Öz biznesiňi açmak isleýäňmi? Türkmenportal maslahat berýär

0
36230

Gelejekde özüni telekeçilikde görmek isleýän adamlara ýol kynçylykdan doly bolup görünýär. Bazardaky hyrsyz bäsleşik, harytlaryň bolçylygy ýa-da öz işini syr edip saklaýan size hiç bir zat aýtmak islemeýän biznes älemindäki “akulalar” bu gorka esas bolup biler.  Emma bazarda, islendik wagt we islendik adam üçin ýer tapylýar. 1858 – nji ýylda nebitçi Edwin Dreýk ýeriň aşagyndan ýönekeý pompanyň üsti bilen nebit çykarmagyň täze usulyny oýlap tapýar, bir kompaniýa bu oýlap tapylşyga  “Siz nebit çykarmak üçin ýeri burawlamaly diýärsiňiz? Siziň aklyňyz çaşypdyr” diýip oňa garşy çykýar.

Bu ugurda geçirilen barlaglar telekeçilige başlaýan adamlara esasy gerekli häsiýetleriň biri erjellikdigini görkezýär, ýagny  bular aýgytlylyk we maksada okgunlykdyr. Türkmenportal öz hünärmenleri tarapyndan watanymyzyň birnäçe telekeçileri bilen geçiren söhbetdeşliginiň netijesinde ýygnan olaryň berýän maslahatlary hem-de telekeçilik äleminde ýyllaryň dowamynda ýygnan tejribesi bilen paýlaşmagy makul bildi.  

Sustupes adamlardan uzakda bol 

Eger seniň daşyňy sustupes adamlar gurşaýan bolsa, onda seniň tutjak işiň şowsuzlyga uçrar.
 

Ilkinji nobatda abraý 



Toý-tomaşada, türkmenlerde birek - birege adamlaryň "Abraý dileýärin" diýip abraý dilemesi ýöne ýerden däl. Biziň täze başlaýan telekeçilerimiz, şu ýagdaýy ahmal etmeli däl. Başdan at-abraýyny saklamagynyň aladasyny etmeli, sebäbi telekeçilik älemindäki gelejegi onuň abraýyna bagly. Aldaw we hilelik bilen gazanç edip maýa toplamagy niýetlän bolsa onda onuň abraýynyň üsti çyzylar. Iş dogry alnyp barylmaly.


Seljermegi başaryň


Seljerme telekeçileriň esasy guralydyr. Seljerme sizdäki bar bolan maglumatlaryňyza baglydyr. Kitap okamaklyk we maglumat agtarmaklyk siziň çuňňur pikirleniş ukybyňyzy dünýä garaýşyňyzy giňeldýär. Boş wagtyňyz köp okaň.
 

Puly ýerden tapsaňam sanap al 


"Puly ýerden tapsaňam sanap al" Türkmen aganyň bu nakylyny täze dil bilen aýdanymyzda, buhgalter hasabyňy jür sakla diýmek. Siz her bir manadyňyzyň we teňňäňiziň nirdedigini bilmelidirsiňiz. Girdejiler we çykdajylar baradaky hasabat mydama stoluň üstünde durmalydyr. Buhgalteriňiziň  hasabatyny okamagy öwreniň.

Innowassiýanyň gözleginde bol

"Innowassiýa" sözüniň özi uzak we ýetip bolmajak ýaly görünýär. Emma innowassiýa onuň gözleginde bolup täzeçillik usullaryny girizeniňe degýär. Bu siziň işiňiziň birden ösmegine itergi berer, täze biznes modelleriň girizilmegi, täze tehnologiýalaryň ulanylmagy muňa mysaldyr. Täzeçilliklere açyk boluň.
 

Dynç almagy başarmaly 



Puluň funksiýalarynyň biri bu dolanyşykdyr. Eger sypatlandyryp aýtsak pul dynç almagy bilmeýär. Emma telekeçi janlydyr 24/7 režimi oňa degişli däldir. Döreýän soraglary netijeli çözmegi üçin onuň kellesi dury bolmaly. Onuň üçin ol wagtly wagtynda dynç almalydyr. Ýadawlyk işi haýalladýar.

Ýene-de başlaýan telekeçiler üçin ýüzlerçe maslahatlar bar. Ýone biz içinde gysga manyly we gerekli bolar diýenimizi ýazdyk. Emma biznesde iň esasy zatlaryň biri şowlulykdyr. Türkmenportal size şowlulyk dileýär.


Eger siziň bu mowzuk boýunça paýlaşjak maslahatyňyz bar bolsa onda bize ýazyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar