Soňky habarlar

Arhiw

Zenanlar öz-özüni surata düşürmäge hepdede bäş sagatdan hem köp wagt sarp edýärler

0
10191

Orta hasap bilen her zenan öz-özüni surata düşürmäge günde 48 minut sarp edýär. Munuň özi hepdede 5,6 sagat, aýda 24 sagat, ýylda bolsa 12 gün diýmekdir.

Adamynyň ajaýyp böleginiň 16—25 ýaş aralygyndaky wekilleriniň 2000-siniň gatnaşmagynda geçirilen barlaglar orta hasap bilen her zenanyň öz-özüni surata düşürmäge günde takmynan 48 minut sarp edýändigini görkezdi. Bu hepdede 5,6 sagat, aýda 24 sagat, ýylda 12 gün diýmegi aňladýar.

Öz-özüňi surata düşürmegiň şowly bolmagy üçin olaryň köpüsi ýüz-gözlerini timarlaýarlar, gerekli ýagtylygy we aýratynlygy gözleýärler. Bir söz bilen aýdylanda, hakyky fotosesiýany — professional derejede surata düşmek hadysasyny gaýtalaýarlar. Şunlukda, aragatnaşyk torlaryna (sosset) günde üç kadr töweregi ýerleşdirilýär. Şowly we şowsuz kadrlaryň gatnaşygy altydan bir bölege deňdir. Iň gowy suratlar ýerleşdirilýän aragatnaşyk torlaryň sany bolsa iň azyndan iki dagy bolýar.

Barlagyň dowamynda sowal-jogap alşylan zenanlaryň her onunjysy telefonynda ýa-da kompýuterinde şeýle suratlaryň iň azyndan 150-sini saklaýar.

Saýtynda sowal-jogap alyşlyk geçirilen saýtyň onlaýn-dükanynyň şef-redaktory Nýubi Hends (Newby Hands) bu ýagdaýa şeýle teswirleme berdi:  “Munuň özi zenanlaryň ählisiniň öz-özüne aşyk bolandygyny aňlatmaýar. Olar ýüz-gözi timarlamak, saçyň owadan bezelmegi bilen bagly pikirlerini paýlaşýarlar we öz joralaryny we okyjylary sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýarlar”.

Gyzlaryň käbiri bolsa asla bu asylly maksada gulluk etmeýärler. Olaryň käbiri köpçüligiň ünsüni çekmek, hatda mümkin bolan ýigidini tapmak üçin özlerini surata düşürýändiklerini gizläp durmadylar. Käbirleri bolsa öňki ýigitleriniň nähili gyzy elden giderendiklerine ahmyr etmekleri üçin surata düşýärler.

Pikir soraşma gatnaşanlaryň 27 göterimi bolsa torlarda mümkin boldugyça köpräk laýk toplamak üçin suratlaryny goýýarlar. Bardy-geldi bu olara başartsa, birnäçe minutdan suratlaryny aýyrýarlar.

Zenanlaryň 10-dan 4-si öz-özüňi surata düşürmegiň olara öz keşbini seljermäge, aýnadan görünmeýän ýetmezçilikleri ýüze çykarmaga kömek edýändigini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar