Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Siziň üstünlikleriňiziň açary nämede?!

0
6797

Hiç wagt hiç bir žurnaliste aňsat-aňsat özi bilen duşuşmaga we söhbetdeş bolmaklyga mümkinçilik bermeýän dünýä belli meşhur işewür adamdan alnan 10 minutlyk wagt ýaş žurnalisti örän begendirýär. Ol derrew iş stolunyň başyna geçýär-de, söhbetdeşligiň boljak gününe deňiç uzyn jogaplar talap edýän birnäçe sowallar taýýarlaýar. Öz içinden taýýarlan sowallaryma  jogap berýänçä 10 minut wagt işewür üçin az bolar, şeýlelikde, söhbetdeşlik has uzaga çeker diýip oýlanýar.  Söhbetdeşligiň boljak güni  işewüriň bellän wagtyndan ýekeje sekunt hem gijä galman, onuň iş otagynyň gapysynda häzir bolýar.

Söhbetdeşlik başlanýar. Ýaş žurnalist ilki bilen “Siz durmuşda gazanan üstünlikleriňizi nämeler bilen baglanyşdyrýarsyňyz ?” diýen sowaly berýär. Elbetde, beýle sorag soralanynda köp adam öz durmuşynda bolup geçen wakalary gürrüň bermäge başlaýar welin, meşhur işewür ýekeje söz bilen “Durmuş we iş tejribelerim bilen” diýip nagt jogap berýär. Ýaş žurnalist bu ýagdaýa alňasaman “Onda, tejribeleriňizi nämeler bilen baglanyşdyrýarsyňyz?” diýip soraýar. Işewür ýene-de ozalky asudalygy bilen gysgaça “Ýerlikli çözgütlerim bilen” diýýär. Žurnalist ýene-de bir gezek işewüri köp wagtlap gürletmek maksady bilen “Aýtsaňyzlaň, ýerlikli çözgütleriňizi nämeler bilen baglanyşdyrýarsyňyz?” diýip has içginleşýär. Onda işewür “Durmuşda goýberen kemçiliklerim bilen” diýip jogap berýär we sagadyna seredýär. Şobada hem ýaş žurnaliste özi üçin berlen wagtyň tamamlanandygyny duýduryp, söhbetdeşligi togtadýar.

Žurnalist gyz aljyraňňylyk bilen otagdan çykýar. Redaksiýa dolanýar. Beýle gysga söhbetdeşligi gazetde nähili berip boljakdygy barada oýlanyp başlaýar. Ertesi gün gazetiň baş sahypasynda “Iň gysga, iň gowy, iň netijeli durmuş pelsepesi: Üstünlikler durmuşda gazanylan tejribelere, tejribeler öz wagtynda gelnen oňyn çözgütlere, oňyn çözgütler bolsa durmuşda goýberlen kemçiliklere esaslanýar. Batyrgaý bomaklyk,  hiç bir kynçylykdan gorkmazlyk, seljermeklik we oňyn çözgüt tapmaklyk, şeýle hem jogapkärçiligiňi ýatdan çykarmazlyk üstünligiň açarydyr” diýip, ýaş žurnalist meşhur işewür bilen eden söhbetdeşligini şujagaz setirler bilen ýazga geçirýär. Şu söhbetdeşligiň çap edilenine bir aý geçip-geçmänkä bolsa ýaş žurnalist gyz halkara habar beriş serişdeleriniň yglan eden “Iň gowy gazet makalasy” diýen bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar.

Üstünlik gazanmaklyk diýmeklik munuň özi dürli kynçylyklardan baş alyp çykmaklykdyr, ähli babatda iň ýokary derejede işläp zähmet çekmeklikdir, okamaklykdyr we öwrenmeklikdir, öz wagtynda gelnen dogry çözgütlerdir. Her bir adamyň öz öňünde goýan maksady bolmalydyr. Çünki haýsy kenara tarap gitjegini kesgitlemedik gämä hiç bir ýeliň hem haýry degmeýär. Maksadyňy kesgitläp, ony amal etmek üçin azap çekilmelidir.

Durmuşda şowlulyk we üstünlik gazanýan adamlara ýiti zehinli diýlip baha berilýär. Çünki olaryň aň-düşünjesi elmydama gözlegde bolýar. Hereketsiz duran ulagyň destinden tutup, ony öz gitjek ugruňa tarap öwürmeklik başartmasa gerek. Eger-de ulag hereketde bolan bolsa-dy, onda ony islän ugrumyza ýeňillik bilen sowmak mümkin bolardy.

Makalanyň awtory Şageldi Ýabanow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar