Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysadyýetiň täze görnüşi

0
639

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini has-da pugtalandyrmakda ykdysadyýetiň sanly gurşawyny ornaşdyrmagyň uly ähmiýeti bardyr. Çünki ýurdumyzyň ösüşini häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýurdumyzda döwrebap sanly ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ilki bilen ilatyň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýokary depginli ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde hem-de işewürleriň dünýä bazaryndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir.  Bu gün ykdysady nazaryýetde we dürli döwletleriň ykdysady işjeňliginde «sanly ykdysadyýet» diýen düşünje has ýokary derejä çykýar.

Has dogrusy, bu düşünje, sanly tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegi, maglumat giňişliginiň döwrebaplaşmagy we ykdysadyýetiň globallaşma hadysasynyň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Sanly ulgamyň ösmegi bazar subýektleriniň işjeňliginiň sanly görnüşe geçmeginiň iň wajyp ýagdaýy hasaplanylýar we öz gezeginde, jemgyýetiň institusional gurluşyna hem özüniň täsirini ýetirýär. Netijede jemgyýetçilik ösüşini gazanmak üçin täze usullara we çeşmelere zerurlyk ýüze çykýar. Şol usullaryň biri hem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakdyr. Sanly ykdysadyýet – bu ykdysadyýetiň täze görnüşi bolup, ol maglumatlaryň ulalýan göwrüminiň toplumyny döretmek, işläp geçmek, saklamak, ibermek we peýdalanmak bilen bagly gatnaşyklaryň jemidir. Sanly ykdysadyýetiň esasy düzüm bölekleri bolup, olar sanly elektron söwda, sanly internet-banking, sanly elektron tölegler, sanly internet-marketing, sanly hyzmatlar ulgamydyr. 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Gurtjanow Yhlas

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar