Bilim tehnologiýalary

0
12352

Bu günki gün ýaşaýan döwrümiziň iň esasy aýratynlyklarynyň biri ol hem ylym-bilimiň we tehnologiýanyň adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik tizlik bilen ösýänligidir. Bu bolsa öz gezeginde öňki bar bolan maglumatlaryň barha tiz könelişmegi diýmekdir. Maglumatlaryň tiz könelişmegi bolsa täze maglumatlary öwretmek we öwrenmek zerurlygynyň ýüze çykmagy diýmekdir. Ylym-bilim ulgamynda täze maglumatlaryň öwredilmegini bolsa diňe innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrmak mümkindir. Başgaça aýdanymyzda, bilim tehnologiýalary diýilýän okuw maksatly elektron enjamlary döwrümizde netijeli bilim bermekde esasy serişdeler hökmünde rol oýnaýar. Çünki çaga eýýäm mekdebe barmanka elektron enjamlar bilen ösüp ulalýar. Oýnaýan oýunlaryndan başlap, tomaşa edýän multfilmlerine çenli ählisi täze tehnologiýalar bilen baglanyşykly bolansoň, bu günki gün ylym-bilim ulgamyny bilim tehnologiýalaryny ulanmazdan göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Eýsem, bilim tehnologiýalary okuwçynyň öwreniş ukybyna nähili täsir edýär?

Okuwçy mekdepde okap öwrenen maglumatlarynyň 10%-ini, diňläp öwrenen maglumatlarynyň 20%-ini, tomaşa edip öwrenenleriniň 30%-ini, hem diňläp, hem tomaşa edip öwrenen maglumatlarynyň 50%-ini, sözläp, gürrüň berip öwrenenleriniň 70%-ini, ýerine ýetirip öwrenen maglumatlarynyň 90%-ini ýatda saklap bilýär. Munuň özi bolsa bize häzirki wagtda bilim tehnologiýalary arkaly tomaşa etdirip, diňledip, özüne ýerine ýetirdip, görkezip öwretmäge mümkinçiligiň bardygyny äşgär edýär. Diýmek, biz bilim tehnologiýalary arkaly adaty, ýagny nusgawy ders usullaryndan saplanyp, interaktiw ders usulyna geçmäge mümkinçilik gazanýarys. Eýsem, bu babatda bize nähili tehnologiýalar ýardam edip biler?

 

Kompýuter

Synpymyzda kompýuteriň bolmagy dürli multimedia serişdelerinden – audio-wideo ýazgylardan, dürli çykyşlardan peýdalanmaga ýardam edýär. Kompýuterli synplarda mugallym dürli görkezme esbaplarynyň üsti bilen täze temany düşündirmek, özleşdirmek işlerini göwnejaý guraýar. Okuw maksatly programmalary ulanmak arkaly dersiň gyzykly bolmagyny gazanýar. Elbetde, bärde kompýuteriň internet ulgamyna birikdirilen bolmagy hem örän möhümdir. Çünki kompýuteriň diňe özi dersiň netijeli geçmegine 30% goşant goşýan bolsa, internet ulgamy dersiň netijeli, gyzykly geçmegine 100% goşant goşýar. Şeýlelikde, dersiň netijeliligi iki esse ýokarlanýar. Emma bärde mugallymyň kompýuterden we internetden peýdalanmak endiginiň-de güýçli bolmagy zerurdyr.

 

Synp web sahypasy

 Internet ýa-da network aragatnaşygynyň mümkin bolan ýerinde synpyň web sahypasynyň taýýarlanylmagy okuwçylaryň işleriniň elektron görnüşde seljerilmegini, baha berilmegini, dünýä ýurtlarynyň mekdepleri bilen aragatnaşyk saklamaklygy ýola goýmaga ýardam edýär.

