Soňky habarlar

Arhiw

Ussat kompozitory ýatlap...

0
2942

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda däp bolup gelişi ýaly her kafedra özüniň hepdeligini belläp geçýär. Bu hepde bolsa   “Sazyň taryhy” kafedrasynyň paýyna düşdi. Hepdäniň açylyşy Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygy mynasybetli, kompozitoryň suratlaryndan ybarat sergi bilen gurnaldy. Sungaty öwreniş ylymlarynyň kanditaty J.Gurbanowanyň guramagynda “Ussatlaryň ýoly bilen” atly kompozitor Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygyna bagyşlanan leksiýa konserti geçirildi. Leksiýa konsertdre ussat kompozitoryň döredijilik ýoly, dürli žanrlarda döredilen eserleri dogrusynda giňişleýin perezentasiýa çykyşlary, hem-de kompozitora bagyşlanyp döredilen eserleri we  ussadyň öz eserleri ýerine ýetirildi. 

Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitor tarapyndan ägit uly işler amala aşyryldy. Çünki olar professional sazlary, dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Öz gezeginde bolsa ajaýyp eserler Türkmenistanyň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getirdi. 

Ussadyň döredilik ýoly, kamera we simfonik sazlary, kino sungaty, fortepiano, wokal döredilijigi hem-de kompozitoryň  dosty ýagny güýziň şahyry G. Ezizow barasynda “Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyplarynyň çykyşlaryna öz beýanyny tapdy. Mundan başga-da leksiýa konsertde Türkmenistanyň at gazanan artisti L. Ökdirowa “Durnalar”, “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi A. Amanow “Gözel Şirgazy”, Türkmenistanyň at gazanan artisti B. Amanowa “Geler” ýaly eserleri ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Ussada bagyşlanan eserleri ýagny, K. Garowowyň “Taplanyş”, M. Annamyradowyň “Bagyşlama” atly fortepiano sazlary fortepiano hünäriniň II ýyl talyby E. Ýagşymyradow tarapyndan diňleýjileriň dykgatyna ýetirildi.

Nury Halmämmedowyň eserleriniň hemmesi biziň ýüreklerimize örän ýakyn, olar biziň üçin hemişe ýakymly hem üýtgeşik ýaňlanýar. Munuň düýp sebäbi hem, biziň pikirimizçe, şol eserlerde diňe bir kompozitoryň öz şahsy oý-pikirleri, belent kämillik derejesindäki ussatlygy jemlenmän, eýsem, adamzadyň belent ruhunyň, täsin tebigatynyň, asyrlary arka atyp gelen milli öwüşgünleriň açylyp görkezilýänligindedir. Biz Nury Halmämmedowyň eserlerini ýaýlymda-da dürli konsertlerda-da yzygiderli diňläp gelýäris. Sazyny diňläp, özüni ýatlaýarys, özüni ýatlap, hyýalymyzda göçgünli akkordlaryny, akgynly heňlerini eşidýäris. Ol biziň aňymyzda, hemişelik ýadymyzda.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanydaky D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk  sungat mekdebiniň “Horuň dirižýorlygy” bölüminiň mugallymy M. Amangeldiýewa

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar