Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly barada gyzykly maglumatlar

0
4503

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 24-nji ýanwarda ýokary tizlikli Aşgabat —Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy boldy. 
Aşgabadyň golaýynda awtobanyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen dabara Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dürli kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň arasynda Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedow hem bar.
Dabaranyň çäklerinde halk amaly-haşam sungatynyň eserleriniň köpöwüşginli sergisi, bagşylaryň, estrada aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň çykyşlary guraldy. Bularyň ählisi baýramçylyk dabaralaryna aýratyn öwüşgin çaýyp, ýygnananlarda ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ilkinji böleginiň gurluşygynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan geljekki awtobanyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soňra, bu ýere ýygnananlara wideoşekiller görkezildi.
Şeýlelikde, Türkmenistanda ýene-de bir giň möçberli taslamany durmuşa geçirmek işi badalga aldy. Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Awtomobil ýoly bir ugurda üç ulag zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly iki ugurda jemi sekiz zolakly bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanar. Bu ýerde elektron töleglerini hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň merkezi bekedi, dynç alyş meýdançasy ýerleşer.
Awtobanyň ugrunda derýanyň üstünden geçýän köprüleriň 4-si, demir ýoluň üstünden geçýän köprüleriň hem 4-si, beýleki awtomobil ýollarynyň üstünden geçýän köprüleriň 22-si gurlar. Mundan başga-da, jandarlar üçin ýörite geçelge ýoly göz öňünde tutuldy. Şeýle hem pyýada ýolagçylar üçin ýerasty geçelgeleriň 76-sy, suw akabalary, zeýkeşleriň üstünden geçýän köprüler we beýleki desgalar gurlar.
Ýokary tizlikli ýola tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleriniň 10-sy meýilleşdirildi. Ýol hereketi ýörite ulgam arkaly dolandyrylar. Bu ulgamyň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýol gözegçilik gullugynyň esasy maglumatlary iberiler we ýatda saklanar. Bu işler ýapyk aýlawly teleýaýlym ulgamy arkaly ýerine ýetiriler. Şeýle hem şol ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň yzgarlygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar iberiler.
Awtobanyň ugrunda ýörite telefon ulgamy ýerleşdirilip, olar ýol gözegçilik gullugynyň esasy merkezindäki dolandyryş otagy bilen bagly bolar. Ulgam arkaly ýolagçylara zerur bolan gyssagly hyzmatlar ediler we kömek berler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýoluň Aşgabat — Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda, Tejen — Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabr aýynda we Mary —Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.
Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy hem-de «Hyzmat merkezi», «Oguz ýoly», «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetleri ýoluň gurluşyk işlerini amala aşyrarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar