Soňky habarlar

Arhiw

Bagtyýar ýaşlaryň röwşen ýoly

0
2076

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde her ýyly döwrebap atlandyrmak täze taryhy döwürde-de mynasyp dowam  etdirilýär. Şoňa görä-de şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynda hem halkymyzyň Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza, eziz Watanymyza bolan belent söýgüsi ýurdumyzyň röwşen geljeginiň ýaşlar bilendigine bolan mizemez ynamy aýratyn şöhlelenýär.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulan döwlet syýasatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döredilýän şertleriň netijesinde zehinli ýaşlaryň nesli kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy bilen geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň teklipleri, pikirleri, isleg-arzuwlary esasynda taýýarlanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda degişli edaralarda ýörite bölümleriň döredilmegi bilen, ýaşlar syýasatynyň guramaçylyk esaslary kesgitlenildi. Şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edilip, ony durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatyna öwrülendiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek üçin amala aşyrýan beýik işlerini özlerine nusgalyk görelde edinen ruhubelent ýaşlar bu gün ähli pudaklarda zähmet çekmek bilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar guramasynyň gurultaýyndaky çykyşynda: «Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir»  diýen ganatly sözleri ýaşlarymyzy ýurdumyzy ösüşleriň belent sepgitlerine ýetirmekde has-da ruhlandyrdy. Özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan türkmen ýaşlary ylym, bilim, sport, medeniýet, döredijilik ugurlarynda yzygiderli üstünliklere eýe bolýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň sargytlary, öwüt-nesihatlary, howandarlyk hemaýatlary we goldawlary, Arkadagly Serdarymyzyň bagtyýar geljegiň hatyrasyna yhlasly okamaga, tutanýerli zähmet çekmäge döredýän giň mümkinçilikleri ýaşlara uly ruhy goldaw berýär.

Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun!

Şemşat Gurbanowa, Turkmen döwlet medeniýet institutynyň
«Teatr sungaty»  fakultetiniň  2-nji ýyl  talyby.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar