Soňky habarlar

Arhiw

Çilim çekýän ene-atalaryň çagalary semizlikden köp ejir çekýärler

0
6080

Alymlar çilim çekýän ejeleriň we kakalaryň öz körpelerini semremäge mejbur edýändiklerini anykladylar.

RIA Nowosti habarlar agentligi habar berýär: öz kiçi ýaşly çagalarynyň ýanynda çilim çekýän ene-atalar şol körpejeleriň 10 ýaşyna semizlikden ejir çekip başlamaklarynyň howpuny üzül-kesil ýokarlandyrýarlar. Bu maglumatlar ilkinji gezek NicotineandTobaccoResearch žurnalynda çap edildi.

Alymlar çilim çekýän we çekmeýän ejeleriň we kakalaryň iki müňüsiniň çagalarynyň saglyk ýagdaýy boýunça maglumatlary deňeşdirip gördüler. Netijede bir ýaşyndaky ýa-da çagalar bagyna gatnaýan körpäniň ýanynda çilim çekilende, bu onuň agramynyň indeksini tas bir birlige, biliniň ýogynlygyny bolsa 1,5 santimetre çenli artdyrýandygynyň üstüni açdylar.

Monreal (Kanada) uniwersitetinden bolan Linda Pagani temmäki tüssesiniň şeýle üýtgeşmeleri nikotiniň we beýleki duýduryş molekulalarynyň we olarda saklanýan zatlaryň gipotalamusa — beýniniň garmonal merkezine aralaşyp bilýändigi, şeýle-de, onuň işleýşini mazaly üýtgedýändigi sebäpli ýüze çykýandygyny düşündirýärler. Çagalarda şeýle güýçli täsire düşme körpelere ululara garanyňda howanyň 2-3 esse artyk gerek bolýanlygy bilen baglanyşyklydyr.

Şol artyk 1,5 santimetr kesgitleýji ähmiýete eýedir. Haçan-da, çaga üç ýaşyny dolduranda, ösüşiň aýratyn döwri başlanýar, onuň barşynda körpäniň ýag dokumalaryny tutuş göwräniň galan bölegi bilen örän çalt ösüp başlaýar. Onuň ösüşindäki islendik kadabozulmalara mekdebe çenli ýaşyndaky çaganyň durmuşynyň tutuş galan bölegine öz täsirini ýetirip biler.

"Biz üstüni açan statistik arabaglanyşygymyz hakykatda çaganyň saglygy üçin has güýçli we howpludyr diýip çaklaýarys, çünki ene-atalar, has dogrusy, utanjyndan çekýän çilimleriniň sanyny azaldan bolmaly. Hatda şeýle görnüşde hem onuň täsiri çaga edil çilim çekýän ejäniň göwresinde ýetýän zyýan ýaly, güýçlüdir" — diýip, neşir lukman Paganiniň sözlerini getirýär.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar