Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä futbolunyň rowaýaty şahsyýetleriniň terjimehaly “Belet film” hyzmatynyň tomaşaçylary üçin hödürlenýär

0
8003

Dünýäde ýüzlerçe million futbol janköýerleri bar. Ýöne futbola janköýerlik etmeýän beýleki adamlar hem Pele, Ronaldo, Messi we beýleki meşhur futbolçylaryň atlaryny gowy bilýärler. Topa kämil erk edýän bu şahsyýetleriň terjimehaly gyzykly hem-de dünýä futbolynyň taryhy bilen gönüden-göni baglanyşykly möhüm wakalardan doludyr. “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň “Belet Film” hyzmaty iň meşhur futbolçylara bagyşlanan birnäçe dokumental terjimehal filmleri tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirýär.

Maradona. Iňlis režissýory Asif Kapadýanyň 2019-njy ýylda surata düşüren filminde Diego Maradonanyň durmuşy — 80-nji ýyllarda “Napoli” toparynda çykyş etmegi, 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmagy we karýerasynyň soňuna çykan bikanun maddalar bilen baglanyşykly wakalar barada gürrüň berilýär. Filmde Maradonanyň ýaşlyk döwründen, onuň karýerasynyň gülläp ösen wagtlaryndan bäri bolup geçen özboluşly täzelikler bar. Režissýor Maradonanyň ajaýyp şöhratynyň ters tarapyna köp üns beripdir. Filmiň diňe bir futbol janköýerleri üçin däl-de, eýsem adaty tomaşaçylar üçin hem gyzykly boljakdygy şübhesizdir.

Pele. Bütin Ýer ýüzi “Pele” diýlip tanalýan Edson Arantis du Nasimentony diňe bir Braziliýanyň däl, eýsem dünýä futbolynyň hem rowaýaty şahsyýeti hasaplaýar. “Netflix-iň” režissýorlary Ben Nikolsyň we Deýwid Trihornyň dokumental filmi futbolçynyň terjimehalyna bagyşlanýar. Film şu ýylyň fewral aýynda tomaşaçylar köpçüligine ýetirildi. Onda Peleniň 1957-nji ýyldan 1970-nji ýyla çenli durmuşy we sportdaky karýerasy barada gürrüň berilýär. Filmiň esasy sýužeti Peleniň diňe bir brazil futboly üçin däl, eýsem Braziliýanyň halky üçinem ähmiýetini açyp görkezmekdir. Peleniň öz bellemegine görä, ol ýurdy üçin syýasatçylardan-da has köp işleri bitiripdir.

Ronaldo. 2015-nji ýyldaky film XXI asyryň iň meşhur futbolçylarynyň birine — portugaliýaly Kriştiano Ronaldo bagyşlanýar. Režissýor Entoni Wonk bu filmde futbolçynyň sport üstünliklerine däl-de, onuň sport karýerasynyň başlangyjyna we Ronaldonyň dünýä futbolynyň ýyldyzy hökmünde ösmegine, şeýle-de gündelik durmuşyna aýratyn ähmiýet beripdir. Film Ronaldonyň özi hem-de dostlary, şol sanda maşgala agzalary bilen geçirilen söhbetdeşliklerden ybarat. Futbolçy özi barada, maşgalasyna bolan garaýşy hem-de karýerasy, sport bilen bagly bolmadyk işleri barada köp zatlary gürrüň berýär.

Messi. Aleks de la Iglesiýanyň 2014-nji ýyldaky režissýorlyk eden dokumental filmi uzak wagtlap “Barselona” toparynda çykyş eden argentinaly ýyldyz futbolçy Lionel Messiniň çagalygyndan “Barselona” toparynyň oýunçysy bolanyndan soň, sport karýerasynyň meteoriki ýokarlanmagyna çenli dowam edýär. Messiniň keşbi bu ýerde onuň özi bilen geçirilen söhbetdeşlik böleklerinden däl-de, eýsem dostlarynyň we tanyşlarynyň gürrüňleri arkaly görkezilýär. Messiniň ajaýyp çykyşy ony Pele we Maradona bilen deňeşdireniňde häzirki zaman futbolynda bir rowaýaty adama öwürdi. Filmde “Barselona-nyň” tälimçisi Sezar Luis Menotti we topardaky beýleki futbolçylar onuň futbol meýdançasyndaky ajaýyp çykyşy barada belleýärler, şeýle-de filmde Messiniň gatnaşan oýunlaryndan täsirli pursatlar görkezilýär.

Bu filmleriň ählisini “Belet Film” onlaýn hyzmaty arkaly “Android” we “iOS” ulgamlary esasynda, şeýle hem onuň web görnüşinde görüp bilersiňiz. “Belet Film” hyzmatynyň filmlerini internete girmän hem göçürip alyp bolýar. Bu hyzmat “Türkmentelekom” EAK-yň abonent bölümlerinde ýa-da abonentiň şahsy hasabynda işjeňleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar