Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Tagtlaryň oýny(Игра престолов)» serialynyň surata düşürilen 5 ýurdy

0
25998

Aprel aýynda «Tagtlylaryň oýny» serialynyň köp garaşdyran bäşinji möwsümi teleekeranlara çykdy. Elbetde, Gara köşgüň, Şa gämi duralgasynyň, Winterfell galasynyň we Aždarhanyň daşynyň gaýtalanmajak ajaýyplyklarynyň geografik kartalarda ýokdygyna biz örän oňat düşünýäris. Şeýle-de bolsa, ol ýerlere baryp bolýar. Redigo Ýedi şalygyň tebigatyny nireden gözlemelidigini gürrüň berýär.

Beýik Britaniýa

Beýik Britaniýa, has anygy onuň bir welaýaty — Demirgazyk Iordaniýa «Tagtlaryň oýnunyň» surata düşürilen esasy ýeri boldy. Onlarça galaly, epik plýažly, gaýaly hem çemenzarlykly dumanly Irland tebigaty söweşler, urug dawalary, kowgular we dabaraly toý-tomaşalar üçin tüýs jüpüne düşen ýere öwrüldi. Belfastyň golaýyndaky hut şol ýerde Starklaryň dogduk mesgen-mekany bolan Winterfell galasynyň ornuny tutan ýeri tapyldy. Ol XVIII asyra degişli Uardyň Köşgi we içki howlusydyr. Mundan başga-da, serialyň ilkinji wakalary surata düşürmek işleri Şotlandiýanyň, hakykatdan-da, Winterfelli ýatladyp duran Doun köşgünde alnyp baryldy. Morn daglarynda dotrakiý şäheri BaecDotragyň tebigaty, onuň golaýyndaky gözel tabigatly Tollimor seýil bagynda bolsa demirgazyk tokaýlyklaryna degişli birgiden sahnalar (mysal üçin, Jon Snou bilen RobbStorkyň tokaýda gurt çagalaryny tapyşlary ýaly) surata düşürildi. Daunhill plýažynda döredijilik topary Aždarhanyň daşynyň ýanynda Ýedileriň ýakylyşyna degişli sahna bezeglerini ýerine ýetirseler, Larn şäherçesiniň golaýyndaky Mageramern dag magdanlary köwlüp çykarylýan ýerini bolsa Gara köşgüň «keşbine» girizdiler. Serialdaky Demir adalar bolsa hakykatda Ballintoý aýlagydyr.

Horwatiýa

“Tagtlaryň oýnunyň” üçünji we dördünji möwsümleri Dubrownikde — onuň Köne şäherinde surata düşürildi. Bu ýer Şa gämi duralgasynyň ornuny tutdy. Orta syrlara degişli köçejiklerde şäherliler bilen bagly, sahnalar surata düşürilse, gelşikli jaýlar baý-begleriň eýwanyna öwrüldi. Şeýle hem Şa köşgi, Lowrenas galasy, Sponsuň köşgi we Minçet diňi özboluşly keşbe girizildi. Lokrum adajygynda döredijilik toparytaslanyp tapylan Kwart şäherini „ýerleşdirdiler“ (bu ýere öz aždarhalary bilen Deýeneriň Targariýan gelýär). Arboretum Tresteno bag-bakjalygy bolsa Şa gämi duralgasynyň barjamly adamlarynyň gezim edýän ýerine öwrüldi.

Malta

Maltanyň ululygy boýunça ikinji adasy bolan Gozo kinoçylar tarapyndan Daýeneris Targariýen bilen drakiýleriň goşun serkerdesi khalaDrogonyň toýunyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanylyp alyndy. Bu dabaralar üçin belli Lazur penjiresini — deňziň üstünde howalanyp duran dag arkasyndan peýdalanmazlyk asla mümkin däldi. Ýöne surata düşüriş işleri bu ýeriniň ajaýyp tebigatynyň ekoulgamyna düýpli zelel ýetirdi. Şonuň üçinem, myş-myşlara görä, ýurduň hökümeti kinonyň döredijilik toparyndan garasyny saýlamagy talap edipdir (şu sebäbe görä, soňky möwsümler Maltada däl-de, Horwatiýada surata düşürildi).

Serialyň ilkinji wakalarynda Gozodan başga-da Mdina  we  Walettanyň köne deňli galalaryny, egrem-bugram köçelerini synlamak bolýar. Bu şäherler göýä diýersiň, köp asyr mundan ozal doňdurylyp goýlan ýaly, olar — taryhy filmleri surata düşürmek diýseň amatly. „Tagtlaryň oýny“ bu ýerde alnan filmleriň üstüni ýetirdi. Olaryň arasynda „Gladiator“, “Troýa”, “Da Winçiniň kody”, “Odisseý”, “Ýuliý Sezar” we beýlekiler surata düşürildi.

Islandiýa

Müňýyllyk buzlyklary bolan ýurtda Westerosyň demirgazyk çeti adamlary akmeňiz pyýadalardan goraýan Beýik diwaryň aňyrsynda ýerleşýän ýeri üçin saýlanylyp alyndy. Gijeki gorag we wagşyýanalara garşy çaknyşyklar bilen bagly sahnalar ägirt uly Watnaýýokýudl milli seýilgähinde surata düşürildi. Ol özüniň wulkanly kölleri, 800 metrlik buzluklary we özge planetadan diýdirýän gözel ýerleri bilen bellidir. Snaýfedlsýýokýudl wulkanynyň ýowuz görnüşi, Igritt bilen Jon Snouyň duşuşygynyň guralýan ýeri — Groutagýan gowagy hem serialda görkezilýär. Iki müň ýyl mundan ozal dörän Miwatn köli hem surata düşürilen esasy ýerleriň biri boldy. Çemeçil island syýahatçylyk firmalary eýýäm «serialyň gahrymanlarynyň yzlary bilen» atly syýahatçylyk tapgyrlaryny gurap, gazanç etmegiň kül-külüne düşdüler.

Marokko

Deýeneris Targariýeniň goşun gözleginde barýan gul satýan söwdagärleriň aýlagy hakykatda Marokkanyň Essuweýrasydyr (bu ýerde ýüzýyllyklardan öň, hakykatdan-da, gul bazary bolupdyr). Özboluşly galasy bolan balykçylaryň şäherçesi Astapor şäheriniň prototipi boldy. Ol ýerde Deýeneris Birkemsizler diýlip atlandyrylýan söweşijileri edinýär. Käbir sahnalar Atlasyň dag eteklerindäki Warzazat diýen ýerde surata düşürildi. Bu ýerleriniň gözellikleri, baryp öňräkden bäri golliwudly režissýorlaryň göwnünden turup gelýär. Şäherçäniň töwereklerinde «Gladiator», «Aleksandr», «Persiýanyň şazadasy» atly belli filmleri üçin-de bezeg görnüşleri goýlupdy. Ýöne şu jelegaýlardaky iň üýtgeşik gurluşyk diňleri alyslardan howalanyp görünýän berberleriň Aýt-Ben-Haddu şäheridir. Ýüzýyllyklar mundan ozal şäher berberlere gaçybatalga bolup hyzmat eden bolsa, indi amerikaly režissýorlaryň taryhy filmleri surata düşürmek üçin eý görýän ýerine öwrüldi.     

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar