Söwda toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy pudaklaryň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu ugurda ýetilen sepgitler, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek köp babatda bu pudagyň netijeli ösdürilmegine hem baglydyr. Hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalary bilen bu möhüm toplumy ösdürmek üçin uly möçberdäki maýa serişdeleri goýberildi, onuň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidildi, bu ulgamda halkara gatnaşyklary giňeldildi.
Häzirki döwürde toplumda bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda pudaga sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeli usullaryny ulanmak, önümçilige daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmek wajypdyr bolup durýar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Abdyyllaýew Döwletgeldi