Soňky habarlar

Arhiw

MILLIONERIŇ HAÝYR-SAHAWATY

0
3516

Dünýä belli ykdysady neşirler millionerleriň sanawyny yzygiderli çap edip durýarlar. Olarda dünýäniň ähli künjüne wekilçilik edýän adamlaryň atlaryna duşmak bolýar. Hytaýly Sýun Şuihuanyň ady bolsa diňe bir ykdysady neşirlerde däl, eýsem dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ençemesinde agzalyp geçildi. Eýsem, munuň nähili sebäbi barka?

Onuň gurluşyk pudagynda özüniň millionlaryny gazanandygy üçinmikä? Onuň üçin däldir. Sebäbi dünýäde müňlerçe adam şol pudakda özüniň millionlaryny gazandy.

Ýa polat guýýan zawodyň eýesi bolanlygy üçinmikä? Munuň üçinem däldir. Ady agzalan zawodlar hem dünýäde sanardan kän.

Öz watandaşlarynyň haýyr-sahawat maksatly taslamasyny ilkinjileriň hatarynda dünýä «buşlan» hytaýly žurnalistler Sýun Şuihuanyň meşhurlygynyň «syryny» äşgär etdiler.

Ýaşy 60-a ser uran millioner Sýun Şuihua işewürlik dünýäsinde belli bir sepgide ýeteninden soňra özüne bu işde ýakyndan kömek eden obadaşlarynyň 18-sine ähli amatlyklary bolan kaşaň jaýlary sowgat edipdir.

Ýöne ol munuň bilen çäklenmändir. Özüniň kemala gelen obasynyň hemme ilatynyň täze jaýda ýaşamagyny üpjün etmegi ýüregine düwüpdir. Şeýlelikde, ol köne jaýlaryň ornundan ýene-de 72 maşgala üçin täze jaýlary gurup beripdir. Bir söz bilen aýdanyňda, ol uçdantutma ähli obadaşlaryna täze jaý sowgat beripdir.

Makalanyň çeşmesi: "Aşgabat" gazeti

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar