Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly Pyragy kalplaryň aýnasy

0
649

Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun ber­ýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny ag­zybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, bir­birege hormat­sylaga çagyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň ähli ugurlarda ösüşleriň iň bir häzirkizaman ugrunyň saýla­nyp alynmagyna uly üns berýär. Bu babatda sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza barha giňden ornaşdyrylmagy ösüşleri nazarlaýan gadamlarymyzyň badyna bat goşýar. Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly islendik maglumaty ýakyn wagtda sanly tehnologiýala­rynyň üsti bilen dörediljek «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyndan» tapyp biljekdigimiz ba­rada aýdylanlar hem döwrümiziň keşbini gör­kezýän maglumat hökmünde buýsandyrýar. Şonuň ýaly­da sanly we neşir görnüşin­däki «Magtymguly Pyragy diwanynyň» taýýarlanyljakdygy, şa­hyryň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime edip, olaryň tanyşdyrylyş dabarala­ryny, kitap sergilerini, döredi­jilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy­-barlag işlerini taýýarla­mak, Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahy­ryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öw­renmegi we wagyz etmegi ýola goýmak, şu maksatlar bilen 2024­-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahaty geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bilen baglanyşykly aýdylanlar hem milli mirasymyza uly sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyzyň halkymyza, nesillere garaşýan sowgatlaryň yzynyň üzülmeýändigini ýene bir ýola äşgär görkezýär.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Hanow Abraý

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar