Soňky habarlar

Arhiw

Tax Free: daşary ýurtlarda söwda edilende nähili tygşytlamaly?

0
5301

Tax Free daşary ýurtlarda satyn alnan harytlaryň bahasynyň 8-27 göterimine çenlisini yzyna gaýtaryp almaga mümkinçilik berýär. Muny neneňsi amala aşyrmaly?

 

Tax Free näme?

Tax Free — bu daşary ýurtly raýatyň satyn alan harydyna goşulan baha salgydynyň gaýtarylyp berilýän ulgamydyr.

Goşulan baha salgydy harydyň ahyrky bahasynyň içine girýär. Bu pul serişdeleri satyjy tarapyndan döwlet býujetiniň hasabyna geçirilýär, soňra ol serişdeler dürli durmuş maksatnamalaryna ulanylýar. Daşary ýurtly raýatlar ýurduň durmuş maksatnamalaryna gatnaşmaýarlar, şonuň üçin hem olar salgyt tölemekden boşdurlar. Bu hukuk indirimleriň üsti bilen däl-de, ýurtdan çykylan wagtynda artykmaç tölenen serişdeleriň gaýtarylyp berilmegi arkaly amala aşyrylýar.

 

Näçe tygşytlap bolýar?

Gaýtarylyp berilýän pul serişdeleriniň möçberi söwda işleri geçirilen aýratyn alnan ýurtda kesgitlenen goşulan baha salgydynyň möçberine baglydyr. Iň az dereje 8 göterim. Ýaponiýada ine şu möçberde Tax Free kesgitlenendir. Ýurtlaryň sanawynda Tax Free gaýtaryp bermekde iň jomardy Wengriýadyr. Bu ýerde bahanyň 27 göterimi gaýtarylyp berilýär.

Şunuň bilen birlikde, hakykatda gaýtarylyp berilýän pul serişdeleri syýahatçynyň bil baglanyndan görnetin az bolup biler. Adatça pul serişdeleri magazin bilen şertnama baglanyşan çet bir guramanyň üsti bilen gaýtarylyp berilýär. Araçy edara hyzmatlary üçin serişdeleriň bir bölegini özüne alar. Tax Free bilen iş salyşýan iri kompaniýalar — Premier Tax Free, Global Blue, Innova Tax Free.

 

Tax Free almak üçin näme satyn almaly?

Köp sanly ýurtlarda egin-eşik, köwüş, hojalyk we elektron harytlary, sagatlar we zergärçilik önümleri satyn alnanda salgytlar gaýtarylyp berilýär.

Şunuň bilen birlikde kitaplar, iýmit önümleri, derman serişdeleri, sowgatlyklar hem-de hyzmatlar daşary ýurtlulara GBS gaýtaryp bermek aktyna laýyk gelmeýär.

 

Tax Free-ni nädip almaly?

Söwda etmeli

Tax Free gaýtaryp bermek üçin çek berýän magazinleriň gapysynda ýa-da aýnasynda degişli nakleýka ýerleşdirilýär. Maglumat adatça iňlis dilinde goýulýar.

Nakleýkada şeýle hem gaýtargyny resmileşdirjek kompaniýaňyzyň ady görkezilendir.

 

Tax Free çeklerini resmileşdirmek

Her ýurtda Tax Free çeklerini resmileşdirmek üçin iň az mukdar kesgitlenilýär. Mysal üçin, Germaniýada – 25 ýewro, Fransiýada – 175 ýewro, Gollandiýada – 50 ýewro, Beýik Britaniýada – 30 funt-sterling, Argentinada – 70 argentin pesosy, Ýaponiýada – 5 müň ýen we Türkiýede - 108 TL .

Bu möçberdäki satyn almalar bir çekde resmileşdirilmelidir. Iri söwda merkezlerde köplenç siziň dürli magazinlerden eden söwdalaryöyz baradaky maglumatlary bir umumy resminama ýygnap berýän ýörite bölümler hereket edýär.

Azyk we azyk däl harytlary bir çek edip bolmaýar.

 

Gümrükhanada ştamp goýmaly

Söwda edilen ýurtdan çykylanda şol harytlaryň ýurtdan çykarylýanlygy barada ştamp goýdurmaly. Munuň üçin bu gullugyň işgärlerine çekleri we ulanylan alamatlary bolmadyk gaplanan harytlary görkezmeli. Ynandyryjylyk üçin magazinleriň öz paketlerini saklamak bolar.

Ýewropa Bileleşigi ýurtlary bitewi zolak hasaplanylýar, şonuň üçin hem bu ýagdaýda ştamp ÝB-niň haýsy ýurdundan çykylýan bolsa, şol ýurduň belligi goýulmaly.

Ştamplar gümrükhananyň ýörite edarasynda goýulýar, bu edarany Tax Free office ýazgysy boýunça gözlemeli. Eger-de ol hasaba alyş nokatlaryndan öň ýerleşen bolsa, olara ýüz tutup, degişli möhür alyp bilersiňiz. Kähalatlarda Tax Free resmileşdirmegiň gümrük edarasy hasaba alyş nokatlaryndan aňyrda ýerleşýär. Bu ýagdaýda satyn alnan harytlary aýratyn el goşlary hökmünde aýratyn goýuň. Bu satyn alnandygyny tassyklamak üçin gerek.

Çekleriň öz ýaramlylyk möhleti bar. şol möhletiň dowamynda olarda gümrük gullugynyň möhüri goýulmaly. Köplenç ýagdaýlar möhür satyn alnan möhletinden soň üç aýyň dowamynda resminamalarda möhür goýmaly. Şweýsariýada, Norwegiýada, Marokkoda bu möhlet bir aýa çenli gysgaldylan.

 

Pul serişdelerini almak

GBS-i material görnüşinde (nagt) üç usulda alyp bolýar:

1. Aeroportda

Gümrük gullugynyň möhüri goýlan çekler bilen siziň resminamalaryňyzda görkezilen Tax Refund kompaniýasynyň edarasyna ýüz tutuň. Gerekli pul mukdaryny nagt görnüşde ýa-da siziň kartyňyza geçirip bolar.

Kompaniýa nagt görnüşinde gaýtaryp berende, göterim saklap bilýär, karta geçirilende göterim tutulmaýar.

Käbir kompaniýalar aeroportlarda ýörite poçta gutularyny ornaşdyrýarlar. Şol gutulara gümrük gullugynyň möhürli we bank kartynyň nomerleri bolan çekleri atyp bolýar. şol karta pul geçýär.

 

2. Guryýer arkaly serhetden geçilende

Tax Refund edarasy barlag-geçiriş nokadynda ýerleşip biler. Bu ýagdaýda edaranyň işgärinden ştamp almaly, soňra pul serişdelerini gaýtaryp almak üçin ýüz tutmaly.

 

3. Poçta arkaly

Gümrük gullugynyň möhüri bolan seki araçy kompaniýa poçta arkaly ugradyň. Salgy resminamanyň özünde görkezilmeli. Berlen forma bank kartynyň sanyny ýazmagy unutmaň. Ortaça 1-2 aýdan pul serişdeleri hasabyňyza geçer.

 

4. Bankda

Käbir ýagdaýdalarda pul serişdelerini Tax Free töleglerini geçirýän araçy kompaniýa bilen aragatnaşyk saklaýan banklaryň biriniň üsti bilen hem alyp bolar. Global Blue «Inteza» bankynyň üsti bilen Kaliningradda, Moskwada we Sankt-Peterburgda pul serişdelerini berýär, Pskowda - «Slawiýa AKB»; Innova Tax Free – SMPbankyň üsti bilen Moskwada Çelýabinskde, Sankt-Peterburgda, Kaliningradda, Ýekaterinburgda berýär. maliýe edaralarynyň doly sanawyny öz araçyňyzyň saýtynda görmek bolýar.

Seýrek ýagdaýlarda GBS haryt satyn alnan magazinlerde şol wagtyň özünde gaýtarylyp bilner. Ýöne soňra gümrük gullugynyň möhüri goýlan Tax Free çekini hökmany suratda poçta arkaly ugratmalydyr. Eger beýle esilmese, onda pul serişdeleri siziň kartyňyzdan alnar.

 

Näme üçin GBS gaýtaryp bermekden ýüz dönderip bilerler?

  • Tax Free formasy ýalňyşlyklar bilen doldurylan bolsa.
  • Eger-de siz satyn alan ýurduňyzda harytlaryň ýurtdan çykarylýanlygy barada gümrük gullugynyň möhürini goýmadyk bolsaňyz.
  • Kassa çekindäki we Tax Free formadaky seneler gabat gelmeýär. Bu kada hemme ýurtlarda ýöredilmeýär. Mysal üçin, Ispaniýada dürli günlerde satyn alnan harytlar jemlenilýär.
  • Düzgüne laýyklykda, siz gümrük gullugynyň möhüri goýlan GBS almak üçin çek bilen üç aýdan başlap (Belgiýa, Gresiýa we başgalar), tükeniksizlige çenli (Niderlandlarda, Litwa, Liwan) ýüz tutup bilýärsiňiz. Tejribede bu uzaga çekdirilmese gowy bolar. Ýogsam size GBS gaýtarylman bilner.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar