Soňky habarlar

Arhiw

Ýurdumyzyň mebel öndürijisinden ýokary hil nusgasy

0
22376

Öýleriň rahatlygy, göwnejaýlygy ony bezemekden, dürli görnüşli öý-goşlary hem-de ýakymly mebeller bilen üpjün etmekden başlanýar. Mebelleriň dürli otaglar üçin niýetlenen görnüşleriniň döwrebap stili öýüň binagärlik dizaýny bilen utgaşyp, wagtymyzy hoş geçirmäge, oňaýly dynç almaga mümkinçilik döredýär. Bu sazlaşykdan lezzet almak üçin bolsa milli mebel önümlerimiziň häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän amatly mebel görnüşleri bilen islendik wagt otaglarymyzy bezäp bilýäris.

Häzirki wagtda jemgyýetiň günsaýyn özgerýän talaplaryna kybap gelýän mebeller ýurdumyzyň ähli künjeginde öndürilip, olara uly isleg bildirilýär. Paýtagtymyzda öý-hojalyk, ofis hem-de beýleki maksatlar üçin niýetlenen ýokary hilli mebel önümleri “Aýşa” mebel dükany tarapyndan hem alyjylaryň dykgatyna hödürlenýär. Dükanda dürli ýerlerde peýdalanmak üçin zerur bolan, daşary ýurtlardan getirilen çig mallar esasynda taýýarlanan mebelleriň köp sanly döwrebap görnüşleri hem-de müşderileriň isleglerine laýyklykda ýasalýan önümler bar. Olardan diwan üçlüklerini, öýüň burçunda ýerleşdirmek üçin niýetlenen diwanlary, aşhana burçluklaryny, aşhana stol-stullaryny, ofis stollaryny, kreslolary we çagalaryň mebelleri ýaly önümleri belläp geçmek bolar. Mundan başga-da, dükana dürli ölçegdäki demir skameýkalary hem-de seýfleri, şol sanda ýatmak üçin niýetlenen mebel düşeklerini (matraslary) dürli ölçegde sargyt edip bolýar.

 

“Abraýly önüm” hususy kärhanasyna degişli bolan bu dükanyň kärhanasynda taýýarlanylýan mebel önümlerinde, hususan-da öý mebelleriniň oňaýly hem ýokary hilli görnüşleri bar. Türkiýe Respublikasyndan import edilýän ýasy agaç böleklerinden ýasalýan önümleriň ýokary hili öýlere uzak möhletde rahatlyk bermäge niýetlenendir. Şonuň ýaly-da, dükanyň kärhanasynda dünýä ülňülerine kybap gelýän mebel derileriniň ähli görnüşleriniň bolmagy alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Ony öýüň dizaýnyna, beýleki goşlarynyň reňk hem görnüş sazlaşygyna laýyklykda sargyt bilen gurnamak mümkindir. Kärhananyň önümleriniň tapawutly aýratynlygy bolsa sargytdan soň önümi tiz öndürýänligidir. Onuň kepilligi kärhana tarapyndan kesgitlenip, harydyň berkligine we uzak ýyllap hyzmat etjekdigine güwä geçýär.

 

“Aýşa” mebel dükanynda müşderilere ýetirilýän mebel we hojalyga degişli önümleri satyn almakda nagt we nagt däl, ýagny bank tölegleri arkaly hasaplaşyp bolýar. Şunuň bilen birlikde dükanda kredit hyzmaty hem hödürlenýär. Kredit hyzmatyna laýyklykda, dükandan karzyna satyn alynýan islendik harydyň tölegini 3 aý möhleti bilen bölekleýin geçirip bolýar. Bu mebel önümlerini Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynyň 26-njy jaýyndan ýa-da internet messenjerleri boýunça tapyp sargyt etmek mümkindir. “Aýşa” öý we ofis mebel dükanyna sargyt etmek üçin +99365 554761; +99364 026244; +99364 773538 telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar