Gahryman Arkadagymyzyň giň pähim-paýhasyndan, çuň duýgy-düşünjesinden dörän, adamzady parahatçylyga, dostanalyga, agzybirlige çagyrýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň waspyny ýetirýän, onuň belent maksadyny aýdyň düşündirýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly bu ajaýyp, syýasy hem çeper garaýyşly kitaby okanyňda kalbyňy mähriban Watanymyzyň neneňsi beýikdigine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň saýasynda biziň nähili uly bagta eýedigimize bolan buýsanç duýgusy gaplap alýar. Hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitabyndaky hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, onuň diňe bir ýurdumyzy ösdürmekde däl, eýsem, dünýäni özgertmekde tutýan orny dogrusyndaky jaýdar jümleler Watana söýgüden doly göwünleri dokundyrsa, kitabyň gatlarynda özboluşly ýerleşdirilen, hemişelik Bitaraplygymyzy has-da dabaralandyrýan dürli fotosuratlar taryhyň hiç haçan üýtgemejek hem synmajak pursady deýin lowurdap, gözleriňi dokundyrýar.
Hakykatdanam, hemişelik Bitaraplygymyz biziň bahasyny hiç bir zada deňäp bilmejek gymmatlygymyz. Biz şol gymmatlyga eýe bolup, dünýä sary ýol saldyk. Hormatly Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, dünýäniň Asmanynda laçyn deýin ganat ýaýdyk. Ganaty berk guşlaryň ýetip bilmejek menziliniň bolmaýşy dek, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy goşa ganat edinen ata Watanymyz hem Gahryman
Arkadagymyzyň baştutanlygynda diňe öňe, belent sepgitlere tarap ugur alýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby hem her birimiziň söýgüli kitabymyza öwrüldi. Çünki ol kitap, biziň synmaz bagtymyz, asuda durmuşymyzyň özeni bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz — biziň baky bagtymyz hakynda. Çünki bu dürdäne eseriň her bir jümlesi, göýä ak niýetlere meňzeş ak kepderiler deýin, ganat ýaýyp, kalbyňda orun tutýarlar. Kalpda orun alýan sözleriň ömri bolsa bakydyr.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Annataganowa Çynar