Ýaşlykdan sport - uzak ýyllap sagdynlygyň girewidir

0
7650

Öý sport toplumy çaga sagdyn, düşbüli, güýçli we çalasyn bolmaga kömek edýär.

Haçan-da menden dostlarym ýaş enä we ýaňy doglan çaga näme sowgat berseň bolar diýip soranlarynda, men köplenç gowy hilli fitbol, çaga üçin sport toplum ýa-da çaga üçin ýüzülýän howdana abonement maslahat berýärin. Bäbek üçin geň seçme, şeýle dälmi? Ýöne meniň pikirimçe geýimleriň we oýunjaklaryň möhleti birnäçe aýdan geçer, sport sowgatlary bolsa sagdyn, güýçli, işjeň we şadyýan çaga uzak wagtlap ulanar.    

Biziň maşgalamyzda eýýam birnäçe ýylyň dowamynda çaga otagyň özeni “Ranniý start” (“Irki başlangyç”) sport toplumy bolup durýar. Uly oglum bäş ýaşynda. Iki ýaşynda ol halkalary we elde ýörelmegi özleşdirdi, agdarylmaga we ýapgyt tekizlikde ýörelmäge öwrendi. Häzirki wagtda ol depejikde garyn myşsasyny türgenleşdirýär, turnikde çekilýär we asma armydy (gruşany) bokslaýar.  Biziň ýaňy doglan çagamyz matda öwrülmäge öwrenýär, merdiwanyň rahat inçe kese agaçlaryna ýapyşyp ýokary galýar we oturýar, ýapgyt depejik boýunça emedekleýär. Men şu sport toplumy bilen dogulandan ulanyp başlamalydygynyň mümkin (we zerur) diýip pikir edýärin.

0–3 aý: hemme zat diňe başlanýar!

Siziň eliňizde ýäňy doglan çaga-gutlaýarys!

Siz onuň saglygy üçin köp zat edip bilersiňiz: çagany fiziki maşklar bilen üpjün etmek, owkalama, berkitme, ýüzme, keýpiköklük üçin uly mähirlik we näziklik.

Durmuşyň ilkinji günlerinde maşklara we reflekslere aýratyn üns beriň.

Tebigat çagany ýaşamak we üýtgäp durýan daşky gurşawa öwrenişmek üçin birnäçe ukyplary beripdir. Bu refleksler örän wajypdyr: olar barlyk we açyk bildirýän alamatlarynyň derejesi boýunça çaganyň sagdynlygyna we ösüşine baha berip bolar.     

Robinzonyň refleksi: ýaňy bolan çaga bir zady tutanda özüniň asylyp duran bedeniniň agramyny saklap bilýär. Süýem barmagyňyzy çaganyň aýasyna salyň we ýuwaş-ýuwaşdan ony galdyryň. Onuň mümkinçilikleriniň çägini duýuň, degme siziň galan barmaklaryňyz çagany ätiýaçlandyrsynlar!  Çakganyňyzyň gowşaýanyny duysaňyz, bedeniň agramyny özüňize alyň we çagany ýuwaşlyk bilen göýberiň.

Awtomatiki ýöriş refleksi: bedeniň ýeňil egmesinde we dabanyň söýemesinde ýaňy doglan çaga ädim hereketlerini edýär. Çagany goltugyndan saklaň, onuň dabany bilen üste söýenmeli, göwräni öňe egiň, bedeniň kiçijik aýaklaryň yzyndan ýerini üýtgediň.

Baueryň emedekleme refleksi: garnynyň üstüne ýatan çaganyň aýagynyň daban üstüne bassaň, çaga emedekleme hereketini ýerine ýetirýär.  Düz üstde emedeklemek örän kyn. Siz sport toplumynyň depejigini ulanyp, çaganyň ýerini üýtgetmegine kömek edip bilersiňiz. Depejigi merdiwanyň iň aşakky basgançagyna berkidiň. Çagany depejigiň üstünde garnynyň üstüne aşakky bölege tarap ýatyryň. Matyň üstünde çaganyň öňünde oýunjak goýup bilersiň.  Ýapgyt kän uly bolmaz, ýöne çaga ýuwaşlyk bilen aşak emedeklär.  

3–6 aý: daş töweregimizdäki dünýäni öwrenýäris

Çaga ulanýar, agram alýar, uklamaýan wagty köpelýär. Öwrenmek üçin köp gyzykly zatlary teklip ediň, görüşini fokusirlemek üçin çaganyň daşyna gapma-garşy suratlary goýuň.

Sport toplumynyň matynyň üstünde çagany garnynyň üstünde ýatyryp, merdiwanyň kese agaçlaryna dürli oýunjaklary goýuň-şeýdip siz çagany bu oýunjaklara tarap hereket etmäge, eljagazy bilen uzaltmaga, emedeklemäge höweslendirýäňiz.  

Bu aýlar çaga köp täze ukyplary we endikleri okgunly öwrenýär, şol sanda öwrülme, iki eliň we iki dyzyň üstünde durmak, giňişlikde süýşmekde ilkinji synanyşmalar, eliň agyr sazlaşmalary. Çaga öz bedeniniň mümkinçiliklerini öwrenmäge, güýçli we sazlaşykly bolmaga, böwetlerden pozitiw üstün çykmaga  kömek ediň.

Ikinji ýarym ýyl, bütinleýin hereketde-emedekleýär, oturýar, durýar, ýöreýär!

Çaganyň durmuşynyň ikinji ýarym ýylynda ynanyp bolmajak üýtgetmeler bolup geçýär. Çaga oýunjaklar bilen hakykat oýunlara oýnap başlaýar, ol dürli hereketlere we seslere öýkenip başlaýar.

Ulanyp, çaga sport toplumynyň ýagty reňkli merdiwany we söýegleri bilen gyzyklanyp başlaýar. By gyzyklanmany höweslendiriň, oýunjaklary kese agaçlara asyşdyryň, çagany basgançaklardan ýapyşmaga öwrediň.

Çaga ynamly emedekläp başlanda, ony merdiwana münmegi öwrediň. Aýratyn ünsi aşak düşmäge beriň, sebäbi münmek has ýeňil bolup durýar, Özi düşüp bilmän ýaş gimnastyň ýykylmagy mümkin.

Haçan-da çaga söýegde kömeksiz durup bilen ýagdaýynda, ol sulara düşünmeli: durup hem hereket edip bolýandygy. “Ranniý start” (“Irki başlangyç”) sport toplumynyň esasy artykmaçlarynyň biri-bu ony bäş görnüşde ulanyp bolýandygy, ol ýönekeý dürli gyraňlara berkidilýär.  Sport toplumy “manež” görnüşine goýuň. Elde ýöremek we merdiwan rahat germeçleri döredýärler, olara dürli oýunjaklary asyp bolýar we şonuň bilen çagany hereket etmäge, ilkinji ädimleri etmäge höweslendirip bolýar.

Çaga depejigi özüne özleşdirmäge kömek ediň: ony uly bolmadyk keselige goýuň we çagany oňa tarap gönükdiriň-degme ol emedeklejek bolsun. Haçan-da ol azajyk münmäge öwrense, onda onuň özi garnynyň üstüne ýykylar we depejikden düşer. Ol aşak düşmekden keýp alandan soň, ýene-de gaýtalasy gelip durar.   

Bir ýaş – uly adam!

Siziň çagaňyz ynamly aýak üstünde durýar, gowy emedekleýär, belki hem ol ýöreýändir. Size öýkenýän passiw maşklary işjeň oýunlara çalyşyp, çaga oýunlaryň üsti bilen täze maşklary öwrener. 

Çaga bilen top oýnaň, gurbaga öýkenip bile böküň, garnyňyzda emedekläň we ýylana öýkenip hyşyldaň, göz öňüne getirilýän çukurlardan we tümmeklerden böküň. Dürli taraplara ýöräň: böwetlerden ätläp, yzlakaýyn, gapdallap.

Ulanyp ösýän çaga has-da sport toplumyna tarap çekilýär. Çagany howpsuz merdiwany we depejigi ulanmagy öwrediň we soň size öz gimnastyňyz barada alada etmek gerek bolmaz. Çagany sport toplumyň içki ýüzünden basgançaklardan münmäge, elde ýörelýäniň iň ýakyn basgançagyndan ýapyşmaga we ondan asylyp durmaga höweslendiriň.

Haçan-da çaga çekinmegi özleşdirse, siz oňa bir elinde asylyp durmagy, bir tarapdan başga tarapa yranmagy, turnigiň başga çetjagazyna tarap eljagazlary bilen maýmyn ýaly yzly-yzyna süýşmegi teklip ediň. Göwräňi götermegi özleşdirmek üçin çagany yzyndan eplenen aýaklarynyň aşagyndan tutup saklaň, kese agaçlary eňekleri bilen degmägi soraň. Azajyk wagtdan ýaş türgençiniň bedeniniň agramyny has az saklaň we bir gün onuň güýji ilkinji özbaşdak göwräňi götermä ýeter.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar