Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Telekeçilikde müşderiniň we hiliň ähmiýeti

0
4534

Daewoo şereketini esaslandyran Kim Wu-Çonguň maslahatlary

  • Müşderiniň ynamyny gazanmakda satyjynyň müşderä berýän ünsi ilkinji orunda durýar. Şonuň üçin hem müşderini özüňe çekmekde hünärine ökde satyjylar hökmandyr.
  • Müşderi bir şereket bilen näçe köp işleşdigiçe, şonça-da şol şereketiň müşderiniň gözündäki gymmaty artýar. Hemişelik müşderiler şereketiň wagtyny tygşytlaýar, harytlaryň bahasy meselesinde az çekeleşýär we özi bilen täze müşderileri getirýär.
  • Müşderä hödürlenilýän hyzmat we harytlaryň hili ýokary bolmalydyr. Çünki harydyň bahasy tiz ýatdan çykýar. Emma hili welin hiç unudylmaýar.
  • Müşderi şereket üçin iň gymmatly adamdyr. Eger-de bir şereketiň müşderisi az bolsa, onda şol şereket müşderi bilen işleşmekde nogsanlyk goýberýändir.
  • Müşderi bilen nähili işleşmelidigini bilmek ýeterlik däl. Ony durmuşa geçirmek möhümdir.
  • Müşderä berilýän üns şereketiň geljegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr.
  • Müşderi şereket üçin ýat adam däl-de, onuň bir bölegidir.
  • Müşderi bilen jedelleşmek şereketiň abraýyny pese gaçyrýar. Çünki jedelde siziňki dogry bolsa-da, zyýana galjak ýene sizsiňiz.
  • Müşderi – ýolbaşçydyr. Çünki aýlygymyzy şol töleýändir.
  • Müşderiniňki hemişe dogry bolsa, hem şereket hem-de müşderi öser.
  •  Müşderilere güler ýüz beriň. Olar güler ýüzli hünärmenler bilen işleşmegi halaýandyrlar.
  • Müşderiniň talaplaryny ýerine ýetirmäge çalşyň. Çünki müşderiniň talaby şereketiň kämilleşmegine ýol açýar.
  • Uzak möhletleýin girdeji üçin gysa wagtlyk çykdajylardan gaçmaň.
  • Hil ýokarlandygyça şereketiň çykdajysy azalýandyr. Hiliň gowulanmagy az çykdaja we ýokary önümçilige ýol açýar. Çykadyjynyň az bolmagy bilen harytlaryň bahasy hem arzanlaýar. Arzan baha müşderiniň ruhuny göterýär. Alyjynyň köp bolmagy şereketiň bazar paýyny artdyrýar.
  • Futbolda pökgini derwezä salmak üçin bir oýunçynyň ýeterlik bolmaýşy ýaly, telekeçilikde hem hiliň we girdejiniň ýokarlanmagynda ähli işgärleriň, şol sanda müşderileriň-de hyzmaty uludyr.
  • Harydyň bahasy bilen däl-de hili bilen gyzyklanyň. Çünki hil müşderiniň keýpini göterer.
  • Hil – telekeçiligiň ahlagydyr. Eger-de ynsany bezeýän onuň ahlagy bolsa, şereketi bezeýän hem onuň öndürýän önümleriniň hilidir.
  • Hilde iň soňky sepgit bolmaly däldir. Ol hemişe ýokalandyrylmalydyr.
  • Hil girdeji gazanmakda iň az çykdajyly we iň ygtybarly ýoldur.
  • Hil bolmasa harydyň bahasy hiç zatdyr. Müşderi harydy bir gezek alar. Soň golaýyna barmaz.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar