Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Haly türkmeniň nepis sungatydyr

0
1287

Türkmen halysy türkmen zenanlarynyň yhlasy,mähiri siňen häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan türkmeniň özboluşly, nepis sungatydyr. Türkmen halysy öz gözbaşyny ene topragymyzdan alyp gaýdýar, we ondaky keşdeler bolsa Türkmen tebigatyny, gülleri,haýwanlary,derýalary, daglary şeýle hem Güni we Aýy şöhlelendirýär. Türkmen halysy biziň milliligimizdir,milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýän sungat eseridir. Halkymyzyň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler. Öýlenýän ýigit bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrysyna haly dokalypdyr,soňra ol ilkinji ädimlerini şol halyda ädipdir. Çarwa öýleriniň gapysyndan “gapylyk” diýlip atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Türkmen hojalygyndaky esasy haly “maşgala daragty” bolup hyzmat edip, ol maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Türkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar, halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr,gadymdan gelýän sungat eneden-gyza geçipdir.

Asyrlary, müňýyllyklary aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan haly türkmeniň durmuşynda gadymdan meşhur bolup gelen nepis sungatdyr. Türkmen halysy özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyş we reňk öwüşginleriniň aýratynlygy bilen dünýä ýurtlarynyň halylaryndan düýpli tapawutlanýar.

Türkmen sährasynyň gülälekli meýdanyny ýadyňa salýan çog gyzyl halylar ilkibaşda ak öýleri bezemek üçin niýetlenipdir. Halylardaky göllerdir nagyşlar türkmen halysynyň gadymylygyndan habar berýär. Türkmen halysynda halkyň özboluşly, aýdyň ruhy medeniýeti, onuň egsilmez çeperçilik ukyby hem-de göwün islegi öz beýanyny tapýar. Halylardaky nagyşlary içgin synlasaň, olarda türkmen halkynyň gelip çykyşynyň taryhy bilen tanyşmak mümkin.

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa, dünýä halklarynyň türkmen medeniýeti bilen içgin gyzyklanýandygynyň hem hormat goýýandygynyň nyşanydyr. Halylarymyzyň ýer ýüzünde şunuň ýaly ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza hossarlyk aladasynyň netijesidir. Eziz Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen zenanlary döredijilik ylhamynyň joşgunyny, mähir-muhabbetini goşa ganata öwrüp, päk zähmetleri bilen gudrat döredip, halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýlere-de, behişdi bedewlere-de, arzylap-apalap gelin getirilýän kejebesinde-de haly önümleriniň iň naýbaşy görnüşlerini ulanýarlar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Hojaberdiýewa Bägül

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar