Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Banky (ÝÖTB) we onuň Türkmenistandaky işi

0
12898

Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Bankynyň (ÝÖTB) Türkmenistandaky wekilligi täze wakalaryny we çärelerini beýan edýär.

Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Banky Türkmenistanda özüniň ýakyn taryhyna seredende, 2018-nji ýyly üçin berk binýadyny emele getirmek üçin aýgytly bolan, wakalara baý ýyllary görýär. Söwdany maliýeleşdirmegiň täze gurallary, täze taslamalary we bilermenler üçin okuwyň giň köpdürliligi arasynda ÝÖTB ýurdyň ösüp barýan hususy pudagynyň ösmegine goşant goşandygy bilen buýsanýar.

ÝÖTB halkara maliýe edarasy bolup, 1992-nji ýyldan bäri Türkmenistan hem onda esaslandyryjy paýdar bolup durýar. Bankyň paýdarlary - bäş kontinentden 69 sany döwlet, şeýle hem Ýewropa Birleşigi (ÝB) we Ýewropanyň Maýagoýum Banky bolup durýar. Bugünki günde ÝÖTB Merkezi Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 30-dan gowrak döwletlerinde, şeýle-hem Günorta we Gündogar Orta Ýer deňiz zolagynda işläp, bazar ykdysadyýetini ilerletmäge we hususy we telekeçilik başlangyçlaryň höweslendirilmegine işjeň şekilde gönükdirilendir. Türkmenistanda ÝÖTB esasanam gönimel ýa-da gytaklaýyn maliýeleşdirmek (ikinjisi ýerli hyzmatdaş banklary tarapyndan üpjün edilýär) görnüşinde maliýe gurallaryny teklip edýär. Maliýe hyzmatlaryna goşmaça hökmünde, ÝÖTB ýerli kärhanalarynyň ÝB-niň kömegi bilen “Kiçi Telekeçilik üçin Maslahatlar” maksatnamasynyň  üsti bilen halkara hünärmenleri we ýerli maslahatçylary bilen birikdirmek arkaly ösmeklerine ýardam berýär.

Bankyň Türkmenistandaky belli maýagoýum taslamalaryň biri – Mary welaýatyndan et, şöhlat we konditerçilik pudaklarynda iş alyp barýan bir maşgala kärhanasy bolan «Täze Ay» Toparynyň ösüşidir. ÝÖTB-nyň maliýeleşdirmegi we maslahatlary bilen, Topar 2013-nji ýyldan bäri et we şöhlat önümleriniň önümçiligini giňeldip bildi, halal önümleriň öndürilmegini artdyryp bildi, konditerçilik we çörek-bulka önümleri üçin täze enjamlary satyn alyp bildi, halkara ykrar edilen hil sertifikatyny alyp, eksporta başlap bildi. ÝÖTB-nyň “Agrobiznes üçin Maslahat” maksatnamasynyň ýolbaşçysy Wiktoriýa Zinçugyň aýtmagyna görä, ÝÖTB bilen «Täze Ay» toparynyň hyzmatdaşlygy, maliýeleşdirmek we maslahat beriş hyzmatlary bilelikde kärhananyň satyşlaryny iki esse artdyrmaga, has netijeli bolmaga, önümleriniň hiliniň gowulandyrmagyna we netijede bazarda öňdebaryjy derejä ýetmäge nädip ýardam berenliginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

ÝÖTB-nyň maliýeleşdirmäge utgaşdyrylan golaýlaşmasy munuň bilen tamamlanmaýar. 2010-2014-nji ýyllaryň dowamynda zawod gurluşygy, enjamlaryň satyn alynmagy we işiniň geriminiň giňeldilmegi üçin ÝÖTB-dan maliýeleşdirme alan «Biýat» piwo öndüriji zawody, birnäçe ýylyň dowamynda ÝÖTB-nyň maslahat beriş taslamalaryna gatnaşdy, bu bolsa önümçilik çykdaýjylarynyň azaldylmagyna, hiliniň ýokarlandyrylmagyna we «Biýat» kärhanasynyň Türkmenistanyň alkogolsyz içgiler bazaryna çykmak üçin göz öňünde tutulan strategiýasyny amala aşyrmagyna getirdi. Ýene-de bir başga, soňky maliýeleşdirme bilen maslahat beriş hyzmatdaşlyklaryň biri, Lebap welaýatynda ýerleşýän guş toplumy «Atamyrat Ali» daýhan hojalygy bilen geçirildi, ol iki sany ene toparyny, özüniň jüýjelerini öndürmek üçin inkubator we awtomatlaşdyrylan iýmitlendiriş enjamyny satyn almak usuly bilen fermanyň dikligine utgaşdyrylmagy üçin 2017-nji ýylda ÝÖTB-dan karz aldy. ÝÖTB «Atamyrat Ali» kärhanasynyň toplumlaýyn maliýe barlagyny, Britaniýanyň öňde baryjy önümçilik kompaniýalarynyň iş saparynda gitmegini, şeýle-hem häzirki halkara maslahat taslamasyna gatnaşmagyny goldady.

Bank tarapyndan Türkmenistanyň hususy pudagyna goldawy, ýerli kärhanalary bilen gönimel maliýeleşdirmek we maslahat beriş taslamalaryna gatnaşmaklyk çäklerinden aşýar. 2015-nji ýylda ÝÖTB, türkmen hususy banky bilen Söwda Ýardam Bermek Meýilnamasy (SÝBM) çäklerinde ilkinji geleşige gol çekip, Türkmenistanda serhet ara söwdany goldady. ÝÖTB dinamiki şekilde ösýän, ýurtda hususy kärhanalara goldaw bermeklige gönükdirilen «Rysgal» bankyna, söwdany maliýeleşdirmek üçin, borçnamalary bolmadyk multiwalýuta mehanizmini üpjün etdi. Söwdany maliýeleşdirmek üçin bolan bu mehanizm daşary ýurtly täjirçilik banklaryna söwdany maliýeleşdirmäge kepillikleri bermek üçin ulanylýar. «Rysgal» bankynyň korporatiw müşderileri üçin bu mehanizm harytlaryň eksport edilmegini we import edilmegini aňsatlaşdyryp, daşary ýurtly harytlary şol ýurdyň içinde paýlanmagyny aňsatlaşdyryp berdi. Kepillikler giden daşary ýurt walýutalarda geleşikleri öz içine alýar.

ÝÖTB prezidenti Suma Çakrabarti 2016-njy ýylda Türkmenistanda iş saparynda boldy we şol saparynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi (TSTB) bilen Özara ylalaşyk barada Memoranduma gol çekdi. Bu memorandum Banka sebitlerden kärhanalary, telekeçileri we aýal-telekeçileri bilen işleşmäge mümkinçilikleri goşdy. Memoranduma gol çekilenden soň bir ýylyň dowamynda ÝÖTB TSTB bilen bilelikde, Mary we Lebap welaýatlarynda telekeçiler üçin biznes-klinikalarynyň, şeýle-hem TSTB-niň Aýal-telekeçiler Kluby bilen bilelikde geçirilen okuw çäreleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk etdi. Hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin, ÝÖTB 2018-nji ýylyň çärelerini aýal-telekeçiler üçin Aşgabat şäherinde dört günlik okuwy bilen başlady we 2018-nji ýyla meýilleşdirilen başga çäreleriniň arasynda ÝÖTB dört welaýatda telekeçiler üçin seminarlary gurnamaklygy meýilleşdirýär.

ÝÖTB geçen ýyl hem ýurtda eksportyň ösmegine goldaw berdi. 2017-nji ýylyň ýatda galan wakalarynyň hatarynda eksporty ösdürmek boýunça iki sany çäre bar: Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň hyzmatdaşlygy bilen we Ýewropa Birleşiginiň maliýe goldawy bilen gurnalan, 20 sany ýerli maslahatçy üçin «Eksporty ösdürmäge ýardam bermegiň serişdeleri we usullary» atly üç günlik seminary we 27 sany ýerli öndürijileri üçin ýarym günlik okuwy geçirildi. Bu ÝÖTB-niň Türkmenistana özüniň eksporty ösdürmek boýunça okuw kurslaryny eltendiginiň ilkinji sapary boldy. Türkmenistanyň kiçi we orta kärhanalaryna gönükdirilen ugury boýunça eksport maslahat bermekde halkara öňdebaryjy bilermeni işe çekmek arkaly ÝÖTB, eksporty ösdürmäge ýardam bermek we import edilýän härytlaryň ornuny doldurmak barada Türkmenistanyň häzirki döwlet meýilnamalarynyň üstüni doldy. Ýerli maslahatçylar dürli sebitlerden 2017-nji ýylyň iýun aýynyň 27-29 aralygynda Aşgabatda geçirilen seminaryň dowamynda türkmen öndürijileriniň halkara bazarlaryna nädip çykmakdygyny hem taýýarlamalydygyny öwrendiler. 30-njy iýunda öndürijiler üçin geçirilen okuw çäresiniň içinde, halkara bilermeni geçen üç güniň esasy nokatlaryny belledi we hazar duzynyň eksport edilmegi, Türkmenistanyň deňi-taýy bolmadyk otlarynyň we nepis halylarynyň eksport edilmegi barada pikirlerini paýlaşdy. Eksporty ösdürmek boýunça çäreleriniň üstünliklerine we ýerli öndürijileriň arasynda mowzuga bolan höwesiň artýandygyna syn edip, ÝÖTB 2018-nji ýylda Eksport strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça has kämilleşdirilen okuwy geçirmegi meýilleşdirýär we welaýatlardaky türkmen öndürijilerine täze taýýarlanan maslahatçylary tanyşdyrmaga umyt edýär.

Ýokarda beýan edilenlere goşmaça hökmünde, ÝÖTB ykdysadyýetiň aýratyn pudaklarynda kärhanalaryň işlerine goldaw berýär. Geçen iki ýylyň dowamynda ÝÖTB halkara hünärmenlere şu pudaklarda iş alyp barýan öndürijileri üçin seminarlary we çäreleri geçirdi: çalt ýerlenýän sarp ediş harytlary, mebel önümçiligi, konditer önümleriniň önümçiligi. Çagyrylan halkara hünärmenler kada bolşy ýaly ýany bilen, pudakda dolandyryş babatynda 15 ýyldan gowrak tejribelerini getirýärler we, kärhanalara ygtybarly ösüş strategiýasyny işläp taýýarlamaga we halkara derejede bäsleşmäge başlamaklaryna ýardam berip bilýärler. Has şahsy binýatda türkmen kärhanalary, ÝÖTB-nyň goldawy bilen 18 aýlyk maslahat beriş taslamalarynda pudakda hünärmenler topary bilen hyzmatdaşlyk edip bilerler. Halkara hünärmenleriň maslahatlaryndan peýdalanýan ýerli kompaniýalaryň arasynda, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda öňde baryjy piwo öndürijileriň biri bolan «Abraýly Kesp» («Ýager» söwda belgisi astynda işleýän) kärhanasy ýer alýar. ÝÖTB kompaniýany piwo gaýnatmak boýunça tejribeli çeh bilermeni bilen duşyrandan soň, bu çeh bilermen «Abraýly Kesp» kärhanasyna özüniň barlaghanasyny taslamalaşdyryp enjamlaşdyrmaga, piwo gaýnatma prosesini iň oňat Ýewropa tejribelerine laýyklykda gowulandyrmaga we täze önümi işläp taýýarlamaga ýardam berdi, we şeýlelikde kompaniýa, sebitde «Ýager» önümine bolan talapdan yzda galmazlyk üçin günlik önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrdy. ÝÖTB-den maýagoýum we maslahat çekilmegiň netijesinde, «Abraýly Kesp» kärhanasy häzirki wagtda Aşgabat bazaryna girmegi boýunça ýene-de şol halkara hünärmeni bilen ikinji maslahat beriş taslamasyna gatnaşýar.

Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Bankynyň Türkmenistandaky wekilliginiň başlygy Engin Göksu şeýle diýdi: «Maliýe we maslahat beriş hyzmatlaryny bermek arkaly telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek üçin, ÝÖTB türkmen hususy sektory bilen işjeň şekilde işlemegi dowam eder».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar