Täze okuwçynyň mekdep esbaplaryny ir bilen taýýarlamak, ony geýindirmek aňsat däl. Emma, birinji synpa haýsy bilim we başarnyklar bilen gitmelidigi bolsa, kyn mesele bolup durýar.
Umumy bilim
Çaga özi barada maglumatlary aňsatlyk bilen eýerip, öz adyny we familiýasyny ýalňyşsyz aýdyp bilmeli. Eger birinji synp okuwçysy ene-atasynyň haýsy hem bolsa biriniň telefon belgisini we öý salgysyny bilýän bolsa, bu iň gowusy.
Sorag bermek we kömek soramakdan çekinmeli däl
Çagaňyz bilen ynamdar gatnaşyk guruň, ýagny çagaňyzyň size ynanmagyny gazanyň. Çagaňyz islendik ýagdaýda size kömek üçin ýüz tutup biljekdigini bilmeli. Bu örän möhüm başarnyk, sebäbi çagalar köp halatda, mekdepde düşünmedik mowzugyny täzeden düşündirmegi üçin mugallyma ýüzlenip bilmeýär. Gereksiz soraglaryň bolmaýandygyny we birek-birege kömek üçin ýüz tutmagyň adaty zatdygyny çaganyň bilmegi zerur.
Tankydy kabul edip bilmeklik
Çaga mekdepde diňe bir bäşlik bahalar we minnetdarlyk hatlar almaýar. Ol belliklere, şowsuzlyklara we erbet bahalara hem taýýar bolmaly. Tankyt kemsidiji bir hereket bolman, eýsem güýçleriňizi haýsy ugra gönükdirmelidigini we häzirki ýagdaýdan has gowy çykmak üçin nähili hereket etmelidigini görkezýär.
Öz pikiriňi we düşünişmezligi beýan etmek
Çaga gyzyklanma bildirýän mowzuklary babatynda düşünişmezlik ýüze çykan halatynda öz pikirini we närazylygny beýan etmäge hukuklydyr. Ilki bilen “men razylaşyp bilmeýärin”, “men başgaça pikir edýärin” we ş.m. sözlerini bilmeli. Ikinjiden, aýan hakykat bilen şahsy pikiriň arasyndaky tapawudy bilmeli: kähalatlarda razylaşmazlyk ýerlikli, kähalatda bolsa däl. Mysal üçin, “iki köpeltmek iki deňdir dört” bilen razylaşmazlyk mümkin däl. Iň soňkusy bolsa, sypaýylyk we hormat bilen beýan edilýän närazylygyň aňyrsynda şahsy islegiň we pikirlenmek ukybynyň bardygyna çaganyň düşünmegi zerurdyr.
Uýgunlaşmakda ýardam
Çaganyň ilkinji mekdebe gidýän döwri onuň üçin azda-kände kyn bolýar. Köp halatda okuwyň ilkinji günlerinde çagalar aglap, sapaklara gitmekden boýun gaçyrýarlar. Beýle ýagdaýlarda ene-atalar çagalarynyň daş-töweregi bilen öwrenişmegi üçin öz gujur-gaýratyny sarp etmeli:
- Mugallymlar bilen gürleşiň;
- Çagaňyzy beýleki çagalar bilen gürleşmäge höweslendiriň;
- Mekdepde çagaňyz bilen hoşlaşmazdan öň ony köşeşdiriň;
- Ony mekdepden mümkin boldugyndan ir alyp gaýdyň;
- Çaganyň gorkularyndan gutulmagyna kömek ediň;
- Gorkularynyň has ulalmazlygy üçin çaganyň özi bilen ol gorkularyň üstünden gülüň;
- Çagany howsala düşürýän ýagdaýlara üns beriň;
- Çagaňyz üçin amatly gün tertibini düzüň.
Okuwa höweslendirmek
Birinji synp okuwçysy baha almagyň däl-de, bilim almagyň esasy zatdygyny bilmeli. Okamaga bolan höwes baha almagyň üsti bilen döredilmeli däl. Çagadan nähili baha alandygyny soraman, eýsem nähili täze zatlar öwrenendigi barada soramaly. Öz ýalňyşlaryň üstünde işlemeklik, hemme adamlarda bolmadyk möhüm başarnykdyr.
Eger birinji synp okuwçysy bir işi başarmasa, howsala düşmeli däl. Esasy, çagada öwrenmäge höwes bolmaly. Ene-atanyň wezipesi – mekdebe gitjek çaga esasy başarnyklary ösdürmäge, täze zatlary öwrenmäge we dünýägaraýşy giňeltmäge islegiň döremegine kömek etmek. Siziň çagaňyz bilen gyzyklanmagyňyz onuň gowşak taraplaryny güýçlendirip, birinji synpa özüne ynamly we taýýar bolup gelmegine ýardam eder.