Häzirki wagtda her bir döwletiň ösüşi, halkara abraýy, ilkinji nobatda, şol ýurduň ýaşlaryna berilýän bilimiň hili we derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Adamzadyň durmuş ýoluny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki taryhdan şu güne çenli durmuşymyzda gazanylýan ösüşleriň we ýetilýän sepgitleriň ählisiniň binýadynda kämil ylym-bilim durandyr. Häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek arkaly bilimiň hilini ýokarlandyrmaga strategik wezipe hökmünde garalýar. Bu ýagdaý ylym-bilimiň ykdysady özgertmeleriň hem-de ösüşleriň sakasy bolup durýandygy bilen düşündirilýär. Ylym-bilime aýratyn sarpa goýulýan ýurdumyzda hem häzirki zaman sanly tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga, sanly bilim ulgamynyň döredýän amatly mümkinçiliklerini okuw işinde netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär.
Bu günki gün Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan özgertmeler mynasyp netijelerini berýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine sanly bilimiň esasyny düzýän innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi geçirilýän okuw sapaklarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga we berilýän bilimiň derejesini halkara ülňülere doly kybap getirmäge ýardam edýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Saidnazarowa Nigara