Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur filmleriň aýrylmaz bölegine öwrülen Pasquale Bruni, Panerai, Roberto Coin, Bulgari, Carrera Y Carrera ýuwelir bezegleri we beýleki ajaýyp şaý-sepleri

0
8913

Çeper filmlerdäki ýuwelir şaý-sepleri – munuň özi filmiň personažynyň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Olar gahrymanyň özboluşly keşbini açmak bilen tomaşyjyda güýçli täsir galdyrýar. Käbir ýagdaýlarda bolsa, gymmat bahaly şaý-sepler filmiň esasy üns merkezine düşýär, ady dünýä ýaň salýan talaňçylygyň esbabyna ýa-da söýgi hekaýasynyň nyşanyna öwrülýär.

Bu makalada meşhur bezeg öýleriniň şaý-sepleri bilen tomaşyjylaryň hakydasynda galan meşhur filmler barada gürrüň berilýär.

«Birinji duş gelen» filmi 

«Universal Pictures» kompaniýasynyň bu romantik filminde, onuň baş gahrymany aýdymçy ýyldyz Ket Waldeziň keşbini janlandyran Djenifer Lopez, «Pasquale Bruni» italýan brendiniň ýuwelir bezeginde surada düşýär. Filmiň dowamynda tomaşaçylar ýaprak ýa-da gülüň kebelek bilen jadyly utgaşmasyny alamatlandyrýan meşhur Giardini Segreti bezeg toplumynyň «Pasquale Bruni» atly şaý-sepiniň gözelligine şeýle-de göreni haýrana galdyrýan «Aleluià» şaý-sepiniň ajaýyp keşbine ser salmaga mümkinçilik aldylar. 

Nepis «Pasquale Bruni» bezeg önümleri dünýäniň çar künjeginiň butiklerinde alyjylara hödürlenýär we şol bir wagtyň özünde köp meşhur adamlaryň elýetmez arzuwy bolup durýar.

«Gaýduwsyzlar» we «Daň ýagtysy» filmleri

Gelşik, gözellik berýän el sagatlarynyň tanymal bilermenleri film gahrymanlarynyň goşarlarynda söýgüli brendleriniň nusgalarynyň peýda bolmagyna ýakyndan syn edýärler. Çünki bilermenleriň aýtmagyna görä, sagat - onuň eýesi hakynda umumy pikiri düzmäge ýardam edýän wajyp serişdedir.  

Janlandyrýan keşbine görnüklilik goşýan sagatlaryň filmiň gahrymanlarynyň  özboluşlylygynyň nyşanyna öwrülmeginiň sebäbi belkide şundadyr. Mysal üçin, Golliwudyň meşhur aktýorlarynyň ýarysyndan gowragy Italiýanyň «Officine Panerai» markasynyň sagatlarynyň muşdaklarynyň hataryna girýärler. Çünki bu sagatlar özüniň daş görnüşi bilen erjelligi, gaýduwsyzlygy alamatlandyrýarlar. 1996-njy ýylda meşhur aktýor Silwester Staloneniň «Panerai» sagadyny görüp ony «Daň ýagtysy» filminiň surada düşürilmesiniň dowamynda dakynmaga isleg bildirmegi hut ýokarda agzalyp geçilen sebäplere görä bolmaga çemeli. Mundan başga-da «Panerai» sagatlaryny öz goşarlarynda meşhur «Gaýduwsyzlar» uruşganly filminiň üç bölüminiň dowamynda onuň gahrymanlary Dolf Lundgren, Djeýson Stethem we Dueýn Djonson hem götermäge isleg bildiripdirler. 

«Panerai» sagatlarynyň taryhy 1860-njy ýylda Florensiýada, «Ponte alle Grazie» köprüsinden başlanýar. Ol diňe bir ilkinji sagat dükany bolman, eýsem Florensiýada sagat ussalaryny taýýarlamak boýunça ilkinji mekdep hem bolupdyr. 

«Panerai» modelleri italýan dizaýnynyň we şweýsar tehnologiýalarynyň utgaşmasy bolmak bilen uly islegden peýdalanylýan ýokary sagat zergärçilik sungatynyň önümleri bolup durýarlar. 

«Pariždaky Emili» köp bölümli filmi

Netflix kompaniýasynyň komediýa-drama äheňli köp bölümli filmiň sýužeti Parižiň moda senagaty bilen baglanyşyklydyr. Tomaşaçylara Parižiň modasynyň ajaýyp gözelliklerini açyp görkezmek üçin, filmiň esaslandyryjylary bu taslama premium-klassa degişli bolan ýewropa brendleriniň ençemesini çekipdirler. Bularyň arasynda «Roberto Coin» brendiniň kaşaň ýuwelir şaý-sepleri hem bar. Dizaýndaky çäklendirilmedik fantaziýa we ajaýyp ýerine ýetiriliş bu brendiň aksessuarlaryna özboluşlylyk goşýar.

Markanyň esaslandyryjysy Roberto Koinyň pikirine görä, şaý-sepler eýesine üstünlik getirmelidir. Onuň söwda nyşany - şaý-sepleriň içine goýulýan kiçijik gyrmyzy lagyl gaşy bolup durýar. Lagyl - saglygyň, şatlygyň we söýginiň nyşanydyr. Markanyň şaý seplerinde hut şunuň ýaly lagyl gaşynyň bolmagy Roberto Coin brendiniň özboluşly aýratynlygydyr. 

«Demir adam», «Kleopatra» we «Kazino» filmleri

Kinematografyň we «Bulgari» ýuwelir öýüniň hyzmatdaşlygynyň onlarça ýyllara uzaýan taryhy bar. Häzirki wagta çenli «Bulgari» brendine degişli ýuwelir şaý-sepleri elliden gowrak filmiň ajaýyp bezegi bolmagy başardy, bularyň içinde «Kleopatra», «Kazino», «Ýokary moda» ýaly tomaşylaryň arasynda uly meşgurlyga eýe bolan filmler hem bar.  

Şeýle-de gülgün altyndan bolan gabara ýerleşdirilen we alligatoryň derisinden ýasalan gaýyşly «Retrograde Moonphase» kolleksiýasyna degişli sagat «Demir adam» filminde Marvel komiksleriniň super gahrymany Toni Starkyň elinde hem köp gezek peýda boldy. 

«Bulgari» sagatlary demir adamyň keşbini janlandyrýan baş gahryman Robert Dauniniň köp sanly muşdaklarynyň arzuwy bolmak bilen dünýä derejesinde hem uly islege eýedir.

«Ýüzükleriň hökmürowany» filmi

Iňlis ýazyjysy Jon Ronald Ruel Tolkiniň eserleriniň sýužetiniň esasyny çäklendirilmedik hökümdarlygy berýän jadyly halka bilen baglanyşykly wakalar düzýär. Bu film üçin 18 karatlyk altyn ýüzük Täze Zelandiýanyň «Jens Hansen Gold & Silversmith» kompaniýasy tarapyndan ýasaldy. Filmiň surada düşürilişiniň dowamynda bir-birinden ululygy we agramy bilen tapawutlanýan bu halkanyň jemi 15 görnüşiniň ulanylmagy aýratyn bellenilmäge degişlidir. Filmiň epizodlaryndaky her sahna üçin çarçuwada iň amatly görünýän belli bir görnüş saýlanyldy.

«Beýik Getsbi» filmi

Skott Fisdjeraldyň romanyny ekranlaşdyrmak üçin «Tiffany & Co» ýuwelir topary iki ýylyň dowamynda arhiwleriň esasynda 20-nji ýyllara degişli şaý-sepleriň görnüşini dikeldipdirler. 

Filmiň epizodlaryndaky dürli görnüşli bilezikler, halkalar, ýeňe dakylýan gysgyçlar we ýüzükler ýaly gymmat bahaly şaý-sepleriň arasynda agramy 25 karatlyk ak we sary brilliantlardan we merjenlerden ybarat bolan “Sawoý” atly tiara has hem tapawutlanýar. 

Filmiň dowamynda tomaşaçylara ýakynladylyp görkezilen uly göwherli nika ýüzügi bolsa, baş gahryman Deýziniň baýlygyň peýdasyna söýgüden ýüz öwürmegini alamatlandyrýar. 

«Otlamak»

2013-nji ýylda ekranlara çykan «Otlamak» atly başdan geçirme äheňli we uruşganly filmiň üns merkezindäki şaý-sepler Ispaniýanyň “«Carrera Y Carrera»  brendi tarapyndan hödürlendi. Filmiň sýužedine görä onuň baş gahrymanlary tarapyndan ýöredilýän ýuwelir dükänyny ussat talaňçylar talamagy meýilleşdirýärler. 

130 ýyldan gowrak taryhy bolan «Carrera Y Carrera»  ýüwelir öýi, eýýäm XX-nji asyryň başynda Ispaniýada şaý-sepleri öndürmekde jedelsiz lider bolmagy başardy. Önümleri dünýä derejesinde uly meşhurlyga eýe bolan «Carrera Y Carrera»  brendi  Ispaniýanyň şa maşgalasy üçin niýetlenilen şaý-sepleri döredýän ýeke-täk ýuwelir öýidir.

Meşhur filmlerde janlandyrylýan keşpleri, «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezindäki «Gold Palace» dükanyna baryp görmek bilen, siz hem gaýtalap, hat-da olardan üstün çykyp hem bilersiňiz. Eksklýuziw ýuwelir bezegleriň butiginde alyjalara: dünýä belli Bulgari, Panerai, Zenith, Buccelati, Pasquale Bruni, Magerit, Roberto Coin, Korloff, Utopia, Carrera Y Carrera, Baccarat & Christofle we beýleki meşhur zergärçilik öýleriniň şaý-sepleri hödürlenýär. 

Butigimizdäki şaý-sepleriň her biri özboluşly we sany çäklendirilen kolleksiýalaryň wekili bolup durýar.

Habarlaşmak üçin:

  • Aşgabat ş., Atatürk (1972) köçesi, 80-nji jaý, "Berkarar" SDAM 
  • +993 61 86 57 75
  • www.royalpalace.tm 

Çeşmeler: crystalgroup.ua; alltime.ru; ok-magazine.ru; panerai.com; jewellerymag.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar