Soňky habarlar

Arhiw

Zähmet rugsady nähili hasaplanýar?

0
38131

Zähmet rugsady nähili hasaplanýar?
Ýaz möwsüminiň gelmegi bilen köpimiz bir ýerlerik gitmegi, dynç almagy meýilleşdirýäris. Elbetde Dynç almak üçin onuň býujetini hem meýilleşdirmek hökmandyr, netijede ýylyň dowamynda ýygnan süýşürintgilerimizi we garaşylýan girdejilerimiziň hasap-hesibini geçmek zerurlygy ýüze çykýar. Garaşylýan girdeji diýip biz edara kärhanalarda işgärlere tölenýän zähmet rugsadynyň tölegini göz öňünde tutýarys. Bu makalada biz size býujetiňizi takmynan meýilleşdirmek üçin, zähmet rugsady barada gürrüň bereris hem-de onuň hasaplanylşyny görkezeris.


Zähmet rugsady barada nirde ýazylýar
Zähmet rugsadynyň dogry atlandyrylşy Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kodeksiniň, VI  bölüminde "Her ýylky esasy rugsat" diýilip atlandyrylyp bu barada giňişleýin aýdylyp geçilýär.

Her ýylky esasy rugsadyň dowamlylygy
Her ýylky esasy rugsadyň dowamlylygy ýylda otuz senenama güni diýlip bellenilýär. Işgär ilkinji işläp başlan ýyly üçin zähmet rugsadyny zähmet şertnamasynyň baglaşylan gününden başlap üznüksiz on bir aý işländen soň alyp bilýär. Ikinji we soňky ýyllary üçin her ýylky esasy rugsady kärhanada bellenilen rugsatlaryň grafigine laýyklykda alyp bilýär.

Her ýylky esasy rugsady başga wagta geçirmek we uzaltmak

Işgär şu aşakdaky ýagdaýlarda her ýylky esasy rugsady başga wagta geçirip ýa-da uzaldyp bilýär:
1) wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolan mahalynda;
2) göwreliligi ýa-da çaga dograndygy boýunça rugsat berlende;
3) her ýylky esasy rugsat okuw rugsady bilen, nika baglaşmak we jaýlama hem-de ýatlama däp-dessurlaryny amala aşyrmak üçin goşmaça rugsat bilen gabat gelende;
4) Her ýylky esasy rugsady almakda päsgelçilik döredýän ýagdaýlar.
Her ýylky esasy zähmet rugsady, işgäriň islegine görä, iki bölege bölünip, iş ýylynyň dürli döwürlerinde berlip bilner.

Ýyllyk zähmet rugsady hasaplananda

Rugsadyň haýsy iş ýyly üçin berilýändigine garamazdan, rugsada gidilýän aýyň öňündäki 12 senenama aýyny jemläp ortaça aýlyk zähmet haky we ortaça günlük zähmet hakynyň möçberi çykarylýar.
Mysal üçin;
Arslan 2018-nji ýylyň awgust aýynda 30 günlük ýyllyk zähmet rugsadyny almagy meýilleşdirýär. Biz Arslanyň ortaça aýlyk zähmet hakyny we ortaça günlük zähmet hakynyň möçberi hasaplamaly. Kodeks boýunça ortaça günlük zähmet haky ortaça aýlyk zähmet hakyny 29,7-ä bölmek ýoly bilen hasaplanýar. (Mysal 1 seret)

  • 22 500 manat  / 12 aý =  1 875 manat ortaça aýlyk zähmet haky
  • 1 875  manat  / 29,7 = 63,13 manat ortaça günlük zähmet haky
  • 63,13 manat x  30 senenama güni =  1893,90 manat

Arslanyň esasy zähmet rugsadynyň möçberi 1893,90 manat (10% girdeji salgydy we gaýry tutumlary aýyrmazdan)  

Lezzetli dynç alyň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar