Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Haly türkmeniň kalbydyr»

0
1861

Türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen halylar tutuş adamzadyň medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň gadymy sungatynyň ajaýyp ýadygärligidir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Türkmen halylarynyň ajaýyp gölleriniň ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň — Baýdagymyzyň we Tugramyzyň baş bezegidigini bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygynyň, ajaýyp däplere we milletiň özboluşly dünýägaraýşyna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. “Haly türkmeniň kalbydyr” diýilmegi ýöne ýerden däldir. Haly gölleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezeg ulgamynda we binagärlik keşbinde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň dünýäde iň uly haly gölleri ýerleşdirilen bina hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girzilendigini bellemek gerek.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak maksady bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy milli senetkärçilik ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Halyçylyk sungaty gözbaşyny gadymyýetiň syrly gatlaryndan alyp gaýdýar. Taryhy çeşmelerde türkmen halysynyň diňe şalaryň köşklerine bezeg berendigi barada maglumatlar bellenilip geçilýär. 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Baýramberdiýewa Ogulgül

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar