Magtymguly Pyragy Gündogar edebiýatynyň uçgyraksyz äleminde iň bir ýagty ýyldyzlaryň biri bolup ýalkym saçýar. Magtymgulynyň şygryýeti diňe bir türkmen halkynyň ýürek urgusy, arzuwlary siňendigi bilen däl, eýsem, adamzat kalbynyň çuňluklaryna zyýarat guraýandygy bilen gymmatlydyr. Hut şol gymmatlygy hem akyldaryň döredijiligini bu günki gün dünýä genji-hazynasy derejesine çykarýar. Gahryman Arkadagymyzyň:«Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýen sözleri akyldaryň dünýä edebiýatyndaky , türkmeniň kalbyndaky ornuna berlen ýokary bahadyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýyllaryň, asyrlaryň geçmegi bilen gymmatyny hasda artdyryp gidip otyr. Sebäbi ol şygyrlar islendik döwrüň ynsanyna-da degişli. Ol şygyrlaryň her bir setirine, sözüne siňdirilen pelsepe şu günki günde-de durmuşyň ýolgörkezijisi, geljegiň çelgisi bolup durýar. Ol şygyrlaryň syrly dünýäsine akyl ýetirmeklige uly-uly alymlaryň ömürlerini sarp edendikleri hem bu aýdylanlary subut edýär. 2014-nji ýylda doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp şahyryň şygyrlarynyň dünýäniň ýigrimä golaý diline terjime edilmegi, daşary ýurtlarda beýik şahyra bagyşlanan halkara ylmy maslahatlaryň geçirilmegi akyldaryň döredijiligine aşyklaryň sanyny müňlerçe esseläp artdyrdy. Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bolsa türkmen alymlarynyň we terjimeçileriniň öňünde täze wezipeleri goýdy. Geljekde-de beýik söz ussadynyň şygyrlary dünýäniň köp dillerinde ýaňlanar. Milli gymmatlyklarymyza, ömrüni halkyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna bagyşlan ussatlarymyzyň döredijiligine uly sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Hojageldiýewa Gülaý