 

Proýektor we interaktiw tagta

Häzirki wagtda interaktiw usulda ders geçmek diýleninde diňe proýektory, kompýuteri we interaktiw tagtany ulanyp ders geçmeklik ýeterlikdir öýdülýär. Emma asyl interaktiwlik – munuň özi mugallym merkezli ders usulyndan saplanyp, okuwçy merkezli ders usulyna geçmeklikdir. Çünki mugallymyň ýeke özi ähli zady düşündirip, okuwçylaryň bolsa demini çykarman oturmaklary interaktiw usul däldir. Şol sebäpli-de, interaktiw tagta okuwçynyň ähli öwrenýän maglumatlaryny ýerine ýetirip, synap görmegi üçin ulanylmalydyr. Täze tema tomaşa edilýän diňlenilýän, ýazylýan, okalýan we ýerine ýetirilýän gönükmelerden ybarat bolmalydyr. Şol gönükmeleriň ýerine ýetirilmegi bolsa okuwçylar tarapyndan interaktiw tagtada amala aşyrylmalydyr.

 

Kabelsiz synp mikrofonlary

Synpdaky goh-galmagal zerarly köplenç halatda mugallym öz sesini okuwçylaryna eşdirmekde kynçylyk çekýär. Munuň üçin bolsa kabelsiz synp mikrofonlary ulanylýar. Ýakada durýan mikrofon synpyň dört burçunda berkidilen ses çykaryjy enjamlar arkaly mugallymyň sesini gatldyp çykarýar. Bu bolsa köp okuwçyly synplarda mugallymyň sesiniň yzky partada oturýanlara çala eşidilmeginiň, şeýle hem mugallymyň gaty sesde ders düşündirip özüne agram salmagynyň öňüni alýar.

 

Mobil enjamlar

Mobil enjamlar – munuň özi ýanymyzda götermäge amatly enjamlardyr. Mysal üçin batareýaly monitorlar, kompýuteri uzakdan dolandyryjylar, lazer yşykly galamlar... mugallyma dersi synpyň islendik ýerinde durup düşündirmäge ýardam edýär.

 

Kompýuter oýunlary

 Öwrediji kompýuter oýunlarynyň hem okuwçylara dersi netijeli düşündirmekde we olaryň bilimini barlamakda örän uly ähmiýeti bardyr. Şol bir gönükmäni nusagwy usullarda işlemegiň deregine, kompýuter oýunlary arkaly amala aşyrmak dersiň gyzykly geçmegine hem-de okuwçylaryň derse höweli gatnaşmagyna ýardam edýär. Muňa mysal edip, Makromedia Flaş programmasynda taýýarlanylan oýunlary görkezmek bolar.

 

Internet aragatnaşyk ulgamy

Eger-de, synpda internet ulgamyna birikdirilen kompýuter bar bolsa, munuň özi siziň synpyňyzda dünýäniň iň uly elektron kitaphanasy bar diýmeklikdir. Çünki mugallym häzirki wagtda internet ulgamyndan islendik ders üçin okuw gollanmalaryny, görkezme esbaplaryny, testleri, çykyşlary alyp, olary öz dersine uýgunlaşdyryp bilýär. Dersleri dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanyp geçmäge mümkinçilik döreýär. Wideo konferensiýalary gurap, dünýä ýurtlarynyň okuwçylary bilen pikir alyşmak endikleri, daşary ýurt dillerini özleşdiriş kämillikleri artýar.

 

Wirtual synp

Häzirki wagtda “e-learning” ady bilen giňden tanalýan uzak aralykdan okuw wirtual synpyň iň gowy mysalydyr. Okuwçy öýünde kompýuteriň başyna geçip onlaýn usulda mugallymlaryň derslerine gatnaşýar. Mugallym birbada onlaýndaky ähli okuwçylar bilen aragatnaşyk saklamak arkaly olaryň düşünmedik ýerlerini gaýtadan hem düşündirýär. Wirtual synplaryň amatly taraplary onlaýn derslerini dünýäniň dürli ýurtlarynyň mugallymlarynyň okatmak mümkinçiliginiň bolmagydyr. Şeýlelikde, okuwçylar bir wagtyň özünde bir-iki hünäri hem deň-derejede alyp bilýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar