Buýanly çörek – saglygyň girewi

0
23299

Häzirki wagtda azyk önümçiligi tehnologiýalaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryndan biri tehnologiýalary ösdürmek hem-de bejeriş-öňüni alyş täsiri bar bolan biologik gymmaty ýokarlandyrylan azyk önümlerini döretmek we olaryň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak bolup durýar. Diňe azyk önümleriniň howpsuzlygyna we zyýansyzlygyna däl, eýsem olaryň profilaktiki ýa-da bejeriş aýratynlyklaryna hem aýratyn üns berilýär. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, daşky gurşawa ýaramaz täsiriň ýokarlanmagy we adam bedenindäki metabolizmi bozýan, saglygy gowşadýan dürli keselleriň ýaýramagy bilen düşündirilýär. Adamzadyň soňky ýyllarda ýüzbe-ýüz bolan koronawirus pandemiýasy tebigy goşundylary ulanmak esasynda täze iýmit tehnologiýalarynyň ösmegine itergi berdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirus pandemiýasyna garşy göreşe we bu howply kesele garşy göreşmek üçin täsirli serişdeleri tapmagyň zerurlygyna aýratyn üns berýär. Bu ugurdaky aýratyn tabşyryklaryň biri-de buýan köküniň wirusa garşy häsiýetlerini öwrenmek bolup durýar.

Dünýä alymlary tarapyndan geçirilen soňky gözlegler bu ösümligiň işjeň maddasy bolan glisirrizin turşusynyň täze koronawirusyň ösmeginiň öňüni alýandygyny görkezdi. Şol bir wagtda, buýan köküniň pes derejeli suwly ekstrakty hem netijeli bolup bilýär. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň derman serişdeleriniň ýygyndysyndaky sanawda bu ösümlige 1-nji bäşlikden orun berilýär. Süýji buýanyň düzüminde ep-esli glisirrizin turşusy bolup, bu turşynyň esasynda allergiýany, sowuklamany, bronh demgysmasyny, süýjüli başy (ekzemany) bejermekde we wiruslara garşy ulanylýan 350 sany dermanlar taýýarlanýar. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, çöl howasy we ýerli topragyň häsiýetleri sebäpli, köp peýdaly maddalary konsentrirlenen görnüşde bolany üçin, türkmen buýany iň peýdaly buýan hasaplanýar.

Umuman alanyňda, buýan 5 müň ýyldan gowrak wagtdan bäri derman serişdesi hökmünde ulanylýar. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyrynda ilkinji gezek buýan kökünden alnan maddanyň wiruslaryň işjeňligini peseldýändigi anyklandy. Buýan köki we onuň ekstrakty medisina pudagynda giňden ulanylýar, şonuň üçin geljekde derman önümçiliginde ulanylyşynyň yzygiderli ösmegine garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, beýleki pudaklarda hem ulanylýar: azyk senagatynda tebigy tagam beriji we ösümlik goşundysy, şeýle hem kosmetika pudagynda bejeriş täsiri bolan kosmetologik serişdeleriň öndürilmeginde ulanylýar. Häzirki wagtda Demirgazyk Amerikada we Ýewropada hem buýan kökünden giňden peýdalanylýar.

Şu işde, keselleriň öňüni alyş maksatly dürli görnüşli çörek we çörek-bulka önümlerini taýýarlamak üçin buýan köküniň ekstraktyny ulanmak mümkinçiliklerine seredilýär. Çörek we çörek-bulka önümleri iň köp sarp edilýän iýmit önümleriniň hataryna girýär we adam ömri üçin zerur bolan ähli maddalary öz içine alýar. Çörek we çörek-bulka önümleriniň arzan we kaloriýalydygyny göz öňünde tutup, olaryň sarp edilişi yzygiderli artýar, bu bolsa önümçiligiň göwrüminiň degişli derejede ýokarlanmagyna getirýär. Şonuň üçin ilaty ýeterlik derejede we mukdarda ýokary hilli iýmit bilen üpjün etmek möhümdir. Bu maksatlara ýetmek üçin buýan köküniň ekstraktyny goşmak esasynda çörek we çörek-bulka önümlerini öndürmek tehnologiýasyny işläp taýýarlamak teklip edildi.

Türkmenistanda ilkinji gezek buýan köküniň ekstraktynyň goşulmagynyň ygtybarly möçberini kesgitlemek bilen çörek we çörek-bulka önümleriniň toplumlaýyn barlaghana gözlegleri geçirildi we çörek we çörek-bulka önümlerini taýýarlamak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan reseptler düzüldi. Bu reseptler köpçülikleýin önümçilik üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çörek önümleriniň «Bereketli» söwda merkezine teklip edildi.

Häzirki wagtda adaty möçberiň näçeräk bolmalydygy boýunça anyk maglumatlar ýok. Şeýle-de bolsa, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Azyk önümleri boýunça Ýewropanyň ylmy komiteti (SCF) glisirrizini günde 100 mg-dan köp ulanmazlygy maslahat berýärler. Hünärmenler köp mukdardaky glisirriziniň zyýanly täsirleri döredip biljekdigini we käbir keselleri bar bolan adamlaryň munuň öňüni almalydygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, bu işde, gözlegleriň netijelerine esaslanyp, ulanylýan 100 gram un üçin 0,2 mg mukdardaky glisirrizin maslahat berilýär.

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynda gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümligi bolan buýany ulanyp çörek, bulka, süýji-köke önümlerini öndürmegi maksat edinip, Çörek önümleriniň «Bereketli» söwda merkezi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine buýan köküniň ekstraktynyň önümçilikde ulanyp boljak ygtybarly kadasyny anyklap bermeklerini haýyş edip ýüz tutdy.

Tehnologiýalar merkezi 2021-nji ýylyň mart aýynda gutarnykly Netijenama berdi. Soňra Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen degişli resminamalary ylalaşyp, iýmit merkezinde bellenen tertipde Döwlet hasaba alyş geçirilip, sertifikat alyndy.

Häzirki wagtda ýokary hilli bugdaý unundan öndürilýän 0.4 kg agramly, biriniň bahasy 1 manat 50 teňňe bolan Buýanly çöregi Aşgabat şäheriniň dükanlarynda, şol sanda Çörek önümleriniň «Bereketli» söwda merkezinde we onuň düzümindäki Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 134-nji jaýynda ýerleşýän Çörek dükanynda, Garaşsyzlyk şaýolunyň 59/1 jaýynda ýerleşýän «Degirmen» söwda merkezinde we Ata Türk köçesiniň 93/1 jaýynda ýerleşýän «Tagamly» dükanynda ilata elýeter bahadan satylýar.

Buýan köküniň ekstrakty bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» Oba senagat toplumy üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar