Soňky habarlar

Arhiw

Aýaklarymyz hakynda 7 hakykat

0
11536

Dünýäniň gurluşyna görä, käte hat-da biz üçin adaty we tanyş bolan zatlaryň hem düýbünden täze taraplary açylýar. Mysal üçin, eger-de adamyň aýagynyň gurluşyna inženerçilik nukdaýnazaryndan seretsek, onda örän oňat düzülen, juda ygtybarly we uly agramalara döz gelmäge ukyply bolan mehanizmi göreris. Suratkeş ýa-da şahyr üçin zenan aýaklary ylham çeşmesi bolup bilerler. Trawmotolog (döwük-ýenjik bejerýän lukman) üçin bolsa ol diňe bir süňklerden we damarlardan ybaratdyr. Biziň şu aşakdaky gyzykly hakykatlarymyzyň arasynda siz aýaklarymyz hakynda ýene-de birnäçe dürli-dürli garaýyşlar bilen tanyşarsyňyz.

1. Biziň aýaklarymyz irden kiçiräk bolýar

Adatça agşama çenli adamyň dabanynyň göwrümi ulalýar. Üstesine-de ertirki we agşamky ölçegleriň tapawudy 8%-e çenli ýetip bilýär. Şonuň üçinem, eger-de siz täze köwüş alynmak isleseňiz, onda muny günüň ikinji ýarymynda ediň. Ters ýagdaýda, siz özüňize dar boljak jübüt köwüşi satyn almagyňyz ahmal.

2. Aýaklaryňyzy aýaň!

Biziň bedenimiziň ähli süňkleriniň takmynan dörtden biri aýaklarymyzda ýerleşýär (206-dan 54-üsi). Şonyň bilen birlikte ýönekeý pyýada ýöreleninde-de, sport bilen meşgullanylanda-da esasy agram hut daýanç-hereket ulgamyna düşýär. Meselem, ylgawyň käbir pursatlarynda dabana  düşýän agramyň möçberi adamyň öz agramyndan 3-4 esse ulydyr. Statistika boýunça, şikesleriň we zeper ýetmeleriň uly bölegi hut aýaklaryň paýyna düşýär.

3. Bir ýerde duranyňdan ýöräniň ýagşy

Pyýada ýörelýän wagty bedeniň durnuklylygy, bir ýerde duranyňdaky bilen deňeşdireniňde birnäçe esse ýokarlanýar. Bu biomehaniki fenomen (täsinlik, üýtgeşiklik) häzire çenli öwrenilen däldir. Emma bir ýerde durmagyň ýöremege garanyňda has surnukdyryjylygy hut şol hakykat bilen düşündirilýär.

4. Zenan aýakgaplarynyň howpy

Aýakgabyň ökjesiniň her 2 santimetr beýikligi aýagyň barmaklaryna düşýän basyşy 25% ýokarlandyrýar. Aýal-gyzlaryň 90%-ine golaýy özlerine kiçi we dar bolýan köwüşleri geýýärler. Şol sebäpden-de, aýallarda aýaklar bilen baglanyşykly keseller erkek adamlara görä 4 esse köp ýüze çykýar.

5. Aýakgabyň ýakymsyz yslanmagynyň sebäbi

Aýaklarda takmynan 250 000-e ýakyn der mäzleri bolup, olar günüň dowamynda 400 millilitr möçberde deri bölüp çykarýarlar. Hakykatda, käte aýakgaplardan gelýän beýle ýiti ys deriň özünde ýokdur. Joraplarda we aýakgapda bakteriýalaryň köpelmegi üçin oňaýly bolan ýyly we çyg gurşaw emele gelýär. Şol bakteriýalar ýakymsyz ysyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

6. Iň gadymy köwüşler.

Aýakgabyň iň gadymy jübüdi 2008-nji ýylyň sentýabrynda Ermenistandaky Areni gowagynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapyldy. Tapyndy eneolit döwrüne (b.e.öňki 3600-3500-nji ýyllar) degişli edilýär. Olar “çaroha” diýlip atlandyrylýan ýiti uçly, ýumşak köwüşlerdir. Bu aýakgap ermeni obalarynda ýaňy-ýakynlara çenli geýlen köwüşlerden kän bir tapawutlanmaýar.

7. Pyýada ýöremegiň peýdasy.

Pyýada ýöremek beden işjeňliginiň iň elýeterli we howpsuz görnüşi bolup durýar. Hut şol sebäpden hem, lukmanlar bejeriş türgenleşikleriniň esasy serişdesi hökmünde hut pyýada ýöremegi belleýärler (maslahat berýärler). Käbir barlagçylar pyýada ýöremek özüniň bedene edýän täsiri boýunça ylgawy hem öňürtýär diýip hasaplaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar