Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde sebit we bütindünýä ähmiýetli energetika ulgamyndaky taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Bitarap Watanymyz dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. Döwrüň derwaýys meseleleri boýunça döwlet Baştutanymyzyň oňyn başlangyçlary we teklipleri sebitleýin hem-de ählumumy derejede özara bähbitli gatnaşyklaryň amatly mehanizmleriniň işlenip taýýarlanylmagyny şertlendirýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemek bilen, ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge işjeň gatnaşýar, energiýa serişdelerini ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär. Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda özara bähbitli hem-de köpugurly taslamalary durmuşa geçirýän kuwwatlyk döwlet hökmünde aýratyn işjeňlik görkezýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Aýdogdyýewa Aýna