Hasap-synag möwsüminde mugallymlar synag tabşyrmaga gelen talybyň haýsy ýyldyzyň astynda doglandygy barada-ha asla pikir etmeýän bolsalar gerek. Tutuş ýarymýyllygyň dowamynda geçilen temalary birinbirin soraýan mugallymlara synagda jogap berýän talybyň işjeň hamal ýa-da näzik hut bolmagynyň tapawudy ýok. Emma Italiýanyň Akwil uniwersitetiniň amaly fizika we kosmologiýa professory Zurab Berežiani synaglarda öz talyplary bilen olaryň ýyldyzlaryna laýyklykda gürleşýär. «Hasap-synag möwsümine näderejede taýýarlyk görmeli, haýsy säwlikleri goýbermekden ägä bolmaly?» diýen sowallara jogap gözleýän talyplara ýardam bermek maksady bilen, professor Zurab Berežianiniň özboluşly täleýnamasyny çap etmegi makul bildik.
1. HAMAL (GUZY 21.03 – 20.04)
Hasap-synag möwsümine taý ýarlygy hemişe soňa goýýar. Emma irgözin akylyna aýlansa, ol diňe lezzet alyp okar! Sowalnamanyň jogabyny bilmese-de, özdiýenli hamallar hiç wagt ýeňilmezler. Mugallymlar batyrlyk bilen hamallara islendik agyrlykdaky sowallary berip bilerler.
2. SOWUR (ÖKÜZÇE 21.04 – 20.05)
Hasap-synag möwsümine kada la ýyk, emma haýal depginde taýýarlanýar: hemi şe soňky sowallara wagt galmaýar. Synagda ähli zady çenden aşa çynlakaý kabul edýär. Rahatlanyň! Sowurlar, sowalyň jogabyny diňe bir ýat tutmaga däl, eýsem, özbaşdak pikir ýöretmäge hem ukyplydygyňyzy görkeziň!
3. JÖWZA (EKIZEKLER 21.05 – 21.06)
Synaglara başdan aýak taýýarlanmagy, umuman, başarmaýarlar. Jöwzalar özlerine gyzykly bolan maglumatlary oňat özleşdirerler, galan sowallary bolsa soňa goýarlar. Synagdan ýykylmaýarlar – baş alyp çykýarlar. Olaryň eňegine jaň kakylan ýaly, bu bolsa mugallymlara ýaraýar. Emma ägä boluň: çenden aşa özüňize ünsi çekmek bilen, ähli mugallymlaryň göwnünden turup bilmersiňiz!
4. SERETAN (LEŇŇEÇ 22.06 – 22.07)
Synagyň öň ýanynda rahatlanmagyňyz gerek. Sowallara uzakdan jogap bermek endikleri bar. Eger sizden Sezar barada soralýan bolsa, jogap bermäge Rimiň düýbüniň tutulan wagtyndan başlamak zerurlygy ýok! Bilmedik halatyňyzda başa düş jek işler hakynda pikir ýüwürtmän, ünsüňizi bir ýere jemläň we sowal barada oňatja oýlanyň. Size diňe öň bilýänmaglumatlaryňyzy ýerbe-ýer goýaýmak galýar.
5. ESET (ÝOLBARS 23.07 – 23.08)
Diňe özüne gyzykly maglumatlary öwren ýär. Ýat tutmagy başarmaýar. Öz güýjüne ynanýar. Kähalatlarda mugallymyň şeýle bir göwnünden turup bilýär. Emma esetler düýbünden bilmeýän sowalyny çekäýse, aljyraňňylygadüşüpbilýärler.Maslahat:berjek jogabyňyzbarada aňyňyzda gowy oýlanyň! Synagda owadan gürlemegiňiz mugallymlaryň ählisiniň göwnünden turmajagyna taýýar boluň!
6. SÜNBÜLE (GYZ 24.08 – 23.09)
Derse taýýarlanmaga hasap-synag möwsüminden has öň girişýär. Maglumatlary başarjaňlyk bilen ulgamlaşdyrýar. Sowaly ýattutmadyk bolsa, bil ýäntemalarynyaňynda aýlap,dogry jogaby tapar.Emma sünbüleleriň özüne bolan ynamlary pes,toslamagy halamaýarlar, çykalgany öz-özünden döretmegi başarmaýarlar.Biynjalykbolmaň,özüňize ýattutulan bölümiň çygryndan çykmaga ygtyýar beriň!
7. MIZAN (TEREZI 24.09 – 23.10)
Mizanlar gije-gündiziň dowamynda kitabyň başyndan turman oturmaga ukyply däldirler. Emma intuisiýany we analizi oňat utgaşdyryp bil ýärler. Olar mugallymyň göwnünden turmaga ökde. Mizanlaryň esasy kynçylygy bar — olar synagçy mugallym özlerini ýykmak isleýändir diýip çakladyklary, dünýädäki ähli zady unudýarlar. Synaga ulgamlaýyn esasda taýýarlanjak boluň!
8. AKRAP (IÇÝAN 24.10 – 22.11)
Synagda akraplar üçin iň esasy maksat — gowy baha. Synagçy mugallym jikmejik sowallary birin-birin bermek arkaly akrap talyby gaharlandyryp, ynjalykdan gaçyryp biler, şonda talyp gyjalatly häsiýete eýe bolar.Mylakatly boluň, synagy iň soňky we aýgytlaýjy söweş hökmünde kabul etmäň! Çünki synag – bu bary-ýogy iki sany akylly adamyň gyzykly söhbedi.
8. AKRAP (IÇÝAN 24.10 – 22.11)
Synagda akraplar üçin iň esasy maksat — gowy baha. Synagçy mugallym jikmejik sowallary birin-birin bermek arkaly akrap talyby gaharlandyryp, ynjalykdan gaçyryp biler, şonda talyp gyjalatly häsiýete eýe bolar.Mylakatly boluň, synagy iň soňky we aýgytlaýjy söweş hökmünde kabul etmäň! Çünki synag – bu bary-ýogy iki sany akylly adamyň gyzykly söhbedi.
9. KOWUS (KEMAN 23.11 – 21.12)
Kitabyň gatyny hemişe iň soňky pursatlarda açýar. Şonda-da ol özüne kän bir agram salmaýar: gyzgalaňly hasap-synag möwsümine arkaýyn gezelenje gidip ýa bolmasa, futbol oýnap bilýär. Gowusy synagdaky jogaby çekişmä öwürmek we bilimleriň boşluklarynyň öwezini düşbüligiň hasabyna doldurmakdyr. Mugallym anyk seneleri we sanlary sorap başlasa welin, belli bir derejede kynçylyk ýüze çykar.
10. JEDI (OWLAK 22.12 – 20.01)
Hasap-synag möwsüminiň taýýarlygyna heniz umumy sapaklaryň dowam edýän pursadynda girişýär. Özleşdirmeli temalaryň meýilnamasyny taýýarlaýar. Adatça, hasaplaryny we synaglaryny kynçylyksyz tabşyrýar. Gyz talyplar daşyndan geljek ýardama bil baglaman, taýýarlyga çynlakaý çemeleşýärler. Maslahat:rahatlanyň, öz bilim-başarnygyňyzdan, zehin-yhlasyňyzdanwe aktýorçylyk ukybyňyzdan peýdalanyň!
11. DALUW (GOWA 21.01 – 20.02)
Okuwa, umuman, ýaltanybrak çemeleşýär. Beýnisi weli, örän gowudyr — intuisiýanyň, logikanyň we özboluşly pikirlenişiň ajaýyp sazla şygy. Onuň garaýşyna görä, synag — bu stres ýagdaýy däl-de, gyzykly çekeleşme, pikir alyşma bolup durýar. Ol hyjuw bilen pikir alyşýar, bu bolsa gowy bilmezlik zerarly, kösenip oturan hem bolsa, daluwy halas edýär. Her niçik-de bolsa, kitap okaň!
12. HUT (BALYK 21.02 – 20.03)
Taýýarlyk görmäge gönüden-göni girişmäge derek köp kitap okamalydygy sebäpli, uzak wagtlap birahatlykda gezýärler. Netijede, ähli işi soňky üç güne goýýarlar. Esasy zat — rahatlanmak! Hutlaryň esasy emeli — gürleşmegi başarmak. Jogaplaryny bilmeýärsiňizmi, gürrüňdeşligi umumy filosofik pikir ýöretmelere tarap öwrüň.
BELLIK: Makala "Biznes reklama" gazetiniň 2019-njy ýylyň 10-njy iýundaky sanyndan alyndy. Awtory Gülälek ÇOPANOWA.