Hazar – Aşgabatdan Astrahana çenli ýol

0
6747

Sentýabr aýynyň 29-yna Astrahan şäherinde Russiýada ilkinji gezek Hazar deňzine çykalgasy bolan Hazarýaka döwletleriniň Sammiti geçiriler, oňa bäş döwletiň bäştutanlary gatnaşarlar.  Bu döwletler-Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Türkmenistan. Bu döwletleri birikdirýän deňiz giňişligi bilen bagly esasy soraglary çözmek üçin ýygnalarlar.  



Parahatçylygyň, pozitiw bitaraplylygyň we deň hukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan daşky syýasatyň ugurlaryny amala aşyrmakda Türkmenistan Hazarda konstruktiw köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde wajyo orna eýedir. Türkmenistan 2002-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň birinji Sammitini geçirmegiň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi. Türkmen topragynda başlanan bu gepleşik öz dowamyny Tehranda we Bakuda dowam etdi we degişlilikde 2007-nji ýylyň Oktýabr aýynda we 2010-njy ýylyň Noýabr aýynda II-nji we III-nji Sammitler geçirildi.  



Öz wajyplylygy boýunça geljekki duşuşygy doly esasda ähmiýetli waka diýip aýdyp bolar. Ýöne näme-de bolsa birinji Aşgabatda geçirilen Sammitde goňşy döwletleriň baştutanlary ilkinji gezek Hazaryň hukuk statusyna onuň örän seýrek gelýän serişdelerini bilelikde ulanmaga  degişli ýeňil bolmadyk sorag boýunça öz pikirlerini aýtdylar, hyzmatdaşlygyň jähtlerini we hazaryň meselelerini çözmegiň ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşdy. Edil şol wagt duşuşygyň derejesi täze beýiklige galdyryldy-taraplar deňiziň serişdelerini ulanmagyň ýörelgelerini ýönekeý ara alyp maslahatlaşman eýsem deňizýaka döwletleriniň ykbalyny we gelejegi barada gürrüň açdylar.



Türkmen topragynda geçirilen hazar Sammiti hyzmatdaş ýurtlaryň konstruktiw we özara hormatly gepleşigi üçin dogry ugur berýär we şu meseleleriň ähli jähtinde geljekki gürrüňdeşlikler üçin ugur alynýan pikir bolup durdy.Bu forumyň çäklerinde yzygiderli syýasy we hukuk maslahatlar yzygiderli geçirmek üçin hil taýdan täze esaslaryň düýbi tutuldy. Aşgabat hazarýaka sebitiniň halkalarynyň rahatlygynyň we durnuklylygynyň düýbi tutulan şäher bolup taryha girdi. 



Ýokary derejede geçirilýän nobatdaky foruma taýýarlanmagyň çäklerinde hünärmenleriň we ýörite wekilhanalaryň birnäçe duşuşyklary geçirildi, olary köpüsi hem Aşgabatda geçirildi. Geljekki Sammitiň gün tertibine möhüm soraglaryň toplumy ara alyp maslahatlaşmak üçin işläp düzüler, ilki bilen Hazar deňziniň hukuk statusyny işläp çykarmak, Hazaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ykdysadyýet we ulag, daşky gurşawy goramak we bu seýrek gelýän tebigy howdanyň biologiki baýlyklaryny ulanmak ýaly wajyp ulgamlarda, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygyňbaşga jähtlerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek.



Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň IV-nji Sammitiniň netijeleri boýunça Hazarda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk esasynyny geljekde berkitmegine ýardam berjek bäş resminamanyň gol çekilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda Hazar deňiziniň suw-biologiki baýlyklaryň netijeli ulanmagy we gorap saklanmagy, Türkmenistanda işläp çykarlan Hazarda adatdan daşary ýagdaýlaryň we olaryň netijelerini ýoldan aýyrmak. 



Olardan başga-da sebitiň ýurtlarynda gidrometereologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Şertnama gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu babatda Türkmenistanyň eýýam ikinji ýyl Hazar deňiziniň hapalanmagyna gözegçilik etmek we gidrometereologiýa boýunça utgaşdyryjy toparynyň başlyklyk edýändigini bellemeli. Şeýlelikde, ýokarda agzalan resminamanyň geljekki gol çekilmegi Hazarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösmegi we berkitmegi üçin biziň ýurdumyzyň möhüm goşandy bolup durýandygy barada ýene bir şaýatlylygy bolup durýar.  



Hazaryň delimitasiýasynyň ýörelgelerine degişlilkde Türkmenistanyň pikiri barad aýtsak, onda bu ýerde biziň ýurdumyz 12-millik zolagyny döretmegiň tarapdar bolup durýar, ol zolak her döwletiň sehedi bolup durýar we 13-milli zolak milli (şahsy) ykdysadyýet (balykçylyk) zolagy hökmünde. 25-nji milliden soňky zolak bolsa –erkin deňiz, ol gämileriň geçmegi üçin niýetlenendir. Harby gämileriniň döwletiň territorial suwlaryndan geçmegi halkara kanunçylygyna laýyklykda, ýagny hojaýyn döwletiň rugsady boýunça amala aşyrylar.



Hazar boýunça esasy bäştaraplaýyn resminamany işläp çykarmak bilen baglanşykly ähli soraglara Türkmenistan gadymy Hazar deňiziniň dostlugyň we agzybirligiň statusyny saklamak hökmünde seredýär. 

Türkmenistanyň hünärmenleri Astrahan Sammitiniň gün tertibine girýän soraglary pozitiw çözmäge niýet edýärler. 


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar