Soňky habarlar

Arhiw

Saraý programma üpjünçiliginden petekleri yzyna tabşyrmagyň aýratynlyklary

0
54100

Uçar petegini satyn almak aňsat bolşy ýaly ony yzyna gaýtarmak hem kyn däl. Ýöne, petekleri onlaýn satyn almagyň usulynyň ýaýramagy olary yzyna gaýtarmagyň usulyny az hem bolsa kynlaşdyrdy. Petek onlaýn satyn alnandan soň öňküler ýaly ony kassa baryp tabşyryp, puluňy yzyna alyp bolmaýar.  

Ýurdumyzda “Saraý” programma üpjünçiliginiň üsti bilen uçar peteklerini onlaýn satyn almak uly meşhurlyga eýe boldy. Emma, kähalatlarda raýatlarymyz petekleri yzyna tabşyrmaga mejbur hem bolýarlar. Petekleri internet ulgamynyň üsti bilen yzyna gaýtarmagyň algoritmini seljereliň. 

Ilki bilen Saraý programma üpjünçiliginiň “Onlaýn petekler” bölümine girmeli we ol ýerde “Petekler” bölümini tapmaly. “Sargyt taryhy” (“Sargytlarym”) düwmejigine basyp petegi yzyna gaýtarmagy amala aşyrmak mümkin. 

“Biletler” düwmejigine basandan soňra ekranyň aşaky böleginde menýu çykýar we ol ýerde “Petegi gaýtarmak” düwmejigini basmak gerek. 

Soňra siziň ekranyňyzda petegi yzyna gaýtarmagyň düzgünleri bilen baglanşykly täze penjire açylyp, puluňyzy kartyňyza yzyna gaýtarmak amaly başlar. Telefon belgiňize petegiň gaýtarlandygy barada sms habary gelmegi bilen amal tamamlanar. 

Bellik: bir sargytda birnäçe petek alnan bolsa olary hem bir gezekde yzyna gaýtarmak mümkin. Eger-de alnan birnäçe petekden birini ýa-da ikisini gaýtarmak isleseňiz, onda Saraý programma üpjünçiliginiň operatorlaryna jaň etmegiňiz gerek. 

Uçýan wagtyňyzy üýtgetmeklik üçin bolsa dessine öňki petegiňizi yzyna gaýtaryp, täze petegi satyn almaly. 

Kähalatlarda petegi onlaýn yzyna gaýtarmak amalynyň ýerine ýetirilýän wagty “Bu petek yzyna gaýtarylyp bilinmeýär” habary hem gelip biler. Beýle habar uçuş ýatyrlan ýa-da uçuşyň wagtynyň üýtgän halatynda size gelýär. Beýle ýagdaýda Saraý programma üpjünçiliginiň tehniki goldaw toparyna ýüz tutmaly. Has takygy, petek nomeriňizi sarayapptm@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly ýa-da +99364012555; +99365868222; +99365849333 telefon belgilerine jaň etmeli. Operator siziň petek belgiňizi tassyklandan soňra, petegi yzyna gaýtarmak amalyňyz tamamlanar. 

Saraý programma üpjünçiliginiň üsti bilen çagalara petek satyn almak barada goşmaça maglumat

Uly adama petek onlaýn satyn alnanda ýaşy 5-den uly bolmadyk 2 ýa-da ondan köp çaganyň ady hem goşulýan bolsa, onda betegiň bahasy çagalar üçin aýratyn tafir bilen hasaplanýar. 

Eger-de Saraý programma üpjünçiligniň üsti bilen uly adama petek alnanda çaganyň ady görkezilmese, onda uçuşyň öňi syrasy howa menziliniň hünärmenleri siziň petegiňize düzediş girizerler. 

Saraý programma üpjünçiliginde petekler bilen onlaýn işleşmegiň aýratynlyklary

Uçar petegini satyn almak aňsat bolşy ýaly ony yzyna gaýtarmak hem kyn däl. Ýöne, petekleri onlaýn satyn almagyň usulynyň ýaýramagy olary yzyna gaýtarmagyň usulyny az hem bolsa kynlaşdyrdy. Petek onlaýn satyn alnandan soň öňküler ýaly ony kassa baryp tabşyryp, puluňy yzyna alyp bolmaýar.  

Ýurdumyzda “Saraý” programma üpjünçiliginiň üsti bilen uçar peteklerini onlaýn satyn almak uly meşhurlyga eýe boldy. Emma, kähalatlarda raýatlarymyz petekleri yzyna tabşyrmaga mejbur hem bolýarlar. Petekleri internet ulgamynyň üsti bilen yzyna gaýtarmagyň algoritmini seljereliň. 

Ilki bilen Saraý programma üpjünçiliginiň “Onlaýn petekler” bölümine girmeli we ol ýerde “Petekler” bölümini tapmaly. “Sargyt taryhy” (“Sargytlarym”) düwmejigine basyp petegi yzyna gaýtarmagy amala aşyrmak mümkin. 

“Biletler” düwmejigine basandan soňra ekranyň aşaky böleginde menýu çykýar we ol ýerde “Petegi gaýtarmak” düwmejigini basmak gerek. 

Soňra siziň ekranyňyzda petegi yzyna gaýtarmagyň düzgünleri bilen baglanşykly täze penjire açylyp, puluňyzy kartyňyza yzyna gaýtarmak amaly başlar. Telefon belgiňize petegiň gaýtarlandygy barada sms habary gelmegi bilen amal tamamlanar. 

Bellik: bir sargytda birnäçe petek alnan bolsa olary hem bir gezekde yzyna gaýtarmak mümkin. Eger-de alnan birnäçe petekden birini ýa-da ikisini gaýtarmak isleseňiz, onda Saraý programma üpjünçiliginiň operatorlaryna jaň etmegiňiz gerek. 

Uçýan wagtyňyzy üýtgetmeklik üçin bolsa dessine öňki petegiňizi yzyna gaýtaryp, täze petegi satyn almaly. 

Kähalatlarda petegi onlaýn yzyna gaýtarmak amalynyň ýerine ýetirilýän wagty “Bu petek yzyna gaýtarylyp bilinmeýär” habary hem gelip biler. Beýle habar uçuş ýatyrlan ýa-da uçuşyň wagtynyň üýtgän halatynda size gelýär. Beýle ýagdaýda Saraý programma üpjünçiliginiň tehniki goldaw toparyna ýüz tutmaly. Has takygy, petek nomeriňizi sarayapptm@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly ýa-da +99364012555; +99365868222; +99365849333 telefon belgilerine jaň etmeli. Operator siziň petek belgiňizi tassyklandan soňra, petegi yzyna gaýtarmak amalyňyz tamamlanar. 

Saraý programma üpjünçiliginiň üsti bilen çagalara petek satyn almak barada goşmaça maglumat

Uly adama petek onlaýn satyn alnanda ýaşy 5-den uly bolmadyk 2 ýa-da ondan köp çaganyň ady hem goşulýan bolsa, onda petegiň bahasy çagalar üçin aýratyn tarif bilen hasaplanýar. 

Eger-de Saraý programma üpjünçiligniň üsti bilen uly adama petek alnanda çaganyň ady görkezilmese, onda uçuşyň öňüsyrasy howa menziliniň hünärmenleri siziň petegiňize düzediş girizerler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar