Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nebitgaz toplumy ösüşde

0
367

Berkar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz nebitgaz pudagyny ösdürmeklige aýratyn üns berýär. Şeýle hem nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda soňky ýyllarda köp tagallalar edilýär, kuwwatly nebithimiýa we gazhimiýa pudaklary döreýär. Muňa mysal hökmünde Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gaz himiýa toplumyny, Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawodlar toplumyny we köpsanly beýleki iri maýa goýum taslamalaryny görkezmek bolar. Türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmak döwrüň talaby bolup durýar. Bu babatda TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň ykdysady ösüşine itergi berjekdigi ikuçsuzdyr. Bu gaz geçirijiniň sebitde durmuş we ynsanperwer meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bolsa buýsandyryjy hakykatdyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpugurly energetika düzümini döretmek nebitgaz toplumyny hasda ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar Ýewraziýa giňişliginde ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat edýär. Pudagyň üstünligi hormatly Prezidentimiziň paýhasy netijesinde döwletimiziň bu ulgamda täze we netijeli çözgütleri tapmakda işjeň orny eýelemegi hem-de gyzyklanmasy bilen hemişe tapawutlanýan energetika diplomatiýasynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň, goldanylýandygynyň ajaýyp mysalydyr. Bu üstünlikler, ýeňişler, ösüşler özüniň baý tebigy serişdelerini sebitde we dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga hem-de gülläp ösüşe ýardam bermek üçin peýdalanýan

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Annaýewa Maýsa

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar