Sowujak tomus çaýy

0
5118

Tomusyň yssy günlerinde salkynlyk we serginlik islenilýär. Sowuk çaý yssa we teşnelige garşy örän gowy kömekçi bolup biler. Ony taýýarlamak üçin size gerek bolan zatlar:

— 20 g ýaprakly gara çaý;
— 2 limon;
— 2 apelsin;
— 1 laým
— 150 g şeker;
— 150 g klubnika miwesi;
— 20 g ter narpyz ýapragy

Taýýarlanylyşy:

1.Narpyzyň ýapraklaryny akyp duran sowuk suwda ýuwuň. Soňra ýapraklary gurar we birneme süllerer ýaly, ony garaňkyrak sowuk ýerde ýapraklary aşak görnüşde baldaklaryndan asyp goýuň.

2.Ýaprakly gara çaýy gaýnadylan uly gaba atyň. Çaý gaýnatmak üçin, iň gowusy, bitin ýa-da iri ýaprakly bölejikleri almaly. Gaýnadylan gap hökmünde aýna ýa-da keramika gaplaryndan peýdalanmak maslahat berilýär. Demir ýa-da plastik gaplary almaň, olarda çaý ýapragynyň tagamy doly açylmaýar.

3.Narpyzyň guran ýapraklaryny baldagyndan aýryp, ortaça bölekler görnüşde kesişdiriň. Olary gaýnadylýan gaba — ýaprakly gara çaýyň üstüne goşuň we üstüne gaýnap duran suw guýuň. Soňra gaby galyňrak polotense bilen basyryň-da, iki sagatlap degmäň.

4.Laýmy, apelsini we limony gowuja edip ýuwuň. Kiçeňräk gyrgyç alyp, oňa sürtüp laýmyň gabygyny aýryň. Laýmyň galan bölegini sykyp, şire ýasaň. Apelsin bilen limonyň hem gabygyny aýryp, şire ýasaň.

5.Klubnikany ýuwuň, guradyň, ýaprajyklaryny aýryň. Ony blenderde ýaýyň. Soňra gaýnadylan çaýyň üstüne şeker, ýaýylan klubnika, apelsin, limon we laýmyň şiresini goşuň. Üstüne ýene-de gaýnag suw guýup, garyndyny suwaltmaly we ýene bir sagat goýmaly. Soňra süzgüçden geçirip, taýýar bolan içgini sowadyjyda goýmaly. Saçaga ýanynda buz bölejikleri we sitrus önümleriniň dogramçalary goýlan görnüşde äberseňiz, ýerine düşer.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar