşky görnüşiňize ünsli boluň! Işe he­mi­şe aras­sa we özüňiz üçin oňaýly eşik geýip geliň. Gyş günlerinde köwşüňize ýapyşan palçykdyr gar hem edarada siz barada ters täsir döredip biler.

8. Işden ir gitmäň! Tersine, ýarym, bir sagat çemesi ýene-de işde güýmeniň. Täsin ýeri, goşmaça sagatlarda iş öndümli hem bolýar. Ýöne juda gijä-de galmaň, maşgala hemişe ilkinji orunda bolmalydyr.

9. Iş bilen dynç alşy sazlaşdyryň! Nä­çe köp iş­le­se­ňiz, şonça-da köp dynç alyň! Maşgalaňyz bilen ýakyndaky seýilgählerde gezelenç etmek hem ýakymly. Lezzetli dynç alyş ertir işe has höwesjeň ýapyşmagyňyza täsirini ýetirer.

10. Teklip bermekden ýaýdanmaň! Eger eda­ra­nyň işine täsir etjek teklipleriňiz bar bolsa, bu barada ýolbaşça aýtmakdan çekinmäň! Kim bilýär, siziň üstüňiz bilen tutuş edara uly üstünlige ýetip biler. Şol üstünlikden hökman size-de paý ýeter.

* * *

Ynha, biziň okan maglumatlarymyzda-ha şeýle diýilýär. Ýöne iň esasy başga bir zat bar. Siz maksadyňyzy aýdyňlaşdyrmaly. Iş siziň üçin girdeji çeşmesimi ýa-da durmuşda bir zatlary gazanmagyň serişdesimi? Ýöne işdäki üstünligiň öz ýany bilen abraýdyr girdejini hem alyp gelýändigini ýatdan çykarmaly däl. Siz muny başararsyňyz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar