Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Buýsançlyy kalplar

0
339

Häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň belent maksatly menzillerinde rowaç ak ertirlere atarýan mübärek ýyllar ata Watanymyzy uly üstünliklere besleýär. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda toplumlaýyn amala aşyrylýan özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde ýylsaýyn belent sepgitleri eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde ozaly bilen Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýyl-ýyldan barha artýandygyny aýratyn bellemek örän buýsandyryjydyr. Çünki, ykdysady ösüşler ýurduň ählumumy ösüşleriniň nyşany bolup, döwletiň kuwwatlylygyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarydygyny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzyň we halkymyzyň şöhratly geljegi üçin köpugurly işinde durmuşa ornaşdyrylýan netijeli özgertmeleriň, zähmet üstünlikleriniň sazlaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berýär. Giň göwrümli maksatnamalar, beýik işler Watanymyzyň täze üstünliklere hem-de belent sepgitlere, ösüşlere tarap ynamly gadam urýan berk binýadyny kemala getirýär.

Eziz Watanymyzda eýelenýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bir başa bakmak ýol-ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şöhratly taryhymyzdan gözbaş alýan agzybirlik, jebislik we bitewilik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň seresi bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň bagtyýarlyk zamanamyzda has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak örän guwandyryjydyr. Şonuň netijesinde döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşler, eýelenýän sepgitler Watanymyzyň kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär. Ykbal özgerdiji taryhy döwürde şeýle uly tutumly işlere badalga berilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň il-ýurt bähbitli özgertmeleriň düýp mazmunyna öwrülendigine güwä geçýär. Munuň özi şol bir wagtda döwletimiziň hemmetaraplaýyn durnukly ösmegi üçin oňyn şertleri döredip, ilatyň durmuş goraglylygyny, bilimi, ylmy, saglygy goraýşy, medeniýeti dünýä derejesine çykarmak ýolunda uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aňladýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Arslanowa Aýna

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar