Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Milli mirasymyzyň goşa genji

0
400

Watana wepalylyk, mertlik, batyrlyk, edermenlik ýaly häsiýetler ynsany rowaçlyga, halal baýlyga ýetirýär. Uzak müňýyllyklaryň dowamynda şeýle ynanja uýan halkymyz bu sypatlary türkmen öýüniň esasy alamatlary, baýlyk-genji hasaplanýan gamyşgulak bedewlerinde, gazankelle alabaýlarynda terbiýeläpdirler. Şoňa görä, gapysynda kişňäp duran bedewi, garysyny ýassanyp ýatyşyna gelen-gideniň päl-niýetini duýup bilýän akylly alabaý iti bolan öýi döwletmen hojalyk hasaplapdyrlar. Bu pikirimizi hormatly Prezidentimiziň: «Behişdi ahalteke bedewimiz — baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr» diýen jümlesi has-da aýdyňlaşdyrýar. Parasatly pederlerimiz tarapyndan sünnä döredilen milli miraslarymyzyň goşa genji hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň hem-de şirpenje alabaýlarymyzyň şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň yhlas-aladasy netijesinde häzirki döwürde bütin Ýer ýüzüne doldy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Babanazarowa Altyn

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar