Şampun barada 10 maglumat

0
27025

1.Ilkinji şampun 1881-nji ýylda peýda boldy, onuň ilkinji marketing kompaniýasy bolsa “umumy ulanyş üçin sabyn” diýen ýaly atlandyryldy. Satyjylar sabyn diňe bir şahsy arassaçylyk üçin däl, eýsem, hajathanany, kir ýuwulýan otagy, naharhanany ýuwmakda hem peýdalanmagy maslahat berýärdiler, onuň çaga-da, ite-de, ata-da, hatda hakyky we ýasama dişleri arassalamaga-da ýaramlydygyny aýdýardylar.

2.1908-nji ýylda Nýu-Ýorkuň iň meşhur gazeti “Saç ýuwmak üçin şampundan nähili peýdalanmaly?” diýen kolonkany okyjylara hödürläp başlady. Çünki adamlaryň agramly böleginde şampun bilen saçyňy ýuwmak barada asla düşünje ýokdy.

3.Gazet kolonkasynyň esasy täzeçilligi şol wagtlar ýörgünli bolan alty hepdede bir gezek saçyňy ýuwmaga derek her iki hepdeden ýuwmagy ündeýänligindedi.

4.Haçan-da, siz şampuny eliňize çalaja sykan halatyňyzda Keýiň netijeliliginiň — şampunyň şol sähelçe damjasynyň sanlyja sekuntdan aşakdan ýokaryk urýandygynyň sebäbini düşündirmek üçin alymlara 40 ýyl gerek boldy.

5.Şampunlaryň ählisiniň düzüminde silikan bar, ol saçlaryň goragy üçin möhümdir. Çünki şampunyň düzümindäki beýleki goşundylar saçyň tüýjümek kökleri tarapyndan ösdürilýän tebigy suw geçirmeýän gatlagyny ýuwýar.

6.Şol bir görnüşli, ýöne dürli bazarlar üçin niýetlenen şampunlar öz düzümi boýunça tapawutlanýarlar. Munuň özi anyk ýurt üçin häsiýetli bolan suwuň himiki düzümi bilen baglanyşyklydyr. Tebigy talh suwly (ýokary minerallaşdyrylan) ýurtlarda ýokary derejede köpürjikler ýaly, şampuna polimerler goşulýar.

7.Çagalara niýetlenen şampunlar bary-ýogy öz düzüminde çyglandyrýan maddalaryň, şeýle hem polimerleriň öz mukdaryny saklaýar. Çünki çagalaryň deri mäzleri ulularyňka garanyňda azrak syry özünde jemleýär. Çagalaryň saçlarynyň daşky görnüşiniň arassa — ýelmeşmeýän we gataňky däl görnüşde köpräk saklanýandygy hem şonuň üçindir.

8.NASA astronawtlara ýuwulmagy talap etmeýän şampunlary berýär. Olary ulanylandan soň, diňe polotense bilen süpüräýmek galýar. Ýöne bu köpürjiksiz şampunlar ýörite NASA-nyň barlaghanasynda döredilen däldir. Ilkibaşda olar ýuwnup-ardynmaga ukypsyz adamlaryň ýatan hassahanalary üçin taýýarlanyldy.

9.2011-nji ýylda ýapon alymlary şepagat uýalaryna we hassa seredýänlere kömek üçin saç ýuwýan robotlary döretdiler. Robot tebigy şertlere laýyk saç ýuwmak üçin 8 jadyly barmaklar bilen üpjün edilendir.

10.Adaty şampun ýüňli jandarlaryň täze görnüşlerini kesgitlemäge ýardam etdi. Alymlar bary-ýogy muzeýlerdäki ýüňleri şampun bilen ýuwdular, munuň özi häsiýetli bolmadyk bakteriýalary aýyrmaga we gazylyp alnan jandarlaryň arassa DNK-syny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.                

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar