Soňky habarlar

Arhiw

“Çunsze” — Hytaýlylaryň täze ýyly ýa-da bahar baýramy

0
8261

2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda Hytaý aý senenamasyna laýyklykda, täze ýylyň başlanmagy baýram edilýär. Bu şanly senäni garşy almak däplerine diňe bir Hytaýyň ýaşaýjylary däl, eýsem Taýland, Indoneziýa, Singapur, Malaýziýa, Filippinler ýaly buddizmiň giň ýaýran beýleki ýurtlary, şeýle-de hytaý medeniýeti we taryhy bilen gyzyklanýanlaryň ählisi ähmiýet berýär.

Täze ýyl gök (käbir garaýyşlara görä gara) barsyň ýyly hasap edilýär. Hytaýda Täze ýyla “Çunsze” (Chūnjié) — Bahar baýramy hem diýilýär. Onuň anyk kesgitlenen senesi bolman, ol her gezek aýa laýyklykda bellenilýär. Hytaýlylar täze ýyly iki hepdä golaý wagtlap belläp geçýärler. Adatça bolşy ýaly, ony maşgalalary bilen geçirýärler, garyndaşlary bilen bir saçagyň başyna jemlenýärler, şähdini açýarlar we dynç alýarlar. Bu günlerde köçelerde we ulaglarda adamlaryň sany ep-esli artýar, otlular we uçarlar hem köp bolýar, her kim uzakda ýaşaýan garyndaşlaryny görmäge howlukýarlar.

Hytaýyň iň meşhur Täze ýyl däpleriniň biri hem feýerwerklerdir. Rowaýatlara görä, feýerwerk partlamalary şowsuzlyk we betbagtlyk getirýän ýaramaz ruhlary kowýarmyş. Şeýle hem ýasama kagyz pullary ýakmak däbi-de ýogalan ata-babalaryň ruhuna şowlulyk getirýär diýlip düşünilýär.

Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde hytaýlylarda öýleri ýygnamak nädogry hasap edilýär. Mundan başga-da saç kesmek we adatça gaýçy we beýleki ýiti zatlary ulanmak, zatlary döwmek, dawa etmek, karz bermek we ş.m gadagan hasaplanýar.

Täze ýylyň bir gün öňüsyrasynda jaýlar bezegler bilen bezelýär, köçelere gyzyl çyralar asylýar, gelýän ýylyň alamaty bolan jandaryň şekillerini asmak hem asylly däp bolup durýar.

Hytaýlylarda Täze ýyl baýramçylygynda çagalara gyzyl bukjalara salyp pul sowgatlary berilýär.

Baýramçylyk günlerinde Hytaýda esasy baýramçylyk nahary hökmünde börek taýýarlanylýar. Baýramçylyk saçagynda elde taýýarlanylýan bu nahar näçe köp bolsa, şonça-da gowy görülýär. Börekler adaty reňkinde, şeýle-de dürli reňklerde taýýar edilip, saçaga bezeg berýär.

Hytaýda Täze ýyl günlerinde ähli ýerleriň gyzyl reňkde bolmagy ýöne ýerden däl, sebäbi ol rowaýaty şahly nägehan Niany kowmaga ýardam edýär.

Täleýnamada beýan edilişine görä, bars ýyly durmuşyny üýtgetmäge doly göreşjek adamlar üçin iň bir üstünlikli, şowly ýyllaryň biri bolar. Bars hemişe bir zadyň gözleginde ýaşaýanlygy üçin, ol rähnetiň hem diňe zähmetiň netijesidigini salgy berýär.

 

Çeşme: dveimperii.ru; www.chinahighlights.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar