Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mahabat müdirliginiň ýolbaşçysy Röwşen Welmiýew: «Türkmenistanda mahabatyň orny barha artýar»

0
3477

Hormatly okyjylarymyz! Bilşiňiz ýaly, işewürligiň ähli görnüşlerinde mahabatyň tutýan orny uludyr. Şonuň üçin islendik biznes meýilnamasynda mahabat üçin aýrylan ýörite ýer bardyr.

Ýurdumyzda önümçiligiň artmagy, hyzmat pudagynyň görnüşleriniň baýlaşmagy kärhanalaryň we telekeçileriň özara bäsdeşliginiň artmagyna getirýär. Bäsdeşlikde ulanylýan esasy çemşe bolsa mahabatdyr.

Biz şu söhbetdeşligimizi mahabata we onuň ähmiýetine bagyşladyk. Mahabat, onuň peýdasy barada giňişleýin düşündirmegini haýyş edip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň ýolbaşçysy Röwşen Welmiýewe ýüz tutduk.

 

― Salam Röwşen. Ilki bilen, söhbetdeşlige razy bolanyňyz üçin sag boluň.

― Maýsa, çynymy aýtsam, menem size sagbolsun aýtmak isleýärin.

― Milli teleýaýlymlarymyza tomaşa edip, radioýaýlymlarymyzy diňlänimizde ýa-da ýolda barýarkak, ýörite monitorlarda mahabatlar özüne çekýär. Dogrysyny aýtsak, ol mahabatlar hil taýdan hem ýokary derejede taýýarlanan. Bularyň ählisi size degişlimi?

― Hawa, aglabasy mahabat müdürligine degişli.

― Mahabat näme? Ol näme üçin we haçan zerur?

― Täze önüm ýa-da hyzmat dörände, ol barada köpçülige ýetirmek gerek, şeýle dälmi? Ine şu ýerde mahabat hyzmaty gerek bolýar. Ýagny, mahabat sözniň manysyna seredenimizde, bir zady taryplamak, ol hyzmat ýa-da önüm barada maglumat bermek diýmekdir.

― Mahabat müdürliginiň esasy ugry nämeden ybarat?

― Ýurdumyzyň telekeçilerine ýa-da edaralaryna mahabat hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ýokary derejede ýardam bermekden ybarat.

― Mahabat üçin islendik raýat ýüz tutup bilermi?

― Elbetde, telekeçilik işini amala aşyrýan islendik raýat, islendik kärhana ýa-da gurama ýüz tutup biler.

― Döwlet kärhanalary ýa telekeçiler üçin nyrhnamalar tapawutlymy?

― Hawa, tapawutly. Döwlet, ýerli we daşary ýurtly kärhanalary üçin aýratyn nyrhnamalar hereket edýär.

― Töleg nähili görnüşde kabul edilýär?

― Nagt däl görnüşinde.

― Daşary ýurt kompaniýalary bilen hem işleşýärsiňizmi? Eger işleşýän bolsaňyz, haýsy kompaniýalar bilen?

― Elbetde işleşýäris. Mysal hökmünde Samsung, BMW, Levi’s, Villeroy and Boch, Technol, Petronas, Viessman, Alvan, TOP, BEKO, NEOS, POLIMEKS, SIMURG, BIOBLAS shampoo, SINTAY tractors we beýlekileri görkezip bileris.

― Tejribäňizde bolan iň agyr düşen mahabat işi? Ýa-da ýatdan çykmajak bir iş barada aýdyp bilersiňizmi?

― Bizde «agyr» diýen düşünje ýok.  Bizde «iş» diýen düşünje bar. Bu biziň işimiz, şonuň üçin onuň ýeňil ýa-da agyrlygy bildirenok.  Biz her bir işe höwes bilen ýapyşýarys. Işde gyzykly pursatlar kän bolýar. Olaryň köpüsi müşderilerimiziň islegdir talaplary bilen bagly.

― Mahabat boýunça esasy müşderileriňiz haýsy pudaga degişli? Döwlet kärhanalarymy, şahsy taraplarmy ýa-da telekeçilermi?

―  Esasy hususy telekeçiler. Ýöne döwlet kärhanalaryndan hem isleg kän.

― Mysal üçin, men telekeçi we öz önümimi telewideniýede mahabatlandyrmak isleýärin. Men nämeden başlamaly?

― Bize ýüz tutup, gerekli mahabat görnüşüni saýlaýmaly, biziň taýýarlan mahabatymyzy tassyklamaly, şertnama baglanyşmaly. Iň soňunda  tölegini geçirmeli.  

― Mahabat taýýar bolup, ýaýlyma goýberilýänçä, näçe wagt gerek bolýar?

―  Mahabat roligini taýýarlamak we ony ýaýlyma bermek tapawutly zat. Ýaýlyma taýýar roligi bermekde mesele ýok. Esasy iş roligi taýýarlamakda. Umuman, kän wagt alanok. Biz gyssagly mahabatlary taýýarlamakda ýeterlikli tejribe edindik.

― Dizaýn, wideo düşürmek, ses ýazmak ýa-da mahabatyň edebi esasyny ýazmak boýunça nähili hyzmatlaryňyz bar?

― Biz müşderilerimize iň ýokary hilli mahabatdan, tä ýönekeý mahabat roligine çenli hyzmat hödürleýäris. Bularyň bahasynda tapawut bar. Müşderi öz ýagdaýyna görä saýlaýar.

― Mahabatda 3D usulyndan hem peýdalanýan ekeniňiz?

― Elbetde, bu usuldan biziň işimizde köp peýdalanylýar. Bu ýerde hem müşderiniň islegi öňe çykýar. Eger müşderi öz roliginde 3D görnüşli maskoty, ýagny gahrymany ulanyp  ýa-da harydynyň içki düzümini 3D görnüşde görkezmek islese, roligiň bahasy ýokary bolýar. Biz hyzmatlarymyzy hödürleýäris, galanyny müşderiniň özi saýlaýar.

― Ýöne soňky mahabatlarda 3D seýrek gabat gelýär...

― Hawa, siz gaty synçy ekeniňiz. Hakyky žurnalist....Munuň sebäbi, edil şu wagt 3D şekilli mahabata isleg az. Biz islege bagly hereket edýäris. Şu ýerde menem size sorag bereýin!

― Diňleýän!

― Žurnalist synçylygy bilen, şu wagta çenli gören mahabatlaryňyzyň içinde, haýsysyny belläsiňiz gelýär?

― Bäh... görenim däl-de, radioda eşidenimden aýtsam bolarmy?

― Ol hem bolar.

― «Rysgal mebeliň» mahabaty. Ýöne muny näme üçin soradyňyz?

― Aslynda, müşderilere hyzmat berenimizden soň, olardan seslenme almaga çalyşýarys. Ýagny, hyzmatdaşlykda nämede kynçylyk çekdiler, mahabaty haladylarmy? Netije berdimi?

― Tüweleme, bu gaty gowy usul.

― «Rysgal mebel» baradaky mahabatymyz näme sebäpden ýadyňyzda galdy?

― Sebäbi, mahabatda gürleýän gyzyň sesi ýakymly we özüne çekiji. Mahabat hem gowy düzülipdir. Berekella!

― Sag boluň.

― Müdirlige degişli web saýt barmy?

―Bar. “turkmentv.gov.tm

― Geljekdäki maksatlaryňyz bilen tanyşdyraýsaňyz.

― Häzirki ýagdaýda biziň müdirligimiz 5 gurnawda, ýagny TV mahabat, Radio mahabat, LED monitor mahabat, website mahabat we VR mahabat hyzmatlaryny alyp barýar. Gelejekde mahabat hyzmatlarymyzyň diwersifikasiýasyny dowam etdirmegi meýilleşdirýäris. Mysal üçin, print hyzmatlary ýa-da halkara mahabat hyzmatlary ýokarlandyrmak ýaly işlere hem girişip bileris.

― «Turkmenportalyň» okyjylaryna aýtjak zatlaryňyz barmy?

―«Turkmenportal» websaýtynyň okaýjysy bolmak uly bagtlaryň biri. Sebäbi bu web saýt zehinli türkmen oglanlarynyň nusgalyk işleriniň biri we ýurdumyzy dünýä tanatmakda uly işler edýär.

― Röwşen biz bilen söhbetdeş bolanyňyz üçin sag boluň. Işiňizde üstünlik arzuw edýäris.

― Sizem köp sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar