Soňky habarlar

Arhiw

Iş ýeriňizde tertip-düzgüni berjaý etmeýän işgärdigiňizi aňladýan birnäçe alamatlar

0
13946

Gowy işgär bolmak üçin iş ýerlerinde iş etiketlerini, tertip-düzgünleri berjaý etmeli bolýarys. Makalamyzda bu tertip-düzgünleri berjaý etmeýän işgäriň alamatlary, şeýle hem ol endikleri nädip düzedip bolýandygy barada gürrüň berdik.

1. Iş ýeriňize hemişe gijä galýarsyňyz

Eger işiňize aýda bir gezekden köp gijä galýan bolsaňyz, onda bu barada pikirleniň. Işe gijä galyp barsaňyz işdeşleriňiz, şeýle hem ýolbaşçylaryňyz halamaz. Bu häsiýetiňizi üýtgediň. Bu ýagdaý yzygiderli dowam etse, size jogapkärli işler ynanylmaz, wagtyň geçmegi bilen bolsa işiňizden çykarylmak ähtimallygy artar.

 

2. Işdeşleriňize görä haýal işleýärsiňiz

Adatça iş ýerlerde işgärlere iş göwrümi deň paýlanýar. Emma siz şonda-da berlen ýumuşlary, hasabatlary beýlekilerden giç ýerine ýetirýärsiňiz we umumy görkezme boýunça yzda galýarsyňyz. Eger siz täze işgär bolsaňyz, bu ýagdaý adaty, sebäbi işe girişýänçäňiz wagt gerek bolýar. Eger öňden bäri işläp, haýal işleýän bolsaňyz, munuň sebäplerini anyklajak boluň. Belki ýerine ýetirýän işiňize doly düşünmän bilersiňiz – bu ýagdaýda goşmaça okaň we öwreniň, belki-de bolsa wagtyňyzy tygşytly ulanyp bilýän dälsiňiz.

 

3. Iş wagtynda internetde dostlaryňyz bilen ýazyşýarsyňyz (sosýal ulgamlary)

Iş ýerleriňizde hem işläp, hem her bäş minutdan internetde şahsy hasabyňyza girip, dostlaryňyz bilen ýazyşýan bolsaňyz – bu endigiňizi goýmaklyk nygtalýar. Sebäbi, bu endik işe bolan bar ünsüňizi pozar. Iş ýerleriňizde internetden diňe iş maksat bilen peýdalanmak maksada laýyk bolar. Internetden şahsy maksatlaryňyz üçin peýdalanjak bolsaňyz - onuň üçin ýörite wagt aýyryp goýsaňyz dogry bolar. Meselem, öýlän arakesmede.

 

4. Siz köplenç rugsat alýarsyňyz

Elbetde, zerur işleriňiz bar bolup biler. Emma iş wagtynda yzygiderli rugsat alynsa halanmaz. Rugsat almazdan öň, iň bolmanda işde bolmajak wagtyňyzdaky işiňizi öňünden ýerine ýetirip goýmaklyk dogry bolar. Meselem, 10:00 – 11:00 aralykda rugsat alsaňyz, ir bilen gelip, şol aralykdaky işiňizi öňräginden dynyp goýmaklyk, zerur bolsa işe irräk gelmek.

 

5. Siz ýygy-ýygydan ýalňyşýarsyňyz

Iş ýeriňizde ýumuş berlende ýalňyşmajak boluň. Kä ýalňyşlyklar sebäpli belki işiňizi ýitirip bilersiňiz. Iş ýerine ýetirilende örän ünsli bolmagyňyz, ýerine ýetirilenden soň birnäçe gezek barlamagyňyz maksada laýyk bolar.

 

6. Iş ýeriňizde talap edilýän egin-eşigi (forma) geýmeýärsiňiz we daş keşbiňize serenjam bermeýärsiňiz

Her iş ýeriň düzgün boýunça öz talap edilýän egin-eşigi bar. Üns berseňiz, ähli üstünlikli, başarjaň adamlar egin-eşigini iş ýerlerine doly laýyk geýýärler. Meselem, köýnek, galstuk, kostýum we ş.m. Egin-eşigiňizi talaba laýyk geýip, işe gideniňizde sakgalyňyzy syryp, ýuwunyp, saçyňyzy darap, ýakymly ysly atyrlar sepinip, daş keşbiňize üns berip gitseňiz dogry bolar. Bu - günüňiziň gowy geçmegine we işdeşleriňiz bilen aňsat işleşmegiňize ýardam berer

 

Ýokarda agzalanlar iň ýönekeýleridir. Bu endikleriňiz bar bolsa, olary düzedip, iş ýerleriňizdäki tertip-düzgünleri berjaý etjek boluň, gowy işgär boluň. Ähli uly ýalňyşlyklar kiçilerden başlanýar. Şol sebäpli, tertip-düzgüni diňe iş ýerlerinde däl, ähli ýerlerde hem berjaý edeliň!

 

Soraglaryňyz bolsa bize ýazyň: info@turkmenportal.com

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar