Soňky habarlar

Arhiw

Taryhda şu gün: 7-nji iýul

0
2696

1607-nji ýylda ilkinji gezek Angliýada “God Save the King” atly döwlet senasy ýaňlandy.

1668-nji ýylda Isaak Nýuton ilkinji gezek ylymda magistr derejesini aldy.

1846-njy ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna Meksikanyň bir bölegi bolan Kaliforniýa goşuldy.

1881-nji ýylyň 7-nji iýulynda ilkinji gezek körpeleriň söýgüli ertekisi “Pinokkio” ( Rimleriň, “Çagalar žurnalynda”) çap edildi.

1923-nji ýylda Pragada Ukrainanyň Dragomonow adyndaky pedagogiki instituty açyldy.

1940-njy ýylda Lwowda Iwan Franko adyndaky edebi muzeý açyldy.

1987-nji ýylda Çernobldaky Atom Energiýa Stansiýasyndaky partlamada aýyplanýan üç kişiniň sudy boldy.

1990-njy ýylda Rimde ilkinji gezek üç sany tanymal aýdymçylaryň Luçano Pawarottiniň, Plasido Domingonyň hem-de Hose Karrerasyň çykyşy boldy.

1698-nji ýylda Fransuz matematigi, fizik, syýahatçy Pýer-de Mopertýui gradus toruny kartada çyzýar. Ol 1759 njy ýylda ýogalýar.

1746-njy ýylda Italýan astronomy Djuzeppe Piassi ilkinji bolup kiçi “Sereru” atly planetany açýar. Ol 1826-njy ýylda ýogalýar.

1901-nji ýylyň 7-nji iýulynda Italýan aktýory, kino düzüji, Oskar baýragynyň 4-niň eýesi Wiktor De Sika dogulýar. “Şuşa” we “Welosiped ogrulary” atly filmi halk köpçüligine hödürleýär. Ol 1974-nji ýylda dünýäden ötýär.

1940-njy ýylyň 7-nji iýulynda Ringo Starr, iňlis sazandasy, The Beatles toparynyň barabançysynyň doglan güni.

1943-nji ýylyň 7-nji iýulynda Italýan aýdymçysy hem sazandasy Toto Kutuno dogulýar.

1976-njy ýylyň şu güni Fransuz kinoaktrisasy Berenis Bežo dünýä inýär. Ol “Serkerdäniň taryhy”, “Agent 117: Kair şpionyň höwürtgesi”, “Artist” kinofilmlerinde çykyş edip tanymallygy gazanyypdy.

7-nji iýulda Ukrainada ekologiýa tämizliginiň baýramy bolan Tebigaty goramagyň güni bellenilýär.

Şu gün Slawýanlaryň esasy milli baýramy bolan Iwan Kupalanyň baýramçylygy bellenilýär. Bu günde slawýanlar derýadyr çeşmelerde suwa düşüp derman otlary ýygnapdyrlar. Ot ýakyp öz däp-dessurlaryna uýýalar. Esasy yrymlaryň biri bolsa, kimde-kim paporotnigiň täsin gülüni tapsa ol adam sylaglanypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar