Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä talyp wizasyny resmileşdirmek üçin gerekli bolan resminamalaryň sanawy

0
83063

Türkmenistanly dalaşgärler we talyplar Türkiýä daşary ýurt pasportlary we okuw wizasy boýunça gidýärler.

Türk wizasyny bolsa Türkmenistanda ýerleşýän Gateway International wiza merkezinde resmileşdirip bolýar.

Okuw wizasyny almak üçin haýsy resminamalar gerek:
1. Türkiýä giden senesinden bäri azyndan 6 aý möhleti bolan pasporty we onuň göçürme nusgasy;
2. Içerki pasportynyň 1, 3, 5, 9 hem-de 32-nji sahypalarynyň nusgasy;
3. 5x6 ölçegli iki sany biometrik fotosuraty (ak fonda, häzirki wagtda, soňky 6 aýyň dowamynda düşürilen bolmaly);
4. Türkiýe üçin syýahat we saglyk ätiýaçlandyrmasy/COVID-19 kepilnamasy (“Gateway International” merkezinde resmileşdirilýär);
5. Bilim resminamalary:
– Türkiýeden talybyň okuwa kabul edilendigi baradaky çakylyk (maksatnamanyň maglumatlary we dowamlylygy kabul ediş hatynda görkezilmelidir, giriş çakylygy täze bolmalydyr, hasaba alnan senesiniň möhleti geçen bolmaly däldir);
– Talyba öz ýurdunda berlen Orta bilim hakyndaky şahadatnama (diplom);
– Eger resminama düzedýän eýýäm talyp bolup okap ýören bolsa — talyplyk şahadatnamasy we transkript;
6. Eger arza beriji işlemeýän bolsa — maliýe ýagdaýy ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda hemaýatkär adamyň ýazmaça borçnamasy we girdejisi barda kepilnama — soňky 3 aýyň dowamynda alnan bank hasabat ýazgysy, gozgalmaýan emläk şahadatnamasy we beýleki tassyklaýjy resminamalar (ikisiniň hem terjimesi hökmanydyr);
7. 18 ýaşa ýetmedikler üçin ene-atasynyň ikisiniň hem notarial kepillendiriş razylygy (hatda ene-atasy aýrylyşan bolsalar hem olaryň ikisiniň-de razylyk bermegi zerurdyr);
8. Dogluş hakynda şahadatnamasy;
9. Nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamasy (bar bolan ýagdaýynda);
10. Razylygy hakynda arzasy.

Wiza ýüztutmanyň tassyklanan wagtyndan soň berlip bilner. Resminamalaryň işlenilişi takmynan bir aýyň dowamynda amala aşyrylýar.

Tabşyrylýan resminamalaryň ählisi häzirki wagtda taýýarlanan we doly bolmalydyr. Türk wizasy üçin ýüz tutanyňyzda tabşyrylan resminamalaryň käbiriniň bolmazlygy wiza prosedurasynyň ret edilmegine sebäp bolup biler. Türkiýäniň ilçihanasy/konsullygy zerur bolan ýagdaýynda arza berijiden goşmaça resminamalary talap edip biler. Ähli formalar we resminamalar her bir adam üçin (her bir maşgala agzasyna ýa-da islendik topara degişlilikde) aýratyn taýýarlanylmalydyr we tabşyrylmalydyr.

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýe üçin bir gezeklik wiza 200 ABŞ dollaryna durýar.

Türkiýäniň wiza merkezi Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: 2127-nji köçe (G.Kulyýew), 88-nji jaý. Merkez sagat 09:00-dan 17:00-a çenli işleýär. Müşderiler diňe deslapdan ýazylmak arkaly kabul edilýär. Kabul edişlige bolsa elektron poçta salgysy ýa-da telefon belgileri arkaly habarlaşyp ýazylyp bolýar:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar