Bu günki günde art-terapiýa — döredijiligiň iň bir meşhurlyk gazanýan ugurlarynyň biri diýlip bilinýär.
Aşgabatda ýerleşýän «Studio Ceramic» döredijilik ussahanalarynyň tory uly ýaşlylary hem-de 3 ýaşdan uly bolan çagalary şu hili döredijilik ugurlary boýunça geçirilýän okuwlara çagyrýar:
- palçykdan dürli zatlary ýasamak;
- küýzegärçilik tigirinde işlemek sapaklary;
- şekillendiriş sungaty;
- egin eşiklere şekil çekmek;
- origami;
- örmek;
- gobelen öndürmek;
- dizaýn we binagärlik.
«Studio Ceramic» merkezinde heýkeltaraşlyk, surat çekmek, örmek, öýüňiz üçin ýa-da dostlaryňyza, maşgalaňyza sowgat hökmünde özboluşly zatlary ýasamak öwredilýär. Ussahana gelýän myhmanyň çeperçilik taýdan taýýarlygy has bir möhümem däl, bu ýerde ýokary hünär tejribesi bolan mugallym ýaşyna, başarnygyna we bilim derejesine garamazdan her bir okuwça çemeleşmegiň hötdesinden gelýär.
Studiýanyň ilkinji ugurlaryndan biri palçyk bilen işlemekde geçirilen ussatlyk sapaklary boldy. Bu adamyň çeperçilik başarnyklaryny iş ýüzünde açyp görkezmäge mümkinçilik berýän tolgundyryjy, örän gyzykly döredijilik işidir. Uly adam keramiki önümleri döreden mahaly plastikden hyýalyndaky zatlaryny amal edip, dartgynlylykdan saplanýan bolsa, onda bu iş çagalar üçin palçykdan keşpleri ýasamak arkaly ukyplaryny, döredijilikli pikirlenmäni, hyýalylaşdyrmasyny we meýilleşdirilýän zadyny göz öňüne getirmek ukybyny ösdürmegi kämilleşdirýär.
Esasy bilmeli zatlaryň biri-de, palçygyň düýbünden howpsuz material bolmagy — düzüminde hiç hili zyýanly himiki maddalary saklamaýanlygydyr.
«Studio Ceramic» merkezinde alnyp barylýan sapaklar toparlaýyn, şeýle-de aýratynlykda geçirilýär. Bu ýere ussatlyk sapaklaryna bir gezeklik baryp görmek bilen, her gezek usullary kämilleşdirip, hemişelik sapaklara ýazylmak arkaly alnan bilimleri has-da ösdürip bilersiňiz.
Şeýle hem, ussatlyk sapaklaryna tutuş maşgala bolup ýa-da kärdeşleriň bilen gatnaşmak bolýar. Şunuň ýaly toparlaýyn geçirilýän işler diňe bir gyzykly güýmenje däl-de, eýsem topary jebisleşdirmegiň netijeli usulydyr.
«Studio Ceramic» — bu döredijiligiň we estetik göwnühoşlugyň, ukyby kämilleşdirmegiň, çeper we amaly başarnyklary ösdürmegiň giňişligidir.
Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary «Studio Ceramic» merkezine şu salgylar boýunça baryp bilerler:
- Gurtly ýaşaýyş toplumy, «Bagt Gül» söwda merkezi, 2-nji gat, 201-nji iş otagy;
- Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezi («Paýtagt» söwda merkeziniň arka ýüzünde), 1-nji gat;
- Görogly köçesi, «Bagtyýarlyk» sport merkezi (ozalky haýwanat bagynyň ýerinde), Köpugurly suw toplumy bölümi, 0-njy gat.
Telefon belgisi: +(993) 61 21 27 83. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